Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Daşarda galan raýatlaryň ýene bir tapgyry getirildi, öňüni alyş çäreleri berjaý edilmezden ‘ýasama’ reportažlar düşürilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistana daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlarynyň nobatdaky tapgyry getirilip, olar ýurduň Türkmenabatdaky esasy karantin zolagyna ýerleşdirildi. Aşgabatda ýaşy 60-dan geçen raýatlara, ýurduň özünde resmi taýdan hasaba alynmadyk, hytaý waksinasy sanjym ediýär. Bu aralykda, Türkmenistanyň Saglyk ministrliginiň sosial aralygy saklamak we ýüz maskalaryny dakynmak baradaky duýduryşyna garamazdan, Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda, bu talaplar berjaý edilmezden, türkmen tw-si üçin baýramçylyk reportažlary düşürilýär. Türkmen häkimiýetleri ýurtda ölüm howply COVID-19 ýokunjynyň ýeke ýagdaýyny heniz hem hasaba almadylar.

17-nji martda Täjigistandan Türkmenistana ýörite gurnalan uçar bilen 175 türkmen raýaty getirildi we olar şol wagtyň özünde üç hepde möhlet bilen Türkmenabatdaky karantin zolagyna ýerleşdirildi. Azatlygyň sebitdäki saglyk pudagyndaky çeşmesiniň maglumatyna görä, getirilen raýatlaryň arasynda dürli ýaşdaky adamlar, şol sanda studentler, çagaly eneler hem bar.

Azatlygyň ýerli habarçysy bilen söhbetdeş bolan çeşmäniň sözlerine görä, uçar biletleri daşary ýurtlardan getirilýän raýatlaryň öz hasabyna satyn aldyryldy.

“Resmiler ilki Täjigistandan getirilmeli raýatlaryň hossarlaryna Türkmenabadyň aeroportunyň kassalarynda öz hasaplaryna bilet satyn aldyrtdylar. Olar uçara münmeli raýatlaryň adyna, elektron petek hökmünde hasaba alyndy. Häzir daşary ýurtlardan ýene raýatlaryň getirilmegine garaşylýar. Olar hem biletleriň pullaryny özleri tölemeli bolarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlyk şertinde söhbetdeş bolan çeşme belledi.

Azatlygyň ozal-da habar berişi ýaly, türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlardan raýatlaryny yzna getirmek planlarynyň çäginde, Türkmenabatdaky karantin zolaklarynyň gerimini giňeldipdi.

Bu aralykda, Türkmenistanda ilatyň COVID-19 keseline garşy waksinasiýasy dowam etdirilýär.

“Anna güni paýtagtyň ýerli poliklinikasyndan jaň etdiler we koronawirusa garşy waksina sanjymy üçin aprelde ýazga durmagy teklip etdiler. Anyk haýsy waksinanyň uruljakdygyny soranymda, saglyk resmisi ilki jogap bermekden ýüz öwürse-de, soňra hytaý waksinasynyň sanjym ediljekdigini mälim etdi” diýip, 60 ýaşlarynyň ortasyndaky pensionerleriň biri 19-njy martda Aşgabatdaky habarçymyza gürrüň berdi.

Ýatlatsak, ýanwarda Türkmenistan birbada iki sany rus waksinasyny resmi hasaba aldy, şeýle-de Bütindünýä Saglyk Guramasy tarapyndan maslahat berilýän beýleki daşary ýurt waksinalaryny we dermanlaryny öwrenmek hem hasaba almak planlaryny yglan etdi. Emma türkmen häkimiýetleri ýurda martyň başynda gelendigi belli bolan hytaý waksinalaryny resmi hasaba alnandygyny we ulanylýandygyny mälim etmedi.

Habarçymyz häzir paýtagtyň beýleki saglyk nokatlarynda hem esasan ýaşy 60-dan geçen raýatlara waksina sanjymlarynyň urulýandygyny belleýär. Onuň sözlerine görä, waksinasiýa ara 20 gün salnyp, iki tapgyrda alnyp barylýar, şeýle-de sanjymyň öňýany raýatyň gan basyşy we öýkeniniň göwrümi öwrenilýär.

Türkmenistan koronawirusyň tutuş dünýäde pandemiýa diýlip yglan edilmeginden bäri bir ýyl çemesi wagtyň geçendigine, şeýle-de ýurduň içinden bu ýokunja ýolugýanlar we ondan heläk bolýanlar barada syzyp çykýan maglumatlara garamazdan, häzirki güne çenli COVID-19-yň ýeke ýagdaýyny hem resmi taýdan hasaba almady.

Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri "ýokanç keselleriň öňüni almak" diýen düşündiriş bilen ýurtda dürli çäklendirmeleri, maska režimini girizdi. Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi hem raýatlaryň sosial aralygy saklamagy we gorag maskalaryny dakynmagy barada duýduryş çap etdi.

Emma ölüm howply wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin girizilen bu talaplaryň döwlet mediasy üçin düşürilýän propoganda äheňli reportažlaryny öz içine almaýandygyna çalym edýär.

Azatlygyň Marydaky habarçylarynyň berýän maglumatyna görä, bu günler 21-nji martda bellenilýän Nowruz baýramyna gabatlanyp, hiç hili öňüni alyş çäreleri berjaý edilmezden, raýatlar, şol sanda býujet işgärleri tele-reportažlarda wideo düşmäge mejbur edilýär.

“Marynyň Oguzhan etrabynyň çölünde Nowruz baýramynda telewideniýede görkezmek üçin ýasama baýramçylygy gurnadylar. Muňa Ýolöten, Türkmengala, Murgap, Oguzhan etraplaryndan ýüze golaý adam, şol sanda falklýor toparlary, çagalar we býujet işgärleri mejbury gatnaşdyryldy. Çölüň içinde ir sagat 8-den ikindin sagat 18-e çenli aýak üstünde durduk. Bular ýaly wakalarda adatçy bolşy ýaly, ne iýmit bilen üpjün edildi, ne-de zerur hajatlar üçin mümkinçilikler ýola goýuldy. Göz üçin gazan ataran boldular, emma hatda çagalara hem dadymlyk hiç zat bermediler” diýip, efirde adynyň Aşyr (ady üýtgedilen – red.) diýlip tutulmagyny soran bu çärä mejbury gatnaşdyrylanlaryň biri 18-nji martda habarçymyza gürrüň etdi.

Aşyr çärä gitmekden ýüz öwürýänlere edaralarynda düşündiriş ýazdyrylýandygyny, şeýle-de iş ýerinden kowmak bilen haýbat atylýandygyny belledi. Ol çäräniň dowamynda, adamlaryň arasynda sosial aralygyň berjaý edilmändigini, şeýle-de hiç kimden gorag maskasyny dakynmak barada talap edilmändigini sözüne goşdy. Ýogsa, mundan ozalky maglumatlarda polisiýanyň köçelerde maskasyz adamlary saklap, olara jerime töletdirýändigi bellenipdi.

Türkmenistan özünde hiç bir koronawirus ýokuşmasyny resmi taýdan hasaba almady. Emma syzyp çykýan maglumatlar soňky bir ýylda ýurtda ölüm hadysalarynyň adaty ýyllardakydan has gürelendigini, hassahanalarda ýogalanlaryň jesetleriniň plastik haltalarda, açmasyzlyk şerti bilen berilýän halatlarynyň az däldigini görkezýär.

Şol bir wagtda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow fewralyň aýagynda eden çykyşynda, hiç hili goşmaça jikme-jik maglumatlary getirmezden, COVID-19-yň Türkmenistanyň halkyna hem “garaşylmadyk, örän çylşyrymly ýagdaýlary ýüze çykarandygyny” boýun alypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG