Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G-7 ministrleri waksinalary paýlaşmak meselesine garaýarlar


G-7 toparyna agza döwletleriň daşary işler ministrleri. London. 4-nji maý, 2021 ý.
G-7 toparyna agza döwletleriň daşary işler ministrleri. London. 4-nji maý, 2021 ý.

5-nji maýda G-7 toparyna girýän dünýäniň ösen ykdysadyýetli demokratik döwletleri koronawirus waksinalarynyň meselesini maslahat edýärler. Bu aralykda, topara agza döwletlere garyp ýurtlar bilen özleriniň waksinalary bilen paýlaşmak babatynda basyş güýçlenýär.

Britaniýanyň, Kanadanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň we ABŞ-nyň baş diplomatlary Londonda geçýän üç günlük sammitiň jemleýji gününde COVID-19 pandemiýasyny hem maslahat ederler.

Iri ykdysadyýetli döwletler has garyp ýurtlary waksinalar bilen üpjün etmek boýunça Bütindünýä Saglyk Guramasynyň COVAX programmasyna ýykgyn edýärler. Birleşen Ştatlar munuň çäginde 4 milliard dollar geçirmegi söz berdi.

Şol bir wagtda, baý döwletlere diňe bir COVAX-y goldaman, onuň daşyndan hem tagalla etmegine basyş edilýär.

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň maglumatyna görä, geljek ýylyň dowamynda dünýäniň uly ýaşly adamlarynyň aglabasyny waksina etmek üçin ýene goşmaça 35-45 milliard dollar gerek bolar.

XS
SM
MD
LG