Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe bilen Russiýanyň Merkezi Aziýadaky basdaşlygy: Türkmenistan Türki geňeşden 'gaça durýar'


Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň VII sammiti. 15-nji oktýabr, 2019. Baku, Azerbaýjan.
Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň VII sammiti. 15-nji oktýabr, 2019. Baku, Azerbaýjan.

“Nikkei Asia” öňdebaryjy ýapon neşiri Türkiýäniň Merkezi Aziýada Russiýa bilen basdaşlygyna syn berýän soňky makalasynda iri döwletleriň arasynda sebit bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek üçin barha ýokarlanýan geosyýasy bäsdeşlige üns çekýär.

“Türkiýäniň Merkezi Aziýada Russiýa bilen basdaşlygy güýçlenýär” sözbaşy bilen çap edilen makala Türkiýäniň hem-de Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň – Türk Geňeşiniň sebitdäki roluna, Russiýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen däp bolan ýakyn gatnaşyklaryny saklap galmak tagallalaryna syn berýär.

Makala Türk Geňeşine Ankaranyň sebitdäki türki dilli döwletler bilen gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmagyna itergi berýän gural hökmünde garaýar we bu tagallalara Russiýanyň bildirýän garşylygyny nygtaýar.

31-nji martda Türk Geňeşine girýän ýurtlaryň döwlet baştutanlary wideoaragatnaşyk arkaly resmi däl sammit geçirdi. Ýygnaga geňeşiň çakylygy boýunça türkmen lideri hem gatnaşdy.

Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi – Türk Geňeşi 2009-njy ýylda esaslandyryldy we Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkiýe bu guramanyň agzasydyr. Ýewropa ýurtlaryndan Wengriýa geňeşiň synçy agzasydyr.

Bitarap Türkmenistan geňeşe agza däl, ýöne Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan soňky ýygnakda eden çykyşynda Türkmenistany ýene-de bir gezek gurama agzalyga çagyrdy. Bu soňky aýlarda Erdoganyň Türkmenistana yzly-yzyna eden ikinji birmeňzeş çagyryşy boldy. Has ozal, dekabrda türkmen bitaraplygy mynasybetli türkmenlere iberen wideo gutlagynda türk prezidenti Türkmenistany gurama agzalyga çagyrypdy.

Ýapon neşiri Ankaranyň Aşgabady yzly-yzyna Türk Geňeşine çagyrýan wagty, Moskwanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary ýygjamlaşdyrýandygyny aýdýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow 31-nji martda Türk Geňeşiniň resmi däl ýygnagyna gatnaşdy. Şol wagtlar, Türkmenistanyň daşary işler ministri we hökümet başlygynyň orunbasary Reşit Meredow bilen prezidentiň ogly we wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 30-njy mart - 2-nji aprel aralygynda Moskwada ýokary derejeli rus resmileri bilen duşuşýardy.

Moskwada rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen geçiren duşuşygynda Reşit Meredow Russiýanyň pandemiýa garşy Türkmenistana iberen hemaýatyna minnetdarlyk sözlerini beýan etdi. Saparyň yz ýany, 9-njy aprelde türkmen prezidenti ogly Serdar Berdimuhamedowy türkmen-rus we türkmen-ýapon hökümetara düzümleriniň türkmen tarapynyň başlyklygyna belledi we Reşit Meredowy bu wezipelerden boşatdy.

Reşit Meredow COVID-19 garşy göreş ýardamy uçin Orsýete minnetdarlyk bildirdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:48 0:00

“Sputnik” rus neşirine görä, 1-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy Waleriý Gerasimow we Goranmak ministriniň orunbasary Aleksandr Fomin Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy, Türkmenistanyň goranmak ministriniň orunbasary polkownik Akmyrat Anamedow bilen duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar harby hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşypdyrlar.

Ýapon neşirine görä, Russiýa NATO agzasy Türkiýäniň Moskwanyň “howlusynda” öz täsirini artdyrmagyna mähirli garamaýar.

Neşir Türk Geňeşiniň taryh, medeniýet we dil taýdan ýakyn ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini aýdýar.

Türk prezidenti 31-nji martda geçirilen resmi däl mejlisde eden çykyşynda Türk Geňeşine “halkara gurama” statusynyň berilmegini goldap çykyş etdi. Ol muny geňeşiň “halkara abraýynyň ähmiýeti” bilen delillendirdi.

“Dünýäde bolup geçýän özgerişler Türk Geňeşi ýaly hyzmatdaşlyk gurluşlarynyň ähmiýetini has-da artdyrýar” diýip, Erdogan aýtdy.

Ýapon neşiri geçen güýz Daglyk-Garabag üstünde alty hepde dowam eden söweşde Ankaranyň Azerbaýjana beren ýardamyna salgylanýar.

Daglyk-Garabag üstünde Azerbaýjan bilen etniki ermeni güýçleriniň arasynda turan söweş Russiýanyň araçylygynda gazanylan parahatçylyk ylalaşygy bilen netijelendi.

Munuň yz ýany, geçen ýanwarda Azerbaýjan Türkmenistan bilen aradaky dawaly ýangyç käni boýunça ylalaşdy we türkmen hökümetine ýakyn neşirlere görä, Azerbaýjan “Dostluk” atlandyrylan ýangyç käniniň 30 göteriminden peýdalanmaga razy boldy. Bu käniň ýerasty baýlyklarynyň galan 70 göterimi Türkmenistanyň paýyna düşdi.

“Nikkei Asianyň” synyna görä, Merkezi Aziýa sebitindäki güýç göreşinde bitarap Türkmenistan uly üns çekýär. Ankara Aşgabady türki geňeşe çekýär. Munuň şeýledigine Erdoganyň soňky aýlarda yzly-yzyna iki gezek Türkmenistana eden çagyryşlary güwä geçýär.

Ýapon neşiriniň ýazmagyna görä, Russiýa Hytaý we ABŞ ýaly iri döwletleriň Merkezi Aziýa sebitinde öz täsirini artdyrmagyny hem oňlamaýar. Neşir bu barada rus daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň sözlerini sitirleýär:

“Merkezi Aziýada amerikanlar we Ýewropa örän işjeň, hususan-da amerikanlar işjeň” diýip, neşir Lawrowyň döwlet mediasyna aýdan sözlerini getirýär.

Lawrow olary Russiýanyň sebitdäki “ýaranlary” we “strategiki hyzmatdaşlary” bilen gatnaşyklaryna zyýan ýetirmäge synanyşmakda aýyplapdyr.

Türkmenistan özüniň bitaraplyk statusyna salgylanyp, Türk Geňeşine ätiýaçly çemeleşip gelýär.

Ýapon neşirine görä, Moskwa Merkezi Aziýany öz orbitasynda saklamaga synanyşýan mahaly, sebitiň köp sanly awtoritar liderleri Moskwanyň saýasynda galmaga hyjuwlanýan bolmagy mümkin.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG