Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Toýa gap alyp, ähli çagasy bilen gelýän köpeldi, dükançylar söwdadan zyýan çekýär


Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda gyzyl halylaryň üstünde guralýan resmi toý-dabaralaryň mesgenine öwrüldi.

Türkmenabatda çörek meselesi öňkülerine garanda hem has kynlaşdy, dükanlara irden bir gezek çörek gelýär, ýöne ol nobata duran adamlaryň ählisine ýetmeýär. Öňler döwlet dükanlarynda nobata durup, arzan çörek alyp bolýardy, gymmat çörek hususy dükanlarda hemişe bolardy. Häzir olarda hem çörek ýok.

Türkmenistandan gelýän habarlar ýurtdaky gün-güzeran kynçylyklarynyň barha çuňlaşýandygyny, aç-hor adamlaryň barha köpelýändigini görkezýär.

"Toýlara, pata, sadaka ýerlerine ýanlary bilen nahar salar ýaly gap-gaç alyp gelýän aýallar, gelinler barha kän göze ilýär, ýazylan saçaklarda hödür edilýän süýji-kökeden hem öýlerine alyp gaýdýan adam köpeldi" diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy habar berýär.

"Bu ýagdaý ozalam bardy, ýöne indi ol has köpeldi we gözilginç bolup başlady. Başga adamlardan galan naharlary hem getiren gabyna salyp, öýlerine alyp gaýdýarlar. Toýuň süýji-kökelerini bolsa, paketlere salyp, alyp gidýärler, ozal beýle zat ýokdy" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk iki-üç ýyllykda bergi-borç edip toý tutýan we soň bergisini üzüp bilmeýän hojalyklaryň köpelýändigini habar beripdi. Ýogsa ozallaram toýlar köplenç karz-kowal alnyp tutulardy.

Geçen 2020-nji ýyl türkmenistanlylar üçin "örän agyr we çylşyrymly, oňat" ýyl bolan bolsa, bu ýyl has-da agyr geçjege meňzeýär. Bu ýyl adamlar toýa gelenlerinde, ýanlary bilen ähli çagasyny alyp gelmäge başlady.

"Saçak başynda oturan çagalaryň açlygy mese-mälim, olaryň öňünde näme goýulsa, şobada ýitirim bolýar, käte çagalar öz aralarynda saçakda goýlan süýji-köke üstünde uruşýar" diýip, habarçy märeke üýşürmegiň adamlar üçin uly synaga öwrülýändigini hem gürrüň berdi.

Ozallar köpçülik ýerinde beýle edepsizlik bolmazdy. Emma indi bu ýagdaý tas ähli toýlara, üýşmeleňlere mahsus bolup, märeke üýşürýän adamlar bolýan zatlary görmezlige salmakdan başga alaç tapmaýar.

Gytçylyk şertlerinde toý, üýşmeleň edýän adamlaryň ýagdaýy barha kynlaşýar. Şu sebäpden indi, öňki ýaly, birnäçe günläp toý edýän adam ýok diýen ýaly, köp toý bir günde sowulýar.

"Ozallar uly mal ýa-da 4-5 goýun soýlan bolsa, indi 1 goýun bilen tutuş gelin toýy sowulýar, ýeter-ýetmezilik ýagdaýynda zordan toý edilýär" diýip, habarçy öňki we häzirki ýagdaýlary deňeşdirdi.

Şu aralykda Maryda daşary ýurtdan haryt getirip, ilata satýan dükanlaryň ençemesi söwdasyny togtatdy.

"Manatda satan harydymyzyň puluna dollar alyp, täze haryt sargaýançak, gazanan peýdamyz köýýär, hatda minus, bergili hem çykýarys" diýip, dükan eýeleriniň biri bu ýagdaýda işlemegiň manysynyň galmaýandygyny gürrüň berdi.

Ikinji tarapdan, dollarda söwda edýän alyjy hem az, sebäbi adamlar dollarçylara ýüz tutmakdan gorkýar, walýuta söwdasynyň ähli nokadynda berk gözegçilik dowam edýär.

Bu ýagdaýda haryt satyp, manatda alan puluny dollara öwürmän goýan täjirler hem zyýana galýar, täze haryt alynmansoň, dükandaky harytlar hem barha azalmak bilen. Hem halk, hem telekeçiler, deň derejede ejir çekýär diýip, ýerli habarçy aýtdy.

Şu aralykda ýurtda dowam edýän un, çörek gytçylygy hem barha ýitileşýäne meňzeýär.

"Türkmenabatda çörek meselesi öňkülerine garanda hem has kynlaşdy, dükanlara irden bir gezek çörek gelýär, ýöne ol nobata duran adamlaryň ählisine ýetmeýär" diýip, Lebapdaky habarçy 2-nji aprelde habar berdi.

"Öňler döwlet dükanlarynda nobata durup, arzan çörek alyp bolýardy, gymmat çörek bolsa, hususy dükanlarda tas hemişe bolardy. Häzir hususy dükanlarda hem çörek ýok" diýip habarçy bu ýagdaýy un gytçylygy bilen baglanyşdyrýar.

Satyjylaryň düşündirmegine görä, hususy dükanlar üçin tamdyr çöregini bişirýän aýallar öňki satyn alýan ýerlerinden un satyn alyp bilmeýär, olara "çörek gelmedi-le?' diýip jaň etseň, "un ýok" diýip jogap berýärler.

"Un has gytaldy, daşary ýurtdan gelýän unuň bahasy öňkülerine garanda hem has gymmatlady, bu dollaryň bahasynyň galmagy bilen bagly, gazak ununyň bahasy häzir 600 manatdan geçdi" diýip, tamdyrda çörek bişirýän aýal Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Türkmenistan her ýyl ilatyň iýjek galla önümleriniň öndürilýändigini, ýurtda azyk howpsuzlygynyň döredilendigini aýdýar we döwlet TW-sinde her dürli azykdan, şol sanda çörek önümlerinden doldurylan dükan tekjelerini görkezip, nebit-gaza baý ýurtda dörän dowamly açlyk baradaky habarlary anyklaşdyrmazdan, umumy sözler bilen ret edýär.

Synçylar Türkmenistanyň ýakyn taryhyndaky iň agyr ykdysady çökgünligi başdan geçirýändigini aýdýarlar. Türkmenistanly tankytçylarynyň köpüsiniň pikrine görä, hökümet ýurdy emele gelen ýagdaýdan alyp çykmaga o diýen ukyply görünmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG