Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus resmisi Günbatary Moskwany garalamak synanyşygynda aýyplaýar


Nikolaý Patruşew
Nikolaý Patruşew

Günbatar ýurtlary baryp Iwan Groznyý döwründe hem Orsýeti garalapdy, olar muny öz ýaşaýjylarynyň ünsüni içerki problemalardan sowmak üçin edýär diýip, Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, FSB-iň öňki müdiri Nikolaý Patruşew "Argumenty i Fakty" gazetine beren interwýusynda aýtdy.

Onuň pikiriçe, bu häzirki wagtda, prezident Wladimir Putiniň döwründe hem şeýle edilýär.

“Orsýeti ýüzlerçe ýyl mundan ozalam garalamaga çalyşdylar, Günbatar hronikaçylary "ýewropalylaryň ünsüni öz ýurtlarynda bolup geçýän wakalardan sowmak islediler" diýip, ýokary derejeli rus resmisi pikir edýär.

Olara rus patyşasynyň bu ýurtlardaky "syýasy we ahlak ýolbaşçylygyny ykrar etmezligi” ýaramady diýip, Patruşew bu meselede häzirki zaman dünýäsi bilen hem meňzeşlik görýär.

Onuň pikiriçe, Günbatar Groznyny tankytlamak bilen, öz problemalaryndan, hususan-da "dini sebäpler esasyndaky gyrgynçylyklardan", inkwizisiýadan, "jadygöý awlaryndan", "halklaryň elhenç kolonial gulçulygyndan" we günbataryň häzir ýatlanmazlygyny isleýän "beýleki hereketlerinden" ünsi sowmaga çalyşdy.

Şonuň ýaly, häzir hem Russiýany tankytlamak bilen, ABŞ-nyň we ÝB-niň ýaşaýjylarynyň ünsüni günbatar gymmatlyklaryny goldamaga taýyn bolmadyklaryň raýat hukuklarynyň bozulmagyndan sowýarlar diýip, Patruşew hasapalýar. Ol bu meselede hususan-da 90 ýaşly milliarder Jorj Sorosy günäkärleýär.

XS
SM
MD
LG