Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagon: Owganystandaky “kiçi azara goýujy hüjümler” esgerleriň çykarylmagyna päsgel bermeýär


ABŞ we NATO 1-nji maýda Owganystandaky güýçlerini resmi ýagdaýda çykaryp başladylar.
ABŞ we NATO 1-nji maýda Owganystandaky güýçlerini resmi ýagdaýda çykaryp başladylar.

Owganystanda gazaplylygyň geriminiň artýan, şeýle-de owgan hökümeti bilen “Talyban” jeňçileriniň arasyndaky gepleşikleriň petige dirän döwri, ABŞ harbylary “kiçi azara goýujy hüjümleriň” halkara güýçlerini bu ýurtdan çykarmak boýunça irki günlerine düýpli päsgelçilik döretmeýändigini aýtdylar.

ABŞ we NATO 1-nji maýda Owganystandaky güýçlerini resmi ýagdaýda çykaryp başladylar. Ýurtdaky ABŞ-nyň 3 müň 500 we NATO-nyň 7 müň esgerleriniň ählisiniň 11-nji sentýabra çenli doly çykarylmagyna garaşylýar.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Jo Baýden ABŞ harbylaryny Owganystandan doly çykarmak boýunça owalky 1-nji maý soňky möhletini şu ýylyň sentýabryna süýşüripdi. NATO hem kesgitlenen bu möhletlere laýyklykda hereket etjekdigini mälim etdi.

3-nji maýda ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Londonda eden çykyşynda, Birleşen Ştatlaryň “Owganystandan goşunlaryny oýlanşykly, howpsuz we düzgün-nyzamly tertipde çykarjakdygyny” aýtdy.

Ol ABŞ-nyň “uzaklaşmaýandygyny”, şeýle-de “hemaýatyny dowam etdirmegi göz öňünde tutýandygyny” sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG