Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mirziýoýew Gypjakda Berdimuhamedowyň sadakasyna gatnaşdy, iki lider Nyýazowyň mawzoleýine bardy


Şawkat Mirziýoýew bilen Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda)
Şawkat Mirziýoýew bilen Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda)

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 29-njy aprelde Türkmenistana iş sapary bilen baryp, Gypjakda Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasynyň ýedisi geçenden soň ilkinji anna agşamsynda berlen sadaka gatnaşdy.

Türkmenlerde aradan çykan merhumyň ýedisi geçenden soň 40 güne çenli, käbir ýerlerde 100 güne çenli, her penşenbe güni “anna agşamsy” ýas sadakalary berilýär.

Özbek prezidentiniň metbugat gullugyna görä, Mirziýoýewi Aşgabadyň aeroportunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow garşy aldy.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesine görä, Mirziýoýew bilen Berdimuhamedow Aşgabadyň “Oguzhan” köşkler toplumynda ikiçäk gepleşik geçirdi. Özbek prezidenti ýene bir gezek Gurbanguly Berdimuhamedowa gynanç bildirdi. Taraplar türkmen-özbek gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşypdyr.

Ýatlasak, 18-nji aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow aradan çykdy.

Ikiçäk duşuşykdan soňra iki lider Türkmenistanyň Gypjakdaky baş metjidine bardy we kümmetde ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň guburyny zyýarat etdi. Döwlet mediasy ilkinji prezidentiň adyny agzamady.

Nyýazowyň ýadygärliginiň hatyralanmagyndan soňra, iki lider metjitde doga-dileg edipdir.

Munuň yz ýany, Gurbanguly Berdimuhamedow kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň ilkinji anna agşamsynda agzaçar sadakasyny berdi.

Bu aralykda, iki lider metjitde zyýarat, doga-dileg we sadaka bilen meşgullanýan wagtynda, türkmen häkimiýetleri Mirziýoýewiň Aşgabada amala aşyrýan sapary bilen baglylykda paýtagtyň merkezi köçelerinde ulag hereketini çäklendirdi. Bu barada “Türkmenistanyň hronikasy” habar berýär.

Neşiriň habaryna görä, köçeler öýlän sagat 1-de ýapyldy. Ulag hereketiniň çäklendirilmegi käbir ýerlerde öýlän sagat 5:30-dan soň gowşadyldy.

Çäklendirmeler boýunça häkimiýetler şäher ýaşaýjylaryna, şol sanda awtobus sürüjilerine öňünden duýduryş bermändir. Munuň netijesinde, köçelerde awto ulag dyknyşygy emele geldi.

Türkmen hronikasyna görä, Aşgabatda ulag hereketiniň çäklendirilýän wagty, paýtagt köçelerinde polisiýa işgärleriniň we raýat eşikli eli rasiýaly adamlaryň köplügi üns çekdi.

Türkmenistanyň baş metjidi we ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň aramgähi Gypjakda ýerleşýär.

29-njy aprelde Azatlyk Radiosynyň habarçylary, Berdimuhamedowyň kakasynyň jaýlanan Gökdepedäki gonamçylygynda we onuň daş-töwereginde güýçli depginde arassaçylyk işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdiler.

Türkmenistanyň döwlet habarlar gullugyna görä, penşenbe güni Aşgabatda we welaýat metjitlerinde hem sadaka berildi.

Döwlet metbugaty bu sadakalaryň Mälikguly Berdimuhamedowy hatyralamak çäreleri bilen utgaşýandygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary mundan ozal, Türkmenistanyň käbir künjeklerinde Berdimuhamedowlaryň ýas sadakalary üçin býujet işgärlerinden pul toplanýandygyny, dürli milletleriň wekilleriniň milli geýimde we öz hasabyna prezidentiň kakasynyň ýas çäresine ugradylýandyklaryny habar berdiler.

Prezidentiň kakasynyň ölüminden soňra Mirziýoýew, türkmen metbugatyna görä, ilkinji daşary ýurt döwlet baştutanlarynyň hatarynda Berdimuhamedowyň kakasynyň “tarpa-taýyn aradan çykmagyna” gynanç bildirdi.

Şawkat Mirziýoýew we Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň we Türkmenistanyň ikinji prezidentleridir. Olaryň ikisi-de özlerinden öň degişli ýurtlary demir ýumruk bilen dolandyran Islam Karimowyň we Saparmyrat Nyýazowyň tarpa-taýyn ölüminden soňra, reforma wadalary bilen häkimiýeti miras aldylar.

Nyýazow 2006-njy ýylda, Karimow 2016-njy ýylda aradan çykdy.

Mirziýoýew häkimiýet başyna geçeli bäri bu Merkezi Aziýa ýurdunda tapgyrlaýyn reformalary amala aşyrmak we sebit gatnaşyklaryny ösdürmek ýaly wadalary bilen tanalýar.

Hökümet tankytçylaryna we ynsan hukuklaryny goraýjy toparlara görä, Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçeli bäri, ynsan hukuklaryny çäklendiriji ýurtda dürli pikirliligi basyp ýatyrdy we az sanly özgeriş amala aşyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG