Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň 140 ýyllygynyň bellenmegi bilen bagly eko çäresi şäher durmuşyna täsir edýär


Aşgabadyň "Welosiped" ýadygärligi we tigir sürüjileri, 2020-nji ýylyň 3-nji iýuny.
Aşgabadyň "Welosiped" ýadygärligi we tigir sürüjileri, 2020-nji ýylyň 3-nji iýuny.

Aşgabatda ulaglaryň hereketi çäklendirilip, esasan awtobuslar we döwlet taksileri paýtagtyň içinde aýlanyp bilýärler, hususy awtoulaglara şäheriň içinde aýlanmak gadagan edilýär. Çäklendirmeler Türkmenistanyň paýtagtynyň düýbüniň tutulmagynyň 140 ýyllygy bilen baglanyşykly.

Azatlygyň habarçylarynyň habar bermegine görä, 10-njy maýdan bäri Aşgabatdaky ulag hereketi esli çäklendirilipdir. Şäherde jemgyýetçilik transportyndan başga diňe döwlet edaralaryň bilgileri we ýörite rugsady bolan awtoulaglar gatnap bilýärler. Mundan başga-da, birnäçe şäher köçeleri doly ýapyk we ulag serişdeleri bilen ol ýere düýpden baryp bolmaýar.

Ýerli habar beriş serişdeleri hem ýol çäklendirmeleri barada habar berýärler. Ýarym resmi "Türkmenportal" internet neşiriniň paýtagtyň administrasiýasyna salgylanyp habar bermegine görä, çäklendirmeler 2021-nji ýylyň 10-njy we 25-nji maýy aralygynda saklanar. Neşir bu hereketleriň "adamlaryň durmuşy üçin amatly gurşaw döretmäge", sanitariýa talaplaryny berjaý etmäge we "daşky gurşawyň abadançylygynyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilendigini" habar berýär. Neşir bu çäräniň ilat tarapyndan goldanýandygyny ýazýar.

Şol bir wagtyň özünde ilat uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Köp adamlar awtoulaglaryndan el çekip, jemgyýetçilik ulaglary bilen işe gatnamaly bolýar. Aşgabatda jemgyýetçilik ulaglarynyň ýeke-täk görnüşi bolan şäher awtobuslarynda dyknyşyk döredi.

"Goşmaça awtobus berilmedi, olarda dyknyşyk döredi. Adamlar gaharlanýar" - diýip Azatlygyň habarçysy aýdýar. Onuň sözlerine görä, jemgyýetçilik transportyna düşýän agram sebäpli köpler işe gijä galýarlar.

Taksi sürüjileri bahalaryny ýokarlandyrdylar. Bir gatnawyň bahasy 50 manata çykdy. Taksi çagyrmak tas mümkin däl.

Lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligine zyýan ýetdi, tiz kömegi çagyrmak işi kynlaşdy. Tiz kömek çagyrmak üçin jaň edenlere keselhanalara jaň etmek salgy berilýär, tiz kömegiň gelmegine köp wagt garaşmaly bolýar, käwagt lukmanlar asla gelmeýär.

Ашхабад, 10 мая, 2021
Ашхабад, 10 мая, 2021

"Tiz kömek çagyrsaňyz, derrew näsagyň ýerleşýän ýerini soraýarlar we köplenç ýüz öwürýärler. Bir hadysada süýji keseli bolan hassanyň ýanyna tiz kömek gelmedi. Tiz kömek ulaglaryna diňe agşam sagat 20:00 soň gelmäge rugsat berilýändigini aýdýarlar "- diýdi.

Köp adam planlaşdyrylan lukmançylyk saparlaryny ya tesdirmeli bolýarlar. Newrologiýa merkezi şu gün tas boşdy, müşderileriň ençemesi 26-njy maýda, ýagny Aşgabadyň 140 ýyllygy bellenip gutarýança, proseduralary almakdan ýüz öwürýärler diýip, Azatlygyň habarçysy lukmançylyk edarasynyň işgärlerine salgylanyp habar berdi.

Ашхабад, 10 мая, 2021
Ашхабад, 10 мая, 2021

Şäher häkimligi bu senäni bellemäge diýseň taýýarlandy. Arassaçylyk üpjün edildi, ýollarda täze bellikler çekildi, köçelerde köp sanly jemagat işgäri yzygiderli syryp-süpürýärler. Şäher polisiýasy gözegçiligini güýçlendirdi, esasanam awtoulag duralgalaryny goraýarlar we awtoulaglaryň girmegine rugsat bermeýärler.

Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli ulag çäklendirmeleri söwda we hyzmat ulgamyna täsir etdi. Restoranlardan, azyk dükanlaryndan we beýleki ýerlerden harytlary müşderilere eltip bermek boýunça işlerde uly bökdençlik döredi. Şu günler esasan çüýşeli suw eltip bermekden başga hyzmatlar işlemeýär diýen ýaly, diýip habarçymyz belleýär.

Polisiýa işgärleri bilen söhbetdeş bolan Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, çäklendirmeler 25-nji maýda gutarar diýlip, resmi taýdan yglan edilen hem bolsa, çäklendirmeleriň 27-nji maýa çenli dowam etmegine garaşylýar. Käbir çeşmelere görä, köçeler irden sagat 7-den agşam sagat 7-ä çenli ýapyk bolar, beýlekilere görä, irden 7-den 9-a çenli we agşam 5-den agşam 9-a çenli ýollar açyk bolar.

Bu maglumatlary Aşgabat polisiýasyndan we paýtagtyň administrasiýasyndan resmi taýdan tassyklap bolmady.

Bu aralykda, Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçylary jemgyýetçilik transportynda ýüze çykýan kynçylyklar barada habar berdiler.

Türkmenabat şäheriniň 15-nji awtoulag parkynyň sürüjileri 25-nji maýa sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Bu kärhananyň sürüjilerine köpçülikleýin çäreleriň gatnaşyjylaryny awtobusly gatnatmagyň tabşyryljakdygyny, şeýle-de ýurda barýan daşary ýurtlularyň, şol sanda howa menzilinden karantin zolaklaryna eltmek ýaly işlere çekiljekdigi duýdurylypdyr. Emma awtobuslary taýýarlamak we howpsuzlyk çärelerini görmek sürüjileriň öz hasabyna berjaý edilmeli edilipdir.

Şol bir wagtyň özünde awtobuslar köne, ätiýaçlyk şaýlary we tigirleri ýeterlik däl, olary öz hasabyna satyn almak uly çykdajylary talap edýär. Awtobus üçin tekerleriň bahasy 3000 manat. Sürüjileriň sözlerine görä, boýun gaçyran halatynda köpler işden çykarylýar. Ýurtda ortaça aýlyk 1300 manat.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda döwlet derejesinde ekologiki medeniýeti, sagdyn durmuş ýörelgesi we welosiped sürmegiň ösdürilmegi öňe sürülýär, köpçülikleýin ýörişler yzygiderli geçirilýär we welosiped güni bellenilýär. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň ilaty häkimiýetler tarapyndan gurnalan çärelere gatnaşmaga we maddy taýdan goşant goşmaga mejbur bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG