4-nji maýda Hindistanda koronawirusa ýoluganlaryň resmi sany 20 milliondan aşdy. Saglyk ministrliginiň maglumatyna görä, gündelik 357 müň COVID-19 ýagdaýlary ýüze çykarylýar. Hindistanda keselhanalar hassalaryň akymyna döz gelip bilmeýär, däri-derman we kislorod maskalary ýetmezçilik edýär.
Hindistanda soňky üç aýyň dowamynda koronawirusa ýolugýanlaryň sany tas iki esse ýokarlandy, şeýle-de ondan ölenleriň resmi sany 220 müňden aşdy.
Koronawirusyň ýaýramak gerimi boýunça Hindistan dünýäde birinji orunda dur. Eger-de aprelde wirusa gündelik 65 müň adam ýolugan bolsa, bu görkeziji häzir 370 müňe ýetdi; şeýle-de gündelik ölýänleriň sany 300-den 3 müňe çenli ýokarlandy.
Koronawirus ýagdaýlarynyň gürelmegine onuň täze, adamdan-adama has aňsatlyk bilen geçýän görnüşiniň sebäp bolandygy aýdylýar. Şeýle-de, hökümetiň dini baýramçylyklar we syýasy ýörişler üçin adamlaryň üýşmeleňlerine rugsat bermeginiň hem wirusyň ýaýramagyna täsir ýetirendigi bellenilýär.
Ekspertler wirus bilen kesellänleriň we ondan heläk bolanlaryň asyl sanynyň has ýokary bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.
ABŞ bilermenleri eger-de Hindistanda ýagdaýlar gowulyga tarap özgerip başlasa-da, öňümizdäki hepdeleriň 1,4 milliard ilatly ýurt üçin “aýylganç” boljakdygyny duýdurýarlar.