Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler çörek öndürýän kiçi telekeçileriň işini togtadýar 


Illýustrasiýa suraty. Türkmenabatda bir çörek kärhanasynyň dükany.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenabatda bir çörek kärhanasynyň dükany.

Türkmenistanda ilatyň un we çörek üpjünçiligi bilen bagly problemalary dowam edýän wagty, Lebapda we Aşgabatda häkimiýetler çörek önümçiligi bilen meşgullanýan kiçi telekeçileriň işini togtadýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 9-njy aprelde Lebabyň administratiw merkezi Türkmenabatda we Çärjew hem-de Farap etraplarynda çörek önümçiligi bilen meşgullanýan telekeçileriň işiniň polisiýa tarapyndan togtadylandygyny habar berýär.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, telekeçileriň çörek sehleriniň gaz liniýalary kesildi we hususy çörek satýan adamlar sebitiň daýhan bazarlaryndan çykarylýar. Habarçy hususy çörek sehleriniň nyşana alynýandygyny, olaryň arasynda unlary döwlet haýryna geçirilen telekeçileriň hem bardygyny aýtdy.

Habarçy çörek önümçiligi bilen meşgullanýan faraply bir telekeçiniň unlarynyň polisiýa tarapyndan döwletiň hasabyna geçirilendigini aýtdy.

Azatlyk Radiosy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli telekeçiniň adyny aýan etmekden saklanýar.

Häkimiýetler bu çärelerini çörek sehlerinde ýangyn howpsuzlygynyň berjaý edilmezligi bilen düşündirýärler.

Çörek sehleri häkimiýetler tarapyndan nyşana alynýan mahaly, habarçy Lebapda ýerli ýaşaýjylaryň un paýoklarynyň berilmeýändigini aýdýar.

Bu aralykda, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiriniň habaryna görä, Aşgabadyň häkimligi paýtagtda çörek we konditer önümleriniň önümçiligi bilen meşgullanýan kiçi telekçileriň öz işlerini togtatmagyny talap edýär.

Emeldarlar döwlet dükanlaryna iberilýän unlaryň telekeçiler tarapyndan satyn alynýandygyny güman edýär.

Şeýle-de, neşir bir kilogramy 2,5 manatdan satylýan ýokary hilli ýerli unuň paýtagtyň döwlet dükanlaryna seýrek getirilýändigini habar berýär. Ýerli un hususy söwda nokatlarynda 1 kilogramy 8 manatdan satylýar.

9-njy aprelde geçirilen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli söwda resmilerine söwda pudagynda “her gün emele gelen ýagdaýa baha berip durmagy” tabşyrdy.

“Zerur bolanda, durmuşda has gerekli önümleriň, şol sanda azyk önümleriniň ýeterlik gorlaryny döretmek üçin goşmaça goldaw çärelerini görmek wajypdyr” diýip, TDH döwlet baştutanyny sitirleýär. Ýöne “goşmaça çäreler” diýilýänler döwlet mediasynda jikme-jik agzalmady.

Galyberse-de, döwlet baştutany hökümet mejlisinde eden çykyşynda “Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli kärhanalaryň işine gözegçilik etmegiň zerurdygyny” aýtdy.

Lebapda we Aşgabatda çörek önümçiligi bilen meşgullanýan kiçi telekeçileriň häkimiýetler tarapyndan nyşana alynmagy prezidentiň hususy kärhanalaryň işine gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýdýan wagtlaryna gabat gelýär.

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde çörek we un üpjünçiligi bilen bagly problemalar ýitileşýär.

Apreliň başlarynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebap welaýatynyň Farap we Çärjew etraplarynyň döwlet dükanlarynda bir aý bäri paýok unlarynyň berilmeýändigini, hususy söwda nokatlarynda çöregiň bahasynyň 10-13 manada çykandygyny habar berdiler.

Martyň ahyrlarynda çörek ýetmezçiligi Mary welaýatynda-da ýitileşdi. Welaýat ýaşaýjylarynyň ençemesi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde eýýäm üç hepde bäri döwlet dükanlarynda kesgitli bahadan satylýan arzan çöregiň satylmaýandygyny gürrüň berdiler.

Türkmen hökümeti geçen ýylyň bugdaý hasylyndan döwlet plan borçnamasy esasynda 1 million 400 müň tonna töweregi bugdaý hasylynyň ýygnalandygyny yglan etdi.

Ýöne hasyl döwründen öň we soň ýurt boýunça un we çörek üpjünçiliginde yzygiderli bökdençlik ýüze çykýar.

Türkmenistan ozalky ýyllarda Gazagystan we Russiýa ýaly ýurtlardan un we bugdaý satyn alýardy, ýöne bu boýunça soňky sanlar elýeterli däl. Galyberse-de, pandemiýanyň fonunda Gazagystan geçen ýylyň martynda ýurduň un we bugdaý eksportyny çäklendirdi.

Türkmen resmileri ýerli bugdaý önümçiliginiň içerki bazarlary kanagatlandyrýandygyny aýdýandyklaryna garamazdan, un we bugdaý üpjünçiliginde döreýän bökdençlikler ýurt raýatlary üçin kynçylyk döredýär.

Bu aralykda, ýurtda un we çörek gytçylygy dowam edýän wagty, hökümete ýakyn Turkmenportal.com neşiri, CetralAsia.news saýtyna salgylanyp, geçen ýylda Türkmenistanda un önümçiliginiň 40 göterim ýokarlanandygyny habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG