Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanyň metbugat azatlygyna pes baha berildi


Illýustrasiýa suraty

Düýbi Parižde ýerleşýän media azatlygyna gözegçilik edýän “Serhetsiz Reportýorlar” (RSF) guramasynyň “Metbugat Azatlygy Indeksi” hasabatynyň nobatdaky sanynda Türkmenistan ýene-de iň yzky orunlarda, 180 ýurduň arasyndan 178-nji orunda ýerleşdirildi.

20-nji aprelde ýaýradylan hasabatda Türkmenistana media azatlygynyň indeksi boýunça 80,03 bal berlip, ol sanawda Eritreýadan (81,45) we Demirgazyk Koreýadan (81,28) soň yzdan üçünji boldy. Bellesek, Türkmenistan geçen ýylky hasabatdaky görkezijiden bir orun ýokary galypdyr.

Hasabatda beýleki Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndan metbugat azatlygy boýunça iň gowy netije görkezen Gyrgyzystan (30,37) bolup, ol 79-njy orunda ýer aldy. Galyberse-de, RSF Gazagystany (50,28) 155-nji, Özbegistany (50,74) 157-nji we Täjigistany (55,52) 162-nji orunlarda ýerleşdirdi.

Bellesek, “Metbugat Azatlygy Indeksi” hasabatynyň nobatdaky sanynda Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary sanawyň iň aşaky orunlarynda ýerleşdirildi. Muňa şol sanda Belarusdaky protestleri beýan eden žurnalistlere görlüp-eşidilmedik derejede basyşyň edilmegi we Daglyk-Garabagdaky söweş hereketleri barada maglumatlaryň çäklendirilmegi sebäp boldy.

RSF-iň bellemegine görä, Russiýadaky metbugat azatlygyna garşy çäreleriň özgermegi geljekde regiondaky media azatlygyna hem uly wehim salýar. Gurama Russiýada “garaşsyz žurnalistlere we media garşy has-da uly repressiýalary amal etmek boýunça syýasy modeliň emele gelip başlandygyny” belleýär.

Rus polisiýasy Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnynyň goldawyna geçirilen protestleriň dowamynda žurnalistleriň işini böwetlemek boýunça, öň görlüp-eşidilmedik derejedäki, giň we sistematiki basyşlary etdi, diýip “Serhetsiz Reportýorlar” belledi.

Hasabatda Russiýa 180 ýurduň arasyndan 150-nji orunda ýerleşdirildi.

RSF Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada maglumatlary çäklendirmek boýunça dürli derejede ymtylmalaryň bolandygyny hem nygtaýar.

“Russiýanyň modeline eýerip, beýleki hökümetler hem COVID-19 baradaky ýalan maglumatlar bilen göreşi bahana edip, media azatlygyny has hem çäklendirmek boýunça esaslary döretdiler” diýip, RSF belledi.

“Metbugat Azatlygy Indeksi” hasabatynda ilkinji bäş orunda Norwegiýa (6,72), Finlýandiýa (6,99), Şwesiýa (7,24), Daniýa (8,57) we Kosta Rika (8,76) ýerleşdirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG