Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenler Russiýada hemişelik ýaşaýyş statusyny almakda päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýar


Türkmenistandaky rus ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň öňündäki nobat, Aşgabat, 21-nji dekabr, 2018. Arhiwden alnan surat.
Türkmenistandaky rus ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň öňündäki nobat, Aşgabat, 21-nji dekabr, 2018. Arhiwden alnan surat.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Russiýada hemişelik ýaşaýyş statusyny almak isleýän türkmenistanly raýatlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri barada habar berýärler.

Habarçylaryň maglumatlaryna görä, Aşgabatdaky rus konsulhanasynyň golaýynda ýaşaýan iki türkmenistanly erkek adam Russiýa hemişelik göçmek isleýän raýatlaryň ýüztutmalaryny doldurmak, Russiýada wagtlaýyn ýaşaýyş rugsatnamasyny almak, anketa doldurmak ýaly işler üçin tölegli hyzmatlary hödürleýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri bu iki raýaty türkmenistanlylaryň ýurdy köpçülikleýin terk etmegine ýardam bermekde “aýyplaýar”.

Azatlyk Radiosy soňky ýyllarda Türkmenistandan Russiýa hemişelik göçmek statusyna eýe bolmak isleýän türkmenistanly raýatlaryň sanynyň artýandygy barada habar berdi.

Ýaňy-ýakynda, türkmenistanly raýatlaryň Russiýada hemişelik ýaşaýyş rugsadyny almaklary üçin zerur bolan dokumentleriň doldurylmagynda käbir meseleler ýüze çykypdyr we bu ugurlar boýunça tölegli hyzmat hödürleýän iki türkmenistanly raýat ýüze çykan meselelere ilteşikli hasaplanýar.

Azatlyk Radiosy bu iki raýatyň şahsyýetini anyklaýan maglumatlary aýan etmekden saklanýar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistany hemişelik terk eden ençeme raýatlar Moskwa barandan soňra özleriniň ýüztutmalarynyň ýalňyş doldurylandygyny bilip galýar. Olaryň ýüztutmalary Russiýada hemişelik ýaşaýyş rugsadyny almaga däl-de, wagtlaýyn ýaşaýyş rugsadyny almaga niýetlenip doldurylypdyr.

Dokumentleri ýalňyş doldurylan türkmenistanlylar Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasyna ýüz tutupdyrlar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, Aşgabatdaky rus konsulhanasy doldurylmaly ýüztutmalar üçin türkmenistanlylary agzalýan iki raýatyň tölegli hyzmatlaryndan peýdalanmaga ugrukdyrýar.

Olar RWP (разрешения на временное проживание), ýagny Russiýada wagtlaýyn ýaşaýyş rugsadyny almaga degişli blankalary 1000 manada doldurýan ekeni. Şeýle-de, olar Russiýada hemişelik göçmek statusyny almaga degişli Çakylyk haty üçin raýatlardan 850 dollar soraýan ekeni.

2020-nji ýyla çenli Türkmenistanda ykdysady şertleriň ýaramazlaşmagy bilen has köp adam eklenç gözleginde wagtlaýyn ýa-da hemişelik daşary ýurtlara çykmaga ýykgyn edýärdi. Pandemiýa sebäpli halkara gatnawlaryň ýatyrylmagyndan soňra bu meýiller baradaky jikme-jiklikler aýdyň däl.

2019-njy ýylyň martynda Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri soňky on ýylda 2 milliona golaý türkmenistanlynyň ýurdy uzak möhletli esasda terk edendigini habar berdi.

Bu aralykda, soňky ýyllarda Russiýanyň raýatlygyny alýan Merkezi Aziýa raýatlarynyň sany artýar.

“Voices of Central Asia” neşiriniň geçen fewralda Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň sanlaryna salgylanyp, çap eden hasabatyna görä, 2020-nji ýylda 145 müň Merkezi Aziýa raýaty Russiýanyň raýatlygyny alypdyr.

Hasabata görä, 2020-nji ýylda Russiýanyň raýatlygyny alan daşary ýurtlylaryň arasynda Täjigistan raýatlary ukrainalylardan soň ikinji orunda durýar. 2020-nji ýylda 410 müň ukrainaly aňsatlaşdyrylan proses arkaly rus raýatlygyny alypdyr.

Rus pasportyny alýan türkmenistanlylaryň sany beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlary bilen deňeşdirilende juda azdyr.

Hasabata görä, 2017-nji ýylda 729, 2018-nji ýylda 1044, 2019-njy ýylda 1361 we 2020-nji ýylda 2451 türkmenistanly rus raýatlygyny alypdyr.

Şeýle-de, hasabata görä, Russiýa 2020-nji ýylda 2271 türkmenistanly raýata ýaşaýyş rugsadyny beripdir. 2020-nji ýylyň ahyryna çenli Russiýada ýaşaýyş rugsadyny alan türkmenistanly raýatlaryň jemi sany 5115 adama deňdir.

Türkmenistan ýurdy terk edýän raýatlarynyň sany barada resmi sanlary çap etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG