Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mirziýoýew Türkmenistana iş saparyny amala aşyrýar


Şawkat Mirziýoýew
Şawkat Mirziýoýew

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 29-njy aprelde iş sapary bilen Türkmenistana barýar. Bu barada özbek prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Saparyň dowamynda Mirziýoýew türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirer.

“Gepleşikleriň gün tertibinde özbek-türkmen dostlukly gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy we strategiki hyzmatdaşlygy mundan-da beýläk ösdürmek, köpugurly hyzmatdaşlygy we sebitara gatnaşyklary giňeltmek meseleleri bar” diýip, özbek prezidentiniň metbugat gullugynyň maglumatynda aýdylýar.

Şeýle-de, Mirziýoýew Türkmenistana amala aşyrýan iş saparynyň dowamynda türkmen prezidentiniň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň hatyrasyna bagyşlanýan çärelere gatnaşar.

Ýatlasak, 18-nji aprelde Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow aradan çykdy.

Prezidentiň kakasynyň ölüminden soňra Mirziýoýew, türkmen metbugatyna görä, ilkinji daşary ýurt döwlet baştutanlarynyň hatarynda Berdimuhamedowyň kakasynyň “tarpa-taýyn aradan çykmagyna” gynanç bildirdi.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň fewralynda ýola goýuldy.

XS
SM
MD
LG