Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz-täjik serhedindäki ýagdaýlar 'dartgynly' bolmagynda galýar


 Sadyr Žaparow batkende ýaralylary soraýar.
Sadyr Žaparow batkende ýaralylary soraýar.

Gyrgyz häkimiýetleri Täjigistan bilen jedelli serhetýaka sebitindäki ýagdaýyň dartgynly bolmagynda galýandygyny, azyndan üç onýyllygyň dowamynda bolan iň agyr çaknyşykda 40-dan gowrak adamyň, şol sanda parahat ilatyň öldürilendigini, onlarça adamyň ýaralanandygyny aýdýar.

Gyrgyzystanyň Serhet gullugy 1-nji maýda öýlän Täjigistanyň harby enjamlarynyň serhede tarap hereketini bellige alandygyny we täjik güýçleriniň Batken sebitindäki iki gyrgyz sebitini birleşdirýän ýoly petikländigini aýtdy.

Gyrgyzystanyň serhet bölümleri goranyş ýagdaýynda ýerleşen bolsa, täjik goşunlary Leýlek etrabynda ýaşaýjylary ewakuasiýa edilen ýaşaýyş jaýlaryna ot açdy dýip, habarda aýdylýar.

Täjik resmileri bu aýyplamalara bada-bat düşündiriş bermediler.

Emma Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň edarasy onuň gyrgyz kärdeşi Sadyr Žaparow bilen telefonda gürleşende "atyşygyň doly bes edilmegi baradaky ylalaşyklaryň berjaý edilmegine we harby güýçleriň yza, hemişelik bazalaryna çekilmegine" aýratyn üns berilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG