Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda “ekologik çäre” sebäpli awtoulag hereketi çäklendirildi


"Ekologik çäresi" başlangyjynyň welosiped hereketini wagyz etmäge gönükdirilendigi öňe sürülýär. Illýustrasiýa suraty
"Ekologik çäresi" başlangyjynyň welosiped hereketini wagyz etmäge gönükdirilendigi öňe sürülýär. Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda 10-25-nji maý aralygynda awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler. Bu barada ýarym-resmi türkmen internet neşirleri habar berýärler.

Maglumatda munuň Aşgabat şäheriniň häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň paýtagtda bu günleriň dowamynda ekologik çäresini guramak baradaky başlangyjy esasynda amal edilýändigi öňe sürülýär.

Şol bir wagtda, TDH 9-njy maýda “köpçülikleýin ekologiýa çäresiniň” geçiriljekdigini mälim etse-de, onuň dowamynda awtoulaglaryň hereketleriniň çäklendiriljekdigi barada hiç maglumat bermedi.

Ýarym-resmi türkmen neşirlerine görä, awtobuslaryň we taksileriň hereketine çäklendirmeler girizilmändir.

Galyberse-de, bu başlangyjyň welosiped hereketini wagyz etmäge gönükdirilendigi öňe sürülýär.

Bu aralykda, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtda ulaglaryň hereketiniň eýýäm çäklendirilip başlanandygyny, munuň hem eýýämden ýaşaýjylara käbir nogsanlyklary döredendigini belleýärler.

Habarçylarymyz Aşgabadyň köçelerinde ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň sanynyň artandygyny, şeýle-de olaryň raýatlara ulaglaryny duralgalardan çykarmagyna rugsat bermeýändigini aýdýarlar.

Aşgabatda awtoulaglaryň hereketiniň çäklendiriljekdigi barada öňünden resmi ýagdaýda duýduryş berilmändi.

XS
SM
MD
LG