Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnyý saglyk aladalary sebäpli türme hassahanasyna göçürildi


Alekseý Nawalnyý Moskwanyň Babuşkinskiý sudunda, 20-nji fewral, 2021
Alekseý Nawalnyý Moskwanyň Babuşkinskiý sudunda, 20-nji fewral, 2021

Russiýanyň türme gullugy 20 gün bäri açlyk çekýän oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň saglyk ýagdaýynyň çalt ýaramazlaşýandygy baradaky aladalaryň artýan wagtynda onuň häzirki tussaghanasynyň golaýyndaky düzediş edarasyndaky keselhana geçiriljekdigini aýdýar.

"Häzirki wagtda A.Nawalnynyň saglyk ýagdaýyna kanagatly baha berilýär, her gün terapewt lukman tarapyndan barlanýar. Näsagyň razylygy bilen oňa witamin bejergisi ýazyldy" -diýip, Russiýanyň Wladimir sebiti boýunça Federal jeza beriji edarasy 19-njy aprelde habar berdi.

Dynç gününiň öňýany Nawalnynyň şahsy lukmany we beýleki üç lukman, şol sanda kardiolog Russiýanyň Federal Jeza beriji guramasyna iberen hatynda 44 ýaşly adamyň ýanyna barmaga rugsat soradylar we onuň ýüreginiň her pursatda durup biljekdigini duýdurdylar.

Nawalnynyň metbugat sekretary Kira Ýarmyş himiki nerw serişdesi bilen zäherlemek hüjümden soň agyr syrkawlan Kreml tankytçysynyň gyssagly çäresiz "birnäçe günüň içinde" ölüp biljekdigini duýdurdy.

XS
SM
MD
LG