Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan we Täjigistan ýaragly çaknyşyklardan soň harbylaryny serhetden yza çekdi


Täjik-gyrgyz serhedindäki Isfara şäheri
Täjik-gyrgyz serhedindäki Isfara şäheri

Gyrgyzystan we Täjigistan geçen hepde bolup geçen ganly çaknyşyklardan soň harby bölümlerini serhetden çykarmagyny tamamladylar. Bu barada Gyrgyzystanyň serhet gullugy 3-nji maýda habar berdi.

Merkezi Aziýanyň iki goňşusynyň milli howpsuzlyk baştutanlary krizis boýunça 1-nji maýda geçiren duşuşygynda goşunlary yza çekmek barada ylalaşdylar.

Gyrgyz serhet gullugy harby bölümleriň yza çekilmeginden soň sebitdäki ýagdaýyň asuda we durnuklydygyny aýtdy.

"Taraplar goşmaça harby bölümleriň we enjamlaryň serhetden çykarylmagyny tamamladylar ... Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň goranyş desgalarynyň ofiserlerinden ybarat bilelikdäki harby komissiýa goşmaça harby güýçleriň we enjamlaryň galdyran ýerlerini barlamagy dowam etdirýär" diýlip, serhet gullugynyň beýanynda aýdylýar.

2-nji maýda Täjigistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Saimumin Ýatimow Gyrgyzystanyň içindäki Woruh anklawyna baryp görende Täjigistanyň harby güýçleriniň serhetden çykarylandygyny aýtdy.

Gyrgyzystan 28-29-njy aprelde bolan çaknyşyklarda 34 gyrgyz raýatynyň ölendigini, 178 adamyň ýaralanandygyny we 50 000 adamyň sebitden gaçandygyny habar berdi.

Bişkegiň habaryna görä, Gyrgyzystanyň günorta-günbatar Batken sebitinde 78 hususy öý, iki mekdep, bir lukmançylyk nokady, iki serhet gözegçilik nokady, çagalar bagy, 10 benzin bekedi, polisiýa binasy we sekiz dükan doly weýran boldy.

Täjigistanyň häkimiýetleri ölenleriň sany barada entek maglumat bermedi.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň habarçylary azyndan 16 täjik raýatynyň öldürilendigini we azyndan 90 adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Zorluk Woruh anklawynyň golaýyndaky suw paýlaýyş nokadynda gözegçilik kameralaryny oturtmak baradaky jedelden soň ýüze çykdy oňa iki ýurtdan howpsuzlyk güýçleri çekildi.

Gyrgyzystanyň howpsuzlyk wekilleri Täjigistanyň güýçlerini Gyrgyzystanyň obalaryna ok atmak üçin MI-24 harby dikuçaryny ulanmakda aýyplady.

Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň delegasiýalarynyň duşuşygy iki ýurduň prezidentleri Sadyr Japarowyň bilen Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginden soň boldy.

Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy we Russiýa, iki tarapy hem ýaraşyk şertnamasyna hormat goýmaga çagyrdy.

Gyrgyzystanda we Täjigistanda Russiýanyň harby bazalary ýerleşýär.

Ynsan hukuklaryny goraýjy gurama "Human Rights Watch" (HRW) iki tarapyň hem parahat ilata garşy uruş kanunlarynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik çekmelidigini öňe sürdi.

Merkezi Aziýanyň beýleki serhetýaka sebitleri ýaly uzynlygy 970 kilometrlik gyrgyz-täjik serhediniň ýarysy çemesi bölünmän galýar we soňky 30 ýylda dartgynlylyga sebäp bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG