Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda gözegçilik işleri güýçlendi. Etrap 'taksileri' şäherden kowulýar


Biraz öň Maryda ýaýradylandygy aýdylýan listowka.
Biraz öň Maryda ýaýradylandygy aýdylýan listowka.

Ýurtdaky işsizleriň ýyl-ýyldan köpelmegi öz awtoulagynda kireý edýän adamlary hem köpeltdi. Netijede, ozal sebitlerden gelýän awtoulaglaryň Aşgabada girmek mümkinçilikleri çäklendirilen bolsa, indi sebit paýtagtlaryny etraplardan, oba ýerlerinden gelýän awtoulaglardan saplamak "meselesi" döredi.

Türkmenistanlylary soňky ýyllarda bir tarapdan nyrhlaryň yzygiderli ýokarlanmagy we azyk gytçylygy aljyratsa, ikinji tarapdan döwlet baştutanynyň sebitlere edýän saparlaryndan öň geçirilýän arassaçylyk we howpsuzlyk çäreleri oňaýsyz ýagdaýa salýar. Soňky aýlarda bolsa prezidentiň birden birnäçe ýokary wezipä bellenen ogly hem sebitlere sapar etmäge başlady.

Azatlygyň Marydaky habarçysy düýn sebit paýtagtynda ýene gözegçiligiň güýçlendirilendigini, şol bir wagtda-da irden güýçli arassaçylyk işleriniň başlanandygyny habar berdi.

Mary şäherinden başlap, tä Baýramaly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Bedew aýlawyna (Wekilbazar etrabyna degişli) çenli abadançylyk işleri geçirilýär, Baýramaly ýolunyň asfaltyny täzeleýärler. Marynyň içinde bolsa, 14-nji aprelde sagat 14:00-da Kemine köçesini baglap, ýoluň ak çyzyklaryny täzelediler, ýola çekilen pyýada belgilerini ak reňk bilen reňklediler.

Habarçy Kemine köçesiniň agşamsy bilen ýapyk galandygyny, indi onuň gyralaryndaky beton erňekleriniň arassalanmalydygyny, ýol ýakasyndaky baglaryň ýuwulmalydygyny we görünýän jaýlaryň abatlanyp, reňklenmelidigini, bu işleriň şu günden başlap gijesi bilen dowam etdirilmegine garaşylýandygyny aýtdy.

Şäherde birden köpeldilen ýol gözegçileri öýlän sagat 5-den soň, her hili ownuk bahana tapyp, awtoulaglaryna degmän, sürüjileriň sürüjilik şahadatnamasyny alyp, olaryň göni öýlerine gitmegini tabşyryp başlady.

"Eger-de ýolda başga polisiýa saklap, dokument sorasa, şäheriň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri aldy, wagtlaýyn sürüjilik şahadatnamasyny hem ýazyp bermedi diýäýiň" diýdiler. Bu galagoplugyň sebäbi düşündirilmeýär diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen polisiýa işgäri "anyk sebäbini özümiz hem bilemizok" diýdi. Ýöne ol iki hepde çemesi wagt içinde prezidentiň ýa onuň oglunyň, ýa-da ikisiniň hem bile gelmeginiň ähtimaldygyny aradan aýyrmady.

Hukuk goraýjylara berlen buýruk, biri-birinden habarsyz iki polisiýa işgäriniň tassyklamagyna görä, şäheri "awtoulaglardan saplamakdan" ybarat.

Şäheri awtoulaglardan saplamak tagallalary, Azatlygyň ozal hem habar berşi ýaly, paýtagt Aşgabatdan başlandy. Ýurtdaky işsizleriň ýyl-ýyldan köpelmegi şäherlerdäki gurluşyklara, daşary ýutlara işe gidýän adamlar bilen bir hatarda, öz awtoulagynda kireý edýän adamlary hem köpeltdi. Netijede, ozal sebitlerden gelýän awtoulaglaryň Aşgabada girmek mümkinçilikleri çäklendirilen bolsa, indi sebit paýtagtlaryny etraplardan, oba ýerlerinden gelýän awtoulaglardan saplamak "meselesi" döredi.

"Şäheri esasan etraplardan eklenç gözläp gelýänlerden, hususy ulaglarynda taksiçilik edýänlerden arassalamaly, umuman bu ýere gelýän awtoulaglary azaltmaly, bize berlen tabşyryk şeýle" diýip, polisiýa ofiseri Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Ýöne bu Maryda güýçlendirilen gözegçiligiň pyýadalardan sowlup geçendigini asla aňlatmaýar. Aýdylmagyna görä, polisiýa işgärleri 14-nji aprelde köçeleriň geçmesiz ýerlerinden geçýän adamlary hem saklap, olara 21 manatdan jerime ýazmagy ýygjamlatdylar. Ozal bu iş seýrek edilýärdi.

Ýol gözegçilerinden başga, köçede milli howpsuzlyk işgärleri hem köpeldildi. Olar şäheriň çatryklarynda iki-ikiden durup, ellerindäki aragatnaşyk gurallary arkaly düzgün bozan, ýagny öwrülende ak çyzygy basmak ýaly 'maýda-çüýde" ýalňyş goýberen sürüjiler hakynda polisiýa habar berdiler diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen howpsuzlyk işgäri, "dogrymy aýtsam, şu kärim bilen çatrykda durup, polisiýa kömekleşmäge utanýan" diýdi. Ýöne ol häzir Mary sebitine Aşgabatdan hem howpsuzlyk işgärleriniň gelip başlandygyny, "özlerini hem günlerine goýmajakdyklaryny" boýun aldy.

Azatlygyň habarçylary soňky döwürde Marynyň dilegçilik edýänlerden, köne eşikli adamlardan saplanyşy hakynda habar beripdiler. Ýöne 14-nji aprelde başlanan arassalaýyş Aşgabatda döwlet baştutanynyň ýolbaşçylygynda geçirilen mejlisde Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy wezipesine saýlanan wagtyna gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG