Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda şahsy ulagy irden iki, gije-de dört sagat ulanyp bolýar


Aşgabadyň "Bitaraplyk" köçesinde ulag görünmeýär. Arhiw suraty
Aşgabadyň "Bitaraplyk" köçesinde ulag görünmeýär. Arhiw suraty

Aşgabadyň häkimligi paýtagtda ulaglaryň hereketiniň çäklendirilmeginden iki gün soňra, munuň bilen baglylykda ilata resmi düşündiriş berdi.

Bu barada ýerli gazetlerde 12-nji maýda çap bolan bildirişde aýdylýar we 10-25-nji maý aralygynda “awtoulagsyz günleriň” geçiriljekdigi bellenilýär.

"Türkmenistan" gazeti. 12-nji maýda çap bolan sanynda ýerleşdirilen bildiriş
"Türkmenistan" gazeti. 12-nji maýda çap bolan sanynda ýerleşdirilen bildiriş

Şol bir wagtda-da, paýtagtda sürüjileriň ir sagat 7:00-dan 9:00-a çenli, öýlän sagat 17:00-dan agşam 21:00-a çenli şahsy awtoulaglaryny peýdalanyp biljekdikleri aýdylýar.

Bildirişde Aşgabatda awtoulaglaryň hereketiniň “prezidentiň alyp barýan sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, tebigata aýawly çemeleşmek, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek maksady bilen” çäklendirilendigi öňe sürülýär.

Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri munuň 10-njy maýda paýtagtda awtoulaglaryň hereketiniň çäklendirilmeginden bäri ilat köpçüligine ýetirilen ilkinji resmi maglumat bolandygyny belleýär.

Bu aralykda, ýarym-resmi orient.tm neşiri Aşgabatda ýörite rugsatnamasy bolmadyk ulaglaryň hereketine gadagançylyk girizilen köçeleriň grafigini hem çap etdi.

Ýarym-resmi orient.tm internet neşiriniň maglumatyna görä, ýörite rugsatnamasy bolmadyk ulaglara suratda gyzyl reňk bilen kesgitlenen paýtagyň köçelerinden hereket etmek gadagan edilýär.
Ýarym-resmi orient.tm internet neşiriniň maglumatyna görä, ýörite rugsatnamasy bolmadyk ulaglara suratda gyzyl reňk bilen kesgitlenen paýtagyň köçelerinden hereket etmek gadagan edilýär.

Mundan öň, hökümetçi neşirler bu günleriň dowamynda awtobuslaryň we taksileriň hereketiniň çäklendirmejekdigini habar beripdiler.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtda ulaglaryň hereketiniň çäklendirilmeginiň eýýämden ýaşaýjylara köp nogsanlyklary döredendigini belleýärler.

Habarçylarymyz Aşgabadyň köçelerinde ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň sanynyň artandygyny, paýtagtyň käbir ýollarynyň düýbünden petiklenendigini, şeýle-de polisiýanyň raýatlara ulaglaryny duralgalardan çykarmagyna rugsat bermeýändigini aýdýarlar.

Galyberse-de, çäklendirmeler sebäpli şäherde döwlet taksileriniň bahalarynyň hem telim esse ýokarlanyp, 50 manada ýetendigi, gaýrygoýulmasyz Tiz Kömek gulluklarynyň hereketiniň görnetin haýallandygy bellenilýär.

Aşgabadyň häkimligi we ýol gözegçilik gullugy ýokarky ýagdaýlar boýunça Azatlygyň soraglaryna jogap bermekden ýüz öwürýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG