Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda karton, plastik we reňkli metal toplaýanlar köpelýär


Aşgabat, fewral, 2020
Aşgabat, fewral, 2020

Aşgabatda plastik we karton ýygnaýjylar has işjeňleşdi, Lebap welaýatynda metal galyndylaryny ýygnaýanlar köpeldi. Habarçylaryň aýtmagyna görä, bu ýagdaý gaýtadan işlenilýän serişdeleri kabul edýän kärhanalar tarapyndan islegiň we bahalaryň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly.

Türkmenistanyň paýtagtynda şu wagt karton gutular ýetmezçilik edýär. Köp adam zatlaryny gaplamak üçin karton gutulary tapmakda we satyn almakda kynçylyk çekýär. Bu barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň habarçylary gutularyň ýetmezçiliginiň resmi sebäbini anyklap bilmediler, ýöne olaryň aýtmagyna görä, bu ýagdaý karton ýygnap tabşyrýanlara gyt azyk hasaplanýan ýumurtganyň beriljekdigi baradaky myş-myşlaryň fonunda ýüze çykypdyr.

Durmuş-ykdysady kynçylyklaryň güýçlenýän wagtynda, uly nobatlar, azyk gytçylygy, bahalaryň ýokarlanmagy we işsizlik ýaly problemalara duçar bolýan köp adam gün görmek üçin alternatiw girdeji çeşmelerini gözleýär, şol sanda donor bolmak isleýän, emlägini satýan we hapa taşlanýan gaplarda azyk ýa-da pula öwürip boljak zatlary gözleýän adam köpelýär.

Azatlygyň habarçysy gaýtadan işlenilýän serişdeleriň käbiriniň bahasynyň kabul edýän kärhanalar tarapyndan ýokarlandyrylandygyny aýdýarlar. Hususan-da, plastik ýygnamak has girdejili bolupdyr. Plastik gaplaryň bahasy bir kilogram üçin 3-den 7 manada çenli ýokarlanypdyr.

"Şonuň üçin zibil taşlanýan gaplaryň üstünde dawa edýän bäsdeşleriň sany hem artdy" - diýip habarçy belledi.

Bu aralykda ýurduň gündogarynda Farap şäherinde reňkli metallary ýygnaýanlaryň sany ep-esli artdy. Köne hojalyk tehniki enjamlaryndan, elektrik kabellerinden, awtoulaglaryň radiatorlaryndan we beýleki böleklerden mis alynýar.

Lebap welaýatyndaky habarçymyzyň sözlerine görä, reňkli metallar, esasanam mis, gaýtadan işlenilýän serişdeleri kabul edýän alyjylar tarapyndan satyn alynýar we bir kilogram mis üçin 40 manat hödürlenýär. Hususan-da, holodilniklerden we kondisionerlerden birnäçe kilograma çenli mis alyp bolýar.

Azatlygyň habarçylary çig malyň bikanun bazarynyň gülläp ösýän wagtynda ýurduň kanunçylygynda reňkli metallaryň käbir görnüşleriniň söwdasynyň gadagan edilendigini belleýärler. Düzgün bozanlar ýüze çykarylsa, olar babatynda azatlykdan mahrum etmek ýa-da ýurtda bellenen iň pes aýlygyň 100 essesine barabar jerime salmak ýaly jogapkärçiligiň göz öňünde tutulýandygyny habarçylar aýdýar.

Birnäçe hepde bäri Aşgabadyň polisiýasy zibil ýygnaýjylara garşy "göreşini" güýçlendirdi we hatda jemagat işgärleriň geýimine geýnen adamlaryň zibil taşlanýan gapyrjaklaryň ýanyna barmagyna rugsat bermedi.

Mart aýynyň ahyrynda Marydaky habarçylarymyz ýerli polisiýanyň zibil ýygnaýan we köçelerde dilegçilik edýän raýatlara garşy göreşýändigini habar berdi. Käbir ýagdaýlarda polisiýa, galyndylary dörmäge rugsat almak üçin jemagat gulluklaryň işgärleriniň eşiginiň bolmagyny talap etdi.

Hapa-hupanyň arasynda azyk, çüýşe, plastik we soň pula öwürip boljak beýleki zatlary gözleýänleriň sanynyň çalt köpelýän wagtynda hökümet ykdysady krizisiň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýär.

Türkmenistanda birnäçe ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklar şu ýylyň başyndan bäri ep-esli güýçlendi. Işsizlik şertlerinde has köp maşgala garry garyndaşlarynyň pensiýalaryna, çagalara we maýyplara döwlet tarapyndan berilýän ujypsyz kömek pullaryna garaşly bolýar. Ýurtdan gitmek isleýänleriň sany barha artýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG