Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyz we täjik resmileri serhet çaknyşyklaryndan soň goşunlary yza çekmek, ýaraşyk ylalaşygyna geldi


Iki goňşy ýurduň milli howpsuzlyk guramalarynyň ýolbaşçylary 1-nji maýda geçirilen duşuşykda yza çekilmek ylalaşygyna geldi.

Gyrgyzystan we Täjigistan goşunlary yza çekmek we soňky onýyllyklarda serhediň dawaly böleginde bolan iň ganly çaknyşykdan soň atyşyklary doly bes etmek ylalaşygyna geldiler.

Togtadylan çaknyşyklarda 40-dan gowrak adam, şol sanda asuda ýaşaýjylar öldi, onlarça adam ýaralandy.

Merkezi Aziýanyň iki goňşy ýurdunyň milli howpsuzlyk guramalarynyň ýolbaşçylary 1-nji maýda geçirilen duşuşykda yza çekilmek ylalaşygyna geldi.

"Serhet sebitinde bolup geçen betbagtçylyk indiden beýläk hiç wagt gaýtalanmaly däl" diýip, Täjigistanyň Döwlet milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Saimumin Ýatiýew gyrgyz kärdeşi Kamçýbek Taşiýewiň gapdalynda duran ýerinden aýtdy.

Goňşy ýurtlaryň delegasiýalarynyň Batken sebitinde bolan duşuşygy baradaky habar gyrgyz prezidenti Sadyr Žaparowyň täjigistanly kärdeşi Emomali Rahmon bilen telefonda gürleşmeginiň yz ýanyndan geldi.

Gyrgyz-täjik serhedindäki ýaragly çaknyşykda ejir çekenleriň sany 2-nji maýda irden 178-e ýetdi, şolardan 34 adam öldi.

Ýaralananlaryň biriniň ýagdaýy örän agyr, 6 adamyň ýagdaýy agyr, galanlary ortaça we degişlilikde kanagatlanarly ýagdaýda diýip, Saglyk we sosial ösüş ministriniň birinji orunbasary Aliza Soltonbekowa metbugat ýygnagynda habar berdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bu ýurtlardaky kärdeşleri bilen telefon arkaly gürleşip, ýaraşyk şertnamasyny ýerine ýetirmäge çagyrdy.

Gyrgyzystanda we Täjigistanda Russiýanyň harby bazalary ýerleşýär. Şu aralykda, sebitdäki dartgynlygyň ýokary bolmagynda galýandygy aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG