Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan Dubaýdan raýatlarynyň ýene bir tapgyryny yzyna gaýtarýar


Ýarym-resmi internet neşiriniň habarynda Dubaýdan getiriljek raýatlaryň sany barada maglumat berilmeýär.

13-nji maýda “Türkmenhowaýollary” gullugy Dubaýdan, pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli watanyna wagtynda dolanyp bilmedik, türkmen raýatlarynyň nobatdaky tapgyryny yzyna getirer. Bu barada ýarym-resmi türkmenportal neşiri Türkmenabadyň aeroportunyň sorag-jogap bölümine salgylanyp maglumat berýär.

Ýatlatsak, mundan bir hepde ozal Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary Birleşen Arap Emirliklerinden ýörite uçaryň gelmegine taýýarlyk görülýändigini anyklamagy başarypdylar.

Şol bir wagtda, ýarym-resmi internet neşiriniň habarynda gürrüňi gidýän uçar bilen getiriljek raýatlaryň sany barada maglumat berilmeýär.

Daşary ýurtlardan getirilen raýatlar 21 gün möhlet bilen karantinde saklanarlar. Emma karantin zolaglarynda koronawirusyň täze ýagdaýlarynyň ýüze çykarylmagy netijesinde, ozaldan getirilen raýatlar üç hepde möhletiň dolandygyna hem garamazdan, öýlerine goýberilmän saklanýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ozaldan saglyk meseleleri bolan azyndan üç adamyň karantinde hassalygynyň ýitileşmegi netijesinde aradan çykandygyny hem tassyklatmagy başarypdylar.

Türkmenistan geçen ýylyň maýynda pandemiýa sebäpli halkara uçar gatnawlaryny togtatsa-da, bu sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryny diňe 2020-nji ýylyň awgustyndan başlap watanyna gaýtaryp başlady.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we resmi mediasy daşary ýurtlarda galan raýatlaryny yzyna getirmegiň tertibini we möhletlerini öňünden yglan etmeýärler, umuman, bu meseläni düýbünden agzamaýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG