Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: azyk önümleri esli gymmatlady, çörek gyt, ilata ajy we ýakymsyz ysly un satylýar


Ýapyk duran azyk dükany, Aşgabat, 2020-nji ýylyň fewral aýy
Ýapyk duran azyk dükany, Aşgabat, 2020-nji ýylyň fewral aýy

Türkmenistanda azyk ýetmezçiligi we azyk önümleriniň bahasynyň düýpgöter ýokarlanmagy has güýçlendi. Nyrhlaryň ýokarlanmagy hususy we döwlet dükanlaryndaky ähli azyk görnüşlerine täsir etdi. Bu aralykda, hökümet azyk krizisiniň agyrlaşmagy barada dil ýarmaýar, ilatyň arasynda bolsa, barha howsala artýar.

Aşgabatdaky we Türkmenistanyň welaýatlaryndaky habarçylarymyzyň habar bermegine görä, ilat howsala düşýär, adamlar ähli önümleriň bahasynyň düýpgöter ýokarlanmagy barada biri-birine jaň edip, habar alyşýarlar.

Aşgabatdaky habarçymyzyň sözlerine görä, "Paýtagt" söwda merkezinde irden günebakar ýagy we çäkli möçberde bolsa-da towuk butlary gapdalyndan tüwi goşulyp satylýardy, emma 6-njy aprelde bu dükan boşdy, holodilnikleriň içinde hem zat ýokdy, hatda gymmatbahadan satylýan ösümlik ýagy hem bolmandyr, döwlet bahasyndan satylýan söwda nokatlaryndaky harytlar hem satylyp gutarypdyr hem her ýerde azyk üstünde dawa-jenjel bolupdyr.

öň köp adam biri-birinden çörek sorap alýan bolsa, indi bu däp galdy, sebäbi köpleriň hatda özleri üçinem iýere çöregi ýok. Köpüsi her maşgala agzasy üçin gündelik çörek paýyny bölüp bermeli bolýarlar. 

Aşgabatda döwlet dükanlarynda un ýok, çörek gyt. Hususy söwda nokatlarynda iýmitiň ähli görnüşleriniň bahalary ýokarlandy. Içimlik suw 25% gymmatlady.

Daşoguzda käbir önümleriň bahasy iki esse ýokarlandy. Tüwiniň bahasy bir kilogramy 6 manatdan 12 manada çykdy, ýokary hilli tüwi bir kilogramy 10 manatdan 20 manata çenli ýokarlandy. 36-37 manatlyk günebakar ýagynyň bir litrlik gaby 40-45 manata ýetdi.

Mary welaýatynyň etrap dükanlarynda esasy azyk önümlerini ilata çäkli möçberde döwlet tarapyndan kesgitlenen ýeňillikli bahadan satýan döwlet dükanlarynda unuň bahasy iki esse ýokarlandy. Bir kilogram un 2 manata satyldy. Unuň hili gaty pes we hapa. Muňa garamazdan, köpler una birnäçe aý garaşansoň, satylyp başlanyna gaty begendiler.

"Türkmengalanyň Kemine obasyndaky adamlar una garaşyp, ahyrsoňy satylyp başlanyna gaty begendiler. Emma, gynansak-da, ol undan çörek bişirmek mümkin däl. Eleseň içinden hapa çykýar, üstesine-de, unuň ýakymsyz ysy we ajy tagamy bar "- diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlyga gürrüň berdi we köpleriň bu uny mala iým üçin ulanmaly bolandygyny aýtdy.

Habarçynyň sözlerine görä, öň köp adam biri-birinden çörek sorap alýan bolsa, indi bu däp galdy, sebäbi köpleriň hatda özleri üçinem iýere çöregi ýok. Köpüsi her maşgala agzasy üçin gündelik çörek paýyny bölüp bermeli bolýarlar.

Oba dükanlarynda çörek we un düýpden satylmaýar diýen ýaly. Bazarda 50 kilogram ýokary hilli un 700 manada, 1-nji sort 560 manada, 2-nji sort 500 manada durýar.

Azyk önümleriniň bahasynyň düýpgöter ýokarlanmagynyň we ilatyň arasynda howsalalaryň artmagynyň fonunda häkimiýetler krizisi ykrar etmeýärler. Ýurduň ýolbaşçylary, welaýat resmileri we döwlet habar beriş serişdeleri ýurtda bolup geçýän ýagdaýlar barada aç-açan maglumat bermeýärler.

Şol bir wagtyň özünde, häkimiýetler azyk ýetmezçiliginiň agyrlaşmagyna reaksiýa bildirip, ilata täze talaplary girizmek, hususan-da ýurduň ýaşaýjylaryndan döwlet dükanlarynda azyk paýyny satyn almak üçin talap edilýän resminamalary almagy kynlaşdyrdylar.

Lebap welaýatyndaky habarçynyň sözlerine görä, aprel aýynyň başyndan başlap, öý dolandyryş edaralarynda döwlet dükanlaryndan azyk önümlerini satyn almak üçin talap edilýän sprawka nobatlary we talaplary artypdyr. Nobatlar ýüzlerçe adama ýetýär, resminama almak üçin her kimiň nobaty ýetmeýär, şonuň üçin ertesi gün gelip, zerur kagyzy almak umydy bilen adamlar sanaw düzýärler we ýazylýarlar. Indi maşgala düzümi barada şahadatnama almak üçin pasportyň nusgasy ýeterlik däl. Her maşgala agzasynyň asyl pasporty görkezilmese, beriljek iýmitiň möçberi ep-esli azalýar.

"Maşgala agzalarynyň köpüsi daşary ýurtlarda işleýär, käbirleri ýurduň içinde, ýöne birnäçe hepdelik wahta boýunça işleýär. Şeýlelikde, adamlar pasportlaryny ýany bilen äkidýär. Bu bolsa, maşgalanyň döwlet dükanyndan bir aýda satyn alyp biljek ýagynyň ýa-da ununyň möçberini azaldýar"- diýip, Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Geçmişde azyk ýetmezçiligi güýçlenende, ýurduň häkimiýetleri nobatlary dargatmak, döwlet işgärleriniň nobata durmagyny gadagan etmek we azyk önümlerini gije satmak ýaly çäreleri görýärdi. Adamlar dükanlaryň howlusynda ýoldan görünmez ýaly ýerde nobata durýardylar, azyk önümleri polisiýanyň gözegçiligi astynda satyldy.

"Häkimiýetler adamlaryň döwlet dükanlaryndan azyk satyn almagynyň öňünde dürli böwetleri döredýärler. Talaplary yzygiderli üýtgetmek, täze resminamalary girizmek, bahalary ýokarlandyrmak bilen çemeleşýärler. Ýöne adamlar henizem resminama almaly we döwlet dükanlaryna gitmeli bolýarlar, sebäbi köpüsi bazardan azyk satyn alyp bilmeýärler "- diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Türkmenistanda bahalaryň ýokarlanmagy waksinasiýa-da täsir etdi. Azatlygyň habarçylary ýurtda waksinasiýa giňelýärkä, sanjymy öz hasabyna satyn alyp bolýandygyny aýdýar. Indi Aşgabatda mugallymlara we garrylara sanjym etmek üçin hytaý waksinasy köpçülikleýin ulanylýarka, isleýänler ýurtda hasaba alnan "Sputnik V" rus waksinasyny iki dozasy üçin 1000 manat bahasyndan satyn alyp bilýärler.

Bu aralykda, gara bazarda amerikan dollarynyň hümmetiniň ösüşi saklandy. Şenbe güni Aşgabatda rekord derejesine 40 manada ýeten dollar, duşenbe güni 35 manata çenli aşaklady. Sişenbe güni, 6-njy aprelde Aşgabatda 1 amerikan dollary 36.2 -36.5 manat aralygynda satyn alyndy.

Ýurduň häkimiýetleri, Merkezi Bankyň 1 ABŞ dollaryna 3,5 manat derejesindäki resmi kursuny üýtgewsiz saklanýan wagtynda, gara bazardaky walýutanyň bahasynyň ondan gowrak esse ýokarlanmagy we bahalaryň galmagy barada resmi düşündiriş bermeýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG