Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harbylar Azatlyga içlerini döküp, seslerini halkara jemgyýetçiligine eşitdirmek isleýär


Türkmen harbylary Moskwada Ýeňiş paradyna gatnaşýar. Moskwa, Gyzyl meýdan, 24-nji iýun, 2020.
Türkmen harbylary Moskwada Ýeňiş paradyna gatnaşýar. Moskwa, Gyzyl meýdan, 24-nji iýun, 2020.

Ofiserler özleriniň erkek adam bolup, her hili kynçylyga çydamaga taýýardyklaryny, ýöne aýallaryň, çagalaryň soňsuz ýetde-gütdelige, açlyga çydamaýandygyny aýdýarlar. Netije bolsa uzak garaşdyrmaýar, maşgalasy bozulan ýa bozulmagyň öň ýanynda duran harby gullukçy nirä barsaň tapylýar.

Azatlygyň Marydaky habarçysy bu sebite Daşoguzdan, Lebapdan we Ahaldan iberilen harby işgärleriň birnäçesi bilen anonimlik şertinde söhbetdeş boldy, olar özleriniň durmuş, ýaşaýyş şertleriniň resmi metbugatda aýdylyşy ýaly gowy däldigini gürrüň berdiler.

Has anygy, Mary sebitinde harby gulluga çagyrylan esgerlere tälim berýän ofiserler "durmuş, ýaşaýyş şertleriniň gowy bolmakdan geçen, gaty gözgynydygyny" aýdýarlar.

"Biz gaty kösenýäris. Dogry, biziň işimiz, aýlygymyz bar, şol bir wagtda-da hiç zadymyz ýok. Çagalarymyz aç, jaýlarymyz üstümize ýumruljak bolup dur, remonta däl, maşgalamyzyň iýjek-içjegine, geýjegine pul ýetirip bilemizok" diýip, ofiserler bir-birinden habarsyz ýagdaýda şol bir nägilelikleri dile getirdiler.

Olaryň sözlerine görä, harby gullukçylaryň çagalary mekdepde hem öz deň-duşlaryndan utanmaly bolýar, munuň sebäbi olaryň kakalarynyň Türkmenistanda harby gullukçy bolup işlemegi bilen bagly.

"Bizde öz çagalarymyza ýokary bilim bermek mümkinçiligi hem ýok, sebäbi haýsy okuw jaýyna barsaň, ummasyz möçberde para soraýarlar. Onsoň olaram biz ýaly harby gullukçy bolup, ýurduň haýsy künjegine zyňsalar, şol ýerden hiç ýere gidip bilmän, ýel-güne solan eginbaşly, eşigine däl, iýjegine pul tapman ýaşamaly bolmasa diýip oýlanýarys" diýip, daşoguzly ofiser aýtdy.

Radionyň söhbetdeşleriniň tassyklamagyna görä, ýurduň dürli künjeklerinde işleýän ofiserleriň arasynda maşgalasy bozulan erkekler barha köpelýär. Olar munuň sebäbini öz maşgalalaryny ýeterlik derejede ekläp bilmezlikleri bilen düşündirýärler.

"Bir welaýatda işe başlap, iýgi-içgiňden kesip azajyk pul üýşürýärsiň we ýaşaýan jaýyňy doly remont etmekden geçen, bir otagyny reňkläp ýetişmänkäň başga welaýata işe ugradýarlar, bir göç iki talaň diýilýäniň nämedigini menden soraň, biziň öý goşlarymyz ýolda tozýar, täzesini almaga bolsa ýagdaýymyz ýok" diýip, ahally ofiser käýindi.

Ofiserler özleriniň erkek adam bolup, her hili kynçylyga çydamaga taýýardyklaryny, ýöne aýallaryň, çagalaryň soňsuz ýetde-gütdelige, açlyga çydamaýandygyny aýdýarlar. Netije bolsa uzak garaşdyrmaýar, maşgalasy bozulan ýa bozulmagyň öň ýanynda duran harby gullukçy nirä barsaň tapylýar.

Şeýle-de ofiserler harbylaryň arasynda Orsýetiň barha kän wagyz edilýändigini, "bizi hakyky doganlarça gorajak, çynlakaý ýardam berjek ýurt Russiýa" diýýändiklerini gürrüň berdiler.

"Biz daşary ýurt kanallaryny görýäris we Orsýetde ýa-da ýewropa ýurtlarynyň birinde harby gullukçy bolan bolsak bolmaýarmydy diýýäris. Käte öýde çagalar bilen telewizor görüp otyrkak ýewropa ýurtlarynyň harbylaryny görkezýärler welin, çagalarymyz 'kaka, size haçan şolaryňky ýaly eşik bererler?' diýip soraýarlar. Olar biziň egnimizdäki eşiklerden utanýarlar" diýip, adyny aýtmazlygy soran ofiser çagalaryny aldamaga, 'basym, çagam, wagty gelende bize-de gowy eşik bererler' diýmäge mejbur bolýandygyny gürrüň berdi.

Ofiserleriň aýry-aýrylykda tassyklamagyna görä, olaryň arasynda harby gullukçy bolup, ömründe bir gezek kurortlara, şypahanalara, Awaza gidip bejergi aldym ýa-da ol ýerlere çagalarymy dynç almaga ugratdym diýip aýdyp biljegi ýok.

"Dogry, iň ýokardakylaryň eliniň aşagyndaky oýunjaklar bu kategoriýa girmeýär, olaryň çagalary gowy ýaşaýar" diýip, ofiserleriň biri harby gullukda hem hemmelere deň garalmaýandygyny belledi.

Ofiserler bu ýagdaýlary näme üçin Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdiňiz, mundan maksadyňyz näme diýlen soraga hem tas birmeňzeş jogap berdiler.

"Biz çagalarymyzyň gowy ýaşamagy üçin ömrümiziň iň gözel döwrüni harby gulluga bagyşlap, iň soňunda pulsuz, baran ýerimizde kemsinip ýaşamaly bolduk; bize munuň ýaly döwletbaşy gerek däl, biz öz sesimiziň diňe Türkmenistanda däl, başga ýurtlarda-da eşidilmegini isleýäris" diýip, ofiserler aýtdylar.

Islendik harby bölüme baryp, islendik ofiser bilen hökümeti goşman gürleşiň, barysy bu ýagdaýdan bizar bolandygyny aýdyp zeýrenmese, meniň zat bilmedigim diýip, lebaply ofiser aýtdy.

Häzirlikçe işleýän harby bölümlerini, atlaryny aýtmazlygy soran ofiserler söhbetdeşligiň ahrynda harby gullukçylaryň arasynda ikiçäk gürrüň edilende häzirki hökümeti goldaýan adamlaryň tas galmandygyny, köp harbynyň bu ýagdaýy halka-da, halkara jemgyýetçiligine hem ýetirmek isleýändigini aýtdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG