Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşa ABŞ-nyň Moskwa garşy gören çäresine raýdaşlyk bildirip, üç rus diplomatyny kowdy


Warşawa. Polşadaky rus ilçihanasy
Warşawa. Polşadaky rus ilçihanasy

ABŞ bilen raýdaşlyk çäresi hökmünde, Polşa üç rus diplomatynyň Warşawadaky ilçihanany terk etmegini buýurdy.

Polşanyň Daşary işler ministrligi 15-nji aprelde rus ilçihanasyndaky üç işgäriň diplomatik durumlarynyň çäginden çykyp, Polşa garşy zyýanly işler bilen meşgullanandygy üçin islenmeýän şahsyýet (personae non gratae) diýlip yglan edilendigini aýtdy.

Birleşen Ştatlar 15-nji aprelde saýlawlara gatyşmak, kiber hüjümleri we Moskwanyň beýleki "zyýanly" daşary ýurt hereketleri diýilýäne jogap hökmünde Russiýa garşy giň sanksiýalary yglan etdi.

Birleşen Ştatlar Moskwa garşy alnyp barylýan çäreleriň çäginde 10 sany rus diplomatynyň, şol sanda Russiýanyň aňtaw gullugynyň diplomatik hukuklary ulanýan wekilleriniň ýurtdan çykaryljakdygyny aýtdy.

Şeýle-de, Ak tam Russiýanyň Daşary aňtaw gullugyny (SVR) geçen ýyl ABŞ-nyň döwlet we hususy pudaklarynyň köpüsine, şol sanda ABŞ-nyň azyndan dokuz sany federal agentligine hyzmat edýän “SolarWinds” kompaniýasyna edilen köpçülikleýin hüjümiň arkasynda durmakda günäkärledi. Russiýa bu barada resmi taýdan bildirilen aýyplamalary ret etdi.

Polşanyň Daşary işler ministrligi “SolarWindse” edilen haker hüjümleriniň täsiriniň ABŞ-nyň çäginden çykyp, Ýewropa ýurtlaryna-da täsir ýetirendigini aýtdy. Russiýa bu çärä polýak diplomatlaryny ýurtdan çykarmak bilen jogap berjege meňzeýär.

XS
SM
MD
LG