Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Berdimuhamedowlaryň ýas sadakalary üçin býujet işgärlerinden pul ýygnalýar


18-nji aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Beridmuhamedow ýogaldy. Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň "Watan" habarlary gepleşiginden alnan surat.
18-nji aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Beridmuhamedow ýogaldy. Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň "Watan" habarlary gepleşiginden alnan surat.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň ölüminden soň, Mary we Lebap welaýatynyň metjitlerinde merhumyň hatyrasyna sadakalar meýilleşdirilýär. Sadakalaryň guramaçylygy üçin sebitlerde býujet işgärlerinden pul ýygnalýar.

Sişenbe güni bir kanun goraýjy işgäriň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, 21-nji aprelde Marynyň baş metjidinde sadaka beriler we bu çäre telewideniýe üçin surata düşüriler, ýöne onuň haçan efire beriljekdigi aýdylmaýar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, Marynyň her bir döwlet edara-kärhanasynda işgärleriň aýlyklaryna görä sadakalar üçin pul ýygnalýar. Jemagat gullugy we agyz suw edarasy ýaly pes aýlykly edaralarda her işgärden 20 manat, ýokary aýlykly edaralarda her işgärden 50 manat we polisiýanyň jenaýat agtaryş gullugy ýaly bölümlerinde her işgärden 100 manat ýygnalýar.

Kanun goraýjy işgäriň sözlerine görä, Marynyň baş metjidinde beriljek sadakalara kanun goraýjy edaralardan ýokary wezipeli adamlar, häkimlik resmileri, metjidiň işgärleri we metjide barýan uly ýaşly adamlar gatnaşdyrylýar.

Onuň sözlerine görä, ýygnalan pullaryň ýas çärelerine harçlanjakdygy aýdylýar, ýöne býujet işgärleriniň ençemesi, öňki tejribelere salgylanyp, ýygnalan pullaryň belli bir böleginiň welaýat häkiminiň, milli howpsuzlyk gullugynyň ýerli başlygynyň, welaýat prokurorynyň hem-de polisiýanyň welaýat başlygynyň arasynda paýlaşyljakdygyny çaklaýar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, ýerli telekeçiler metjitde geçiriljek sadakany azyk harytlary bilen üpjün edýär, maldarlar goýun-geçi getirýär.

Ýöne onuň sözlerine görä, mollalar we resmiler getirilen harytlara göz dikýär.

Mary welaýatyndaky habarçy ýerli kanun goraýjy işgärleriň, häkimlik resmileriniň we adaty halkyň arasynda ýas alamatlarynyň ýokdugyny habar berýär.

Birmeňzeş ýas çäreleri, Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysyna görä, öňümizdäki penşenbe güni gündogar Türkmenistanyň metjitlerinde hem meýilleşdirilýär.

Lebap welaýatynda hem ähli býujet işgärlerinden merhumyň hatyrasyna beriljek sadakalar üçin 30 manatdan pul ýygnalýar.

Dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda Türkmenistanda býujet işgärlerinden ol ýa-da beýleki sebäbe salgylanyp, yzygiderli pul ýygnalýar. Mundan ozal, häkimiýetler “tebigaty goramak üçin”, “pagta ýygymy üçin”, “welosiped satyn almak üçin”, “prezidentiň portretlerini satyn almak üçin” we beýleki ýagdaýlar boýunça býujet işgärlerinden pul toplady.

Ýöne Maryda we Lebapda ilkinji gezek prezidentiň maşgala meselesi üçin býujet işgärlerinden pul ýygnalýar.

Mälikguly Berdimuhamedowyň ölüminden soň, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Maryda öňünden meýilleşdirilen toýlaryň üç gün ýatyrylandygyny habar berdiler.

Toý gadagançylygy Lebap welaýatynyň Farap etrabynda ýedi gün öz güýjünde galýar. Sebitdäki habarçy bu etrapda ýedi günüň dowamynda ilata toý toýlamagyň gadagan edilendigini we ýaşyryn toý toýlaýan adamlar ele salnan halatynda olaryň jezalandyryljakdygynyň duýdurylandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Maryda we Lebapda geçirilýän ýas çärelerine saýlantgy adamlaryň gatnaşdyrylýandygyny habar berýärler.

Habarçylar şu günler ýurtda dowam edýän ýagdaýlar boýunça ýerli ýaşaýjylaryň bildirýän reaksiýalaryny öwrendi.

Olaryň sözlerine görä, adamlar esasan soňky ýyllarda daşary ýurtlarda wepat bolýan we öz dogduk topragynda jaýlanmakdan mahrum bolup, mazarlary ýat illerde galan ildeşlerine gynanç sözlerini beýan edýärler.

Ýatlasak, geçen ýylyň martynda Türkiýede ýaşaýan altmyşdan gowrak türkmenistanly migrant zäherden aradan çykdy we olar Stambulda bir gonamçylykda jaýlandy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky wagtlarda daşary ýurtlarda wepat bolýan türkmenistanlylar we olaryň ýat illerde galýan jansyz jesetleri, olaryň ýurt içindäki dogan-garyndaşlarynyň jynazasyz ýas çärelerini geçirişleri barada habar berýärler.

Mälikguly Berdimuhamedowyň hatyrasyna beriljek sadakalar üçin özlerinden pul ýygnalýan býujet işgärleri özleriniň onsuz hem ykdysady taýdan kynçylyk çekýändiklerini hem-de maşgala eklemekde agyr günleri başdan geçirýändiklerini aýdýarlar.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan bir býujet işgäri ýygnalýan pullary “ýaranjaňlyk” häsiýetlendirýär we ýokary wezipeli adamlary aýyplaýar.

“Bu ýene bir gezek ýokary wezipeli adamlaryň prezidente we onuň hossarlaryna ýaranjaňlyk etmek synanyşygy” diýip, bir býujet işgäri aýtdy.

Lebap welaýatyndaky habarçy öňümizdäki penşenbe güni metjitlerde berilýän sadakalaryň dowamynda polisiýanyň metjitlerde howpsuzlygy güýçlendirmegine garaşylýandygyny habar berdi.

18-nji aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow 88 ýaşda aradan çykdy.

Döwlet mediasy onuň ölüm sebäbi barada habar bermedi.

Ýöne 19-njy aprelden bäri Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlary gepleşigi prezidentiň adyna daşary ýurt liderlerinden gelip gowşan gynanç hatlaryny okaýar.

Galyberse-de, döwlet mediasy paýtagtda ýa-da prezident maşgalasynyň gelip çykan Gökdepe etrabynda haýsydyr bir ýas çäresiniň geçirilip-geçirmändigini habar bermeýär.

Döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlary gepleşigi 20-nji aprelde gynanç hatlaryndan daşgary, atlaryň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginiň hem-de itleriň arasynda geçirilen “edermen alabaý” bäsleşikleriniň nobatdaky tapgyrlary barada habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG