Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan mekdebindäki partlamalarda ölenleriň sany 50-ä ýetdi


Partlamada ýaralanan okuwçy
Partlamada ýaralanan okuwçy

Içeri işler ministrliginiň 9-njy maýda beren habaryna görä, Owganystanyň paýtagty Kabuldaky mekdebiň daşynda bolan partlamada ölenleriň sany 50 adama ýetdi, ýene 100 adam ýaralandy.

8-nji maýda bolan partlamada ölenleriň köpüsi Daşt-e-Barçiniň şaýy Hazara etrabynda ýerleşýän mekdebiň okuwçy gyzlary boldy.

Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Tarik Arian Saýed Al-Şuhada mekdebiniň öňünde awtoulag bombasynyň ýarylandygyny, okuwçylar dowla düşüp gaçmaga başlanda bolsa ýene iki bombanyň ýarylandygyny aýtdy.

Sosial ulgamlarda paýlaşylan suratlar partlamadan soňky ýagdaýlary görkezýär, ganly sumkalar we kitaplar mekdebiň öňünde çalam-gaş bolup ýatyr, mähelläniň ýokarsynda tüsse görünýär.

Partlamalaryň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan topar tapylmady.

"Talyban" söweşiji topary bu hüjüme baglanyşygyny ret etdi we ony ýazgardy.

Emma Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani, hiç hili subutnama görkezmezdan, hüjümde “Talybany” günäkärledi.

Kabuldaky şaýy etraplary “Yslam döwleti” (YD) terror topary tarapyndan ýygy-ýygydan nyşana alynýar.

XS
SM
MD
LG