Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan kanun çykaryjylary Hytaýyň uýgurlara garşy genosid edýändigini aýdýar


Pekin sebitdäki içerki lagerleriň hünär taýýarlygyny bermek we yslam ekstremizmine garşy göreşmek üçin ulanylýandygyny öňe sürýär.
Pekin sebitdäki içerki lagerleriň hünär taýýarlygyny bermek we yslam ekstremizmine garşy göreşmek üçin ulanylýandygyny öňe sürýär.

Britan jemgyýetçilik palatasy Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinjiaň sebitinde uýgurlara we beýleki musulman azlyklaryna daralyşyny adamzada garşy jenaýat we genosid diýip yglan edýän parlament teklibini tassyklady.

22-nji aprelde kabul edilen we hökmany güýji bolmadyk jarnama britan hökümetini herekete geçmäge mejbur etmeýär, ýöne kanun çykaryjylaryň arasynda hytaý hökümetine bolan nägileligiň artýandygyny aňladýar.

Azyndan 1 million uýgur we esasan musulman azlyklaryndan bolan adam Sinjýaňdaky lagerlerde saklanylýar diýip bilinýär.

Sinjiaňda bir topar hukuk bozmalar, şol sanda esassyz tussag edilmeler, aýallary zor bilen önelgesiz etmek, mejbury zähmet we esasy azatlyklaryň yzygiderli bozulmagy ýaly köp sanly eden-etdilik dokumentleşdirildi.

Mart aýynda ABŞ, Angliýa we Kanada Ýewropa Bileleşigine goşulyp, Sinjaňda adam hukuklarynyň bozulýandygy üçin, hytaý resmilerine we kompaniýalaryna garşy sanksiýalar tapgyryny yglan etdi.

Sinjiaňdaky syýasatyny öz içerki meselesi hökmünde häsiýetlendirýän Hytaý genosid aýyplamasyny we Günbatar sanksiýalaryny ýazgaryp, gyssanmaç ar alyş çärelerini gördi.

Pekin sebitdäki içerki lagerleriň hünär taýýarlygyny bermek we yslam ekstremizmine garşy göreşmek üçin ulanylýandygyny öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG