Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilat nobatlara girizilen gadaganlygy äsgermezlik edýär, polisiýadan boýun bolmadyklary saklamak talap edilýär


Azyk dükanyndaky nobat. Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň häkimiýetleri ilaty zerur azyk önümleri bilen üpjün etmek meselesini çözmeýär, ýöne ilata görkezýän basyşyny güýçlendirýär we dükanlarda nobatlaryň döremeginiň öňüni almaga synanyşýar. Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň soňky maglumatlaryna görä, dükanlaryň öňünde nobatda duranlar tussag edilip başlanypdyr.

Aşgabatda adamlar azyk dükanlarynda nobata duranlygy üçin ýygy-ýygydan saklanýarlar. Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, polisiýa dükanlaryň golaýynda ýygnanýan raýatlary 15 güne çenli tussag etmek buýurylypdyr, köplenç saklanýanlar administratiw jogapkärçiligine çekilýär we sosial aralygy bozandygy üçin jerimä sezewar bolýar.

Bu habarlar azyk krizisiniň güýçlenýän wagtynda, şeýle hem dükanlarda mähelläniň üýşmeginiň öňüni almaga synanyşýan häkimiýetlere ilatyň boýun bolmazlygynyň dowamynda gelýär.

22-nji aprelde Aşgabatdaky habarçylaryň ýollan wideo ýazgylarynda döwlet dükanlarynyň daşynda azyndan onlarça adamyň günortan howly tarapda azyk önümleriniň satylmagyna garaşyp oturandygyny görüp bolýar. Bular esasan aýallar, käbirleriň ýanynda çagalary bar. Wideodaky adamlaryň özara gürrüňdeşliginden mälim bolşy ýaly günortanlyk arakesmäniň ýakynlamagyna garamazdan, azyk önümleri henizem satuwa çykarylmandyr. Azatlyk Radiosy öz habarçylarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen bu wideolary çap etmekden we dükanlaryň nomerlerini agzamakdan saklanýar.

Soňky hepdelerde paýtagtdaky döwlet dükanlarynda azyk önümleri öňküsinden hem seýrek satyldy. Muňa garamazdan, adamlar ýary gijeden nobata durýarlar we azyk önümleriniň satylyp başlanmagyna birnäçe sagatlap garaşýarlar. Adamlar çörek, un, ösümlik ýagy, käwagt şeker we ýumurtga ýaly önümleri almak umydy bilen dükanlara barýarlar. Hususy dükanlardaky bahalaryň gitdigiçe gymmatlaýan wagtynda ilatyň uly böleginiň döwletiň kesgitlän nyrhyndan satylýan subsidirlenen harytlara mätäçligi artýar.

22-nji aprelde Azatlygyň habarçysy birnäçe sagatlap nobatda garaşyp duransoň paýtagtyň dükanlarynyň birinde ösümlik ýagynyň iki gabyny satyn alyp bildi, onuň gapdalynda gazly içgiler goşulyp satyldy.

Habarçylar soňky günlerde azyk satylýan ýerleri gözlemekden we nobatda durmakdan halys bolan raýatlaryň polisiýa işgärleriniň dargamak buýruklaryna köp üns bermeýändiklerini we dükanlarda ýygnanmagyny dowam etdirýändiklerini bellediler. Käbir ýagdaýlarda kowulan alyjylar dükanlardan biraz daşrak ýere baryp, şol ýerde ýygnanyp garaşyp durýarlar.

Bu aralykda, ilaty gorkuzmak üçin polisiýa işgärleri tussag etmek usulyny ulanýarlar we saklanan adamlary, sol sanda zenanlary polisiýa bölümine alyp barýarlar.

Bu wakalaryň birinde 22-nji aprelde Bagtyýarlyk etrabyndaky dükanyň öňünde nobatda duran iki aýal saklandy. Habarçy tussag edilen aýallaryň ilkinji gezek düşündiriş ýazansoň boşadylandygyny anyklady. Mundan başga-da, polisiýa bölüminde aýallardan nobatda duran galan raýatlaryň ýanyna baryp, "polisiýadan mundan beýläk geçirimlilik bolmaz" diýip habar bermeklerini talap edipdir.

Mundan başga-da, žurnalistleriň aýtmagyna görä, polisiýa işgärleri dükana jaň edip, bu aýallara subsidirlenen önümleri satmagy tabşyrypdyr, muňa derek saklanan zenanlar nobata duran adamlara polisiýa işgärleriniň talaplaryny äsgermezlik edýän adamlar babatynda berk görjek çäreleri barada habar bermäge borçly edilipdir.

Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna dükanyň ýerleşýän ýeri, nomeri, bu waka gatnaşan adamlaryň atlary mälim bolsa, biz olaryň howpsuzlygyny goramak maksatly bu maglumatlary agzamakdan saklanýarys.

Ilatyň köpçüligi döwlet dükanlaryndan pes bahadan azyk önümlerini satyn almak arkaly öz azyk üpjünçiligini berjaý edýärler. Şol sebäpli dükanlarda nobatlar saklanyp galýar.

Şol bir wagtyň özünde, dükan işgärleri-de häkimiýetleriň nobatlary ýok etmek boýunça çärelerine çekilýärler. Käbir dükanlaryň satyjylary nobatda garaşyp duran adamlary gadagançylyk barada duýduryp, kowmaga gyssanýarlar, beýlekiler bolsa, adamlaryň ýygnanmazlygy üçin olaryň telefon nomerlerini ýazyp alýarlar we önümler satuwa çykarylanda jaň etmegi wada berýärler. Iki ýagdaýda-da satyjylaryň maksady alyjylaryň dükanlaryň gapysynda hatara durmazlygyny üpjün etmekden ybarat.

Türkmen resmileri ýurtda dowam edýän azyk krizisini çözmäge howlukmaýarlar, üstesine ilatyň nobatda durmagynyň gadagançylygy we adamlaryň munuň üçin jezalandyrylmagy barada resmi taýdan habar we düşündiriş bermeýärler.

Azatlygyň ygtybarly çeşmelerine görä, nobatlarda duran adamlaryň saklanmagy kanun goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň dükanlaryň golaýyndaky üýşmeleňleriň öňüni almak barada beren buýrugyndan soň başlanypdyr. Buýrugy ýerine ýetirmedik halatynda polisiýa işgärlerine işden aýrylmak haýbaty atylypdyr.

Azatlygyň anonim çeşmesi sebäpleriň biriniň häkimiýetleriň köpçüligiň ýygnanyp, ýurtdaky ýagdaýdan nägilelik bildirmeginiň we ýolbaşçylaryň syýasatyny ara alyp maslahatlaşmazlygynyň öňüni almak synanyşygy bilen baglydygyny aýdýar.

Häkimiýetleriň nobatlaryň döremegine garşy alyp barýan işleriniň häzir güýçlenmegi, prezidentiň ogly we hökümet baştutanynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň, Söwda ministrliginiň ýolbaşçysyndan eden talabyndan soň başlandy.

Çeşmeleriň habaryna görä, prezidentiň ogly azyk nobatlarynyň prezidentiň abraýyny zaýalaýandygyny aýdyp, dükanlaryň töweregindäki ýagdaýa ýakyndan gözegçilik etmegi we nobatlaryň ýygnanmazlygy üçin çäre görmegi tabşyrypdyr.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG