Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jynazasyz ýas çäresi. Daşary ýurtlarda ýogalanlaryň ýas çäreleri köpelýär


Aşgabadyň metjidi (illýustrasiýa suraty)
Aşgabadyň metjidi (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda ýurduň daşynda ölen garyndaşlary we dostlary üçin ýas çäreleriniň geçirilmegi ýygjamlandy. Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylarynyň habar berşi ýaly, diňe Mary welaýatynyň bir etrabynda bir hepdäniň dowamynda daşary ýurtda ýogalan we jaýlanan dört adamyň hatyrasyna ýas çäreleri geçirilipdir.

Soňky bir hepdäniň dowamynda, Türkmenistanyň günorta sebitinde Mary etrabynyň obalarynda ýurduň daşynda ölen dört adamyň ýasy geçirildi, olaryň ikisi Mary etrabynyň "Ak Altyn" obasyndan. Azatlygyň ýerli habarçylarynyň aýtmagyna görä, olaryň hemmesi ýurduň daşynda zähmet çekip, Türkiýede ýogalypdyr.

Adata görä, merhumlaryň üçüsi, ýedisi we kyrky berilýär.

Habarçylar merhumyň maşgalalary üçin ýitgi azabyndan başga-da, ýakynlaryny jaýlap bilmezliginiň goşmaça uly gaýgy bolýandygyny habar berdiler.

Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly halkara uçuşlaryň ýatyrylmagy, şeýle-de öňki ýyllarda raýatlaryň ýurtdan çykmagyna girizilen dürli çäklendirmeler sebäpli türkmenistanlylaryň ençemesi ýurduň daşyna gidip gelmek mümkinçiliginden mahrum boldular.

Aýry mesele, ýurduň daşynda ýogalanlaryň watanyna getirilip, jaýlanmagyna mümkinçiligiň tas bolmazlygyna degişli.

11-nji aprelde Azatlyk Radiosyna ýurduň daşynda bilim alan ýaşlaryň arasynda birnäçesiniň ýogalmagyna degişli ýagdaýlar mälim boldy.

5-nji aprelde Adygeýanyň döwlet uniwersitetiniň talyby Mary welaýatyndan Orazmyrat Nurýagdyýewiň işlän ýerinde Soçidäki gurluşyk meýdançasynda bäşinji gatdan ýykylyp ýogalandygy mälim boldy. Onuň haýsy şertlerde bäşinji gatdan ýykylandygy entek belli däl. Dostlarynyň sözlerine görä, Orazmyrat Nurýagdyýew Maýkop şäheriniň Adygeýa respublikasynyň paýtagtyndaky musulman gonamçylygynda jaýlanypdyr. Orazmyradyň jaýlanyş çäresine iki müňe golaý adam barypdyr, emma olaryň arasynda uniwersitetdäki türkmen wekili we onuň kömekçileri görünmändir.

Ýene bir ýagdaý barada Türkiýede ýerleşýän Türkmenistanyň Ýaşlar hereketiniň aktiwisti Dursoltan Taganowa gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, 9-njy aprelde Orsýetiň Krasnodar regionynyň Armawir şäherinde bilim alan 1998-nji ýylda doglan daşoguzly Roza Babajanowa kesel zerarly aradan çykypdyr. Taganowanyň sözlerine göre, merhumyň ene-atasynyň gyzynyň jesedini öz ýurduna alyp gitmek synanyşyklary şowsuz bolupdyr, türkmen ilçihanasynyň wekilleri kömek etmekden ýüz öwüripdir. Roza Babajanowanyň watandaşlary özleri pul ýygnap, ony Armawirdäki musulman gonamçylygynda jaýlapdyr.

Azatlygyň habarçylary ozal türkmen migrantlarynyň Türkiýede ýogalyp, şol ýerde jaýlanandygy barada birnäçe gezek habar beripdi. Köp halatlarda merhumyň garyndaşlary jesedini gysga wagtda alyp bilmändigi üçin, ölen türkmen raýatlary Stambulyň hossarsyz adamlar üçin niýetlenen gonamçylygynda jaýlandy.

Köplenç Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary ölen raýatlaryň jesetlerini watanyna äkitmek üçin özlerine edilen ýüzlenmelerden boýun gaçyrýarlar.

Şeýle wakalaryň birinde Stambulyň gurluşyk meýdançasynda heläk bolan 1986-njy ýylda lebaply ýigidiň ene atasyna oglunyň ýogalmagyndan bir ýyl geçensoň onuň Türkiýede jaýlanan ýerini anyklap, 2018-nji ýylda mazaryna baryp gaýtmak miýesser etdi. Merhumyň zähmet rugsady bilen işleýän gurluşyk kompaniýasynyň heläkçilik barada dessine Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasyna habar berendigine garamazdan, türkmen resmileri tarapyndan ene-atalara wagtynda habar berilmändir, şonuň üçin türkmenistanly hossarsyz merhumlar üçin Stambuldaky gonamçylykda jaýlanypdyr.

2020-nji ýylyň mart aýynda Stambul gonamçylygynda birden onlarça türkmen raýaty jaýlandy. Ýasama arakdan köpçülikleýin zäherlenen 60-dan gowrak türkmen raýaty Stambulyň keselhanasyna düşdi we olaryň tas hemmesi ýogaldy. Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň wekilleri öz raýatlaryna ýogalanlaryň jesetlerini watanlaryna alyp gitmek üçin kömek bermekden ýüz öwürdiler, tersine, olaryň jaýlamagyna we ýasyna gatnaşanlara, hem-de öz watandaşlaryna kömek berenlere basyş etdiler. "Türkmenistanyň Hronikasy" neşriniň çap eden dokumentine görä, türkmen diplomatlary türk häkimiýetlerinden Türkmenistan raýatlarynyň gonamçylyklarda we ýas çärelerinde ýygnanmagynyň öňüni almagyny haýyş edipdirler.

Türkmenistanyň Türkiýedäki diplomatlary bu habarlary ne tassykladylar, ne-de ret etdiler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri, şol sanda daşary ýurtlardaky türkmen diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri we döwlet habar beriş serişdeleri türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlarda başdan geçirýän kynçylyklary, şol sanda ölüm ýagdaýlary we keselçilikleri barada resmi habar bermeýär.

Azatlygyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, soňky onýyllykda hasam ýaýbaňlanan zähmet migrasiýasynyň fonunda, köpler ýurduň daşyna çykansoň, diri ýa-da öli gaýdyp bilmejegine göz ýetirýärler. Emma muňa garamazdan, ýurtdaky durmuşyň agyrlaşmagy zerarly ilat arasynda daşary ýurtlara gitmek islegleri barha artýar. Habarçynyň belleýşi ýaly, köpler ýurtdan çykmak üçin halkara gatnawlaryň täzeden başlanmagyna garaşýarlar.

Türkmen häkimiýetleri ilatyň sany, migrasiýanyň möçberi, ölüm wakalary, şol sanda ýurduň daşynda ýogalýan raýatlaryň sany we beýleki zerur statistikany çap etmeýärler.

Türkmen hökümetindäki ygtybarly çeşmelere görä, 2019-njy ýylyň başyna çenli on ýylyň dowamynda 2 milliona golaý adam Türkmenistany terk edipdir.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG