Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

GDA Assambleýasynyň maslahatynda Türkmistanyň Orsýetdäki tussaghanalardan öz raýatlaryny äkitmeýändigi aýdyldy


Uçar biletini almak üçin nobata duran täjigistanlylar (illýustrasiýa suraty)
Uçar biletini almak üçin nobata duran täjigistanlylar (illýustrasiýa suraty)

Pandemiýa döwründe migrasiýa proseslerini düzgünleşdirmek meselesine GDA-nyň Mejlisara assambleýasynyň 52-nji maslahatynda seredildi. 15-16-njy aprelde Sankt-Peterburgda geçirilen duşuşyga GDA guramasynyň agzalarynyň köpüsiniň göni barandygy, käbirleriniň bolsa internet üsti bilen gatnaşandygy habar berilýär.

Orsýet mediasynyň maglumatlaryna görä, GDA-nyň Mejlisara assambleýasynda agza ýurtlaryň öz raýatlaryny watanyna äkitmek boýunça işlerine we bu borçlaryny ýerine ýetirişine aýratyn seredilipdir. GDA-nyň agza ýurtlarynyň köpüsiniň raýatlaryny yzyna gaýtarandygy aýdylýar.

Russiýanyň içeri işler ministriniň orunbasary Aleksandr Gorowoý maslahatda eden çykyşynda raýatlaryny guramaçylykly alyp gitmekde Özbegistana aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Şol bir wagtda-da, ol Türkmenistanyň Russiýadaky ýörite tussaghanalardan öz raýatlaryny äkitmek üçin ädim ätmändigini aýdyp, muny gynanç bilen belledi.

Türkmenistan daşary ýurtlarda galan raýatlaryny geçen ýylyň awgust aýynyň aýagynda uçarly watanyna eltip başlady. Şondan bäri ondan gowrak uçar gurady. Türkmen ýolbaşçylary ýurtda koronawirusyň ýokdugyny aýdýarlar.

GDA ýurtlarynyň wekilleriniň maslahatynda çykyş eden rus resmisi Gorowoý migrantlary Orsýetden çykarmak boýunça kanun goraýjy amallaryň ulanylmajakdygyny aýtdy, ýöne raýatlary çykarylmalydygy belledi. Şeýle-de ol GDA döwletleriniň migrant güýjüniň hasabyna umumy içerki önümçiliginiň dollarda 35% çemesi eme gelýändigini belledi we "biz zähmet güjüne bolan zerurlygy ýapýarys" diýdi.

Maslahata gatnaşanlar arassaçylyk we epidemiologiki çäklendirmeleriň GDA-nyň söwdasyny 10% azaldandygyny, zähmet migrantlaryna zyýan ýetirendigini, adamlaryň maddy serişdesiz, kanun taýdan goragsyz galandygy we watanyna dolanmak mümkinçiliginden mahrum bolandygyny gozgapdyr.

Maslahatda aýdylyşyna görä, Russiýa Federasiýasy öz giňişliginden çykyp bilmeýän daşary ýurtlularyň galmagy üçin 15-nji iýuna çenli wagt möhletini uzaldypdyr, işlemegi dowam etdirmek üçin iş rugsadyny beripdir we 653 müň adamy Russiýanyň raýatlygyna kabul edipdir.

Şeýle-de, maslahatda seredilen meseleleriň arasynda ilki bilen nusgalyk Migrasiýa kodeksine, GDA giňişliginde çagalaryň saglygyny, ruhy saglygy goramak, kliniki rekomendasiýalar, raýatlaryň özleri hakda digital maglumat almak hukugyny, maýa goýumlar baradaky prosesler barada habarly bolmak hukugyny üpjün etmek baradaky kanunlara garaldy.

GDA-nyň Assambleýasynyň Mejlisara maslahatynyň otuz ýyla golaý döwrüň dowamynda alty ýüzden gowrak resminama kabul edilipdi. Soňky maslahatda ýene alty dokument kabul edilipdir. Gurama on ýyl bäri Walentina Matwiýenko baştutanlyk edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG