Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Daşary ýurtlardan dolanýan student ýigitler karantinden soň, dessine harby gulluga çagyrylýarlar


Türkmen esgerleri

Şu günler Türkmenistanda harby gulluga ýazky çagyryş möwsümi dowam edýär. Ýokary bilimi tamamlap, golaýda daşary ýurtlardan dolanan ýaş ýigitler karantin möhletlerini tamamlanlaryndan soňra dessine harby gulluga alnyp gidilýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, mart aýynda Täjigistandan, apreliň soňky günlerinde Özbegistandan gelen raýatlar karantin döwründen soň harby komissarlyga çagyrylýar we dessine harby bölümlere alnyp gidilýärler. Karantin möhletini tamamlap, gulluga çagyrylan ýaşlar, habarçynyň maglumatlaryna görä, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýokary okuw jaýlarynda we kolležlerinde bilim alýardy. Olar okuw möhletini doly tamamlan ekeni.

Türkmenistanda nobatdaky harby gulluga çagyryş möwsümi 17-nji martda yglan edildi. Harby gullukdan boşadylmaga hukugy bolmadyk raýatlary gulluga çagyrmak we möhletini tamamlan raýatlary gullukdan boşatmak işleri iýunyň ahyryna çenli dowam eder.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, şu günler pandemiýa sebäpli halkara gatnawlaryň ýatyrylmagynyň netijesinde, ozal ýokary okuw maksady bilen daşary ýurtlara çykan harby gulluga ukyply köp sanly türkmenistanly ýaşlar ýurda dolanyp bilmeýär. Onsuz hem, Türkmenistanda orta bilim 12 ýyllyga geçirileli bäri, habarçynyň sözlerine görä, ýazky çagyryş möwsümi kyn geçýär.

Geçen ýyllarda Azatlyk Radiosy orta bilimi tamamlan ýaşlaryň mekdep partasyndan harby gulluga alnyp gidilýändikleri barada habar berdi.

Türkmenistanda 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap, hökmany orta bilim 12 ýyllyk okuw maksatnamasyna geçirildi. Ýöne munuň yz ýany, 2016-njy ýylda ýurtda orta bilimi gaýtadan 10 ýyl möhlete geçirmek barada maglumatlar peýda boldy. Türkmenistanda ilkinji gezek 12-nji klasy tamamlajak ýaşlar, häzirki düzgün dowam etse, 2025-nji ýylyň maýynda uçurym bolarlar.

“...orta bilim alýan ýaşlar iýun aýynyň soňky günlerinde harby komissarlyga çagyrylyp, soňra şol ýerden harby bölümlere alnyp gidilýärler” diýip, bir türkmenistanly Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Iýun aýynda 11-nji synpy gutaran okuwçylar harby gulluga alnyp gidilýär” diýip, ol sözüne goşdy.

Türkmenabadyň harby wekilliginiň bir serkerdesi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim gürrüňdeşlikde harby gulluga çagyryş möwsüminde gulluga çagyrylmaly 18 ýaşyny dolduran raýatlaryň sanynyň ýyl-ýyldan azalýandygyny gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň ilat sany barada takyk sanlary mälim etmeýär.

“Ýaşlar daşary ýurtlarda. Ýaz paslynyň nobatdaky çagyryş möwsüminde gerekli ýaşlary zordan harby gulluga çagyryp, plany dolýarys” diýip, serkerde sözüniň üstüni ýetirdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, Özbegistandan we Täjigistandan ýurda dolanan studentlerden jemi 250-den gowrak talyp harby gulluga çagyrylypdyr.

Öýe dolanýan ýaşlar ýurda aýak basanlaryndan soň karantine, karantinden soň harby gulluga alnyp gidilýärler.

Şol bir wagtyň özünde, habarçynyň maglumatlaryna görä, ýörite howa gatnawlary arkaly ýurda dolanýan harby biledi bolmadyk ýaş ýigitler derhal harby komissarlyklar tarapyndan hasaba alynýarlar.

Türkmenistan erkek raýatlary 16 ýaşdan soň harby hasaba alýar we 18-27 ýaş aralygynda olary mejbury harby gulluga çagyrýar.

Harby hasapda duran raýatlar ýaşaýan ýerlerinden hemişelik göçenlerinde ýa-da 6 aýdan artyk möhlet bilen daşary ýurda gidenlerinde harby hasapdan çykmaga we daşary ýurtdan dolanyp gelenlerinde iki hepdäniň dowamynda harby hasaba durmaga borçlydyrlar.

Galyberse-de, Türkmenistan ynanjy sebäpli hökmany harby gullukdan boýun gaçyrýan raýatlara alternatiw gulluk mümkinçiliklerini hödürlemeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG