Owganystanyň günbataryndaky Herat welaýatynda suw joşmalary netijesinde azyndan 14 adam öldi.
Ýerli resmileriň maglumatyna görä, hadysa 3-nji maý güni giçlik welaýatyň Adraskan etrabynda ýüze çykypdyr. Heläk bolanlaryň arasynda dört çaga hem bar.
Suw joşmalarynyň Obe we Karoh etraplarynda hem bolandygy aýdylýar. Emma adam ýitgileri we heläkçiligiň gerimi barada bada-bat maglumat elýeterli bolmady.
Soňky günleriň dowamynda Herat welaýatyna dyngysyz çabgalar ýagypdy.
Owganystanda möwsümleýin suw joşmalary jaýlara, mellek ýerlerine we jemgyýetçilik desgalaryna uly zeper ýetirýär.
Geçen awgustda suw joşmalary sebäpli azyndan 150 adam ölüpdi.
BMG-niň gaýrygoýulmasyz hemaýat edarasynyň (OCHA) maglumatyna görä, Owganystanda 2019-njy ýyldaky agyr suw joşmalarynda 10 müňe golaý jaýa zeper ýetip, ol 180 müň adama hem oňaýsyz täsirini ýetiripdir.