Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lukaşenka polisiýanyň demonstrantlara garşy ýaraglary ulanmagyna ygtyýar berýän kanuny tassyklady


Belarus howpsuzlyk gulluklary müňlerçe adamy tussag etdi

Belarusda diýdimzor Aleksandr Lukaşenka polisiýanyň we howpsuzlyk gulluklarynyň demonstrantlary ýaraglardan ok atmagyna ygtyýar berýän täze kanuna gol goýdy.

17-nji maýda çykarylan kanuna laýyklykda, kanun goraýjy gulluklarynyň ofiserleri demonstrantlara garşy fiziki hüjümi, ýaraglary, söweş we ýörite serişdeleri ulanan halatynda, eger-de olar “kanuny” hasap edilse, hiç hili jogapkärçilige çekilmezler.

Bu ýurtda demokratiki tarapdar hereketi basyp ýatyrmak ugrunda görülýän çäreleriň arasynda, raýat hukuklaryny we maglumat azatlygyny ýiti çäklendirýän aprelde kabul edilen giň gerimli kanunçylygyň bir bölegi boldy.

Geçen awgustdaky prezidentlik saýlawlarynda Lukaşenka ýeňiji diýlip yglan edilenden soňra, ýurt boýunça onlarça müň belarus ýörişleri geçirdi. Oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa we onuň tarapdarlary prezidentlik saýlawlarynyň netijeleriniň galplaşdyrylandygyny aýdýarlar.

Howpsuzlyk gulluklary müňlerçe adamy tussag etdi, şeýle-de Tihanowskaýany we oppozisiýanyň beýleki ýokary derejeli wekillerini ýurtdan çykmaga mejbur etdi. Gazaplylykda birnäçe protestçi öldürildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG