Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda pagta çigidiniň gytçylygy ýag defisitine getirýär, ýerli ösümlik ýag kärhanasy iş togtatdy


Pagta çigidi
Pagta çigidi

Lebapda häkimiýetler 10 tonnalyk tohumlyk pagta çigidini ele salandan soňra, sebitde önümçilige degişli çigidiň gytçylygy we munuň ýag önümçiligine ýetirýän oňaýsyz täsirleri barada habarlar gelip gowuşýar.

19-njy maýda Azatlyk Radiosy Polisiýanyň ykdysady jenaýatlara garşy göreş bölüminiň we keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak bilen meşgullanýan toparyň Dänew etrabynyň Galkynyş şäherçesinde 10 tonna tohumlyk çigidi we 1 tonna arassalanmadyk, ýarym taýýar ýagdaýdaky ösümlik ýagyny we ýag çykarýan enjamy ele salandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy soňky maglumatlarynda şu günler Türkmenabadyň ösümlik ýag kärhanasynyň çigit ýetmezçiligi sebäpli işini togtadandygyny habar berýär.

“Çigit gutardy. Çig mal ýok. Şol sebäpden ýag zawody işini togtatdy” diýip, zawodyň bir hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Işgärleriň 60 göterimi tölegsiz rugsada goýberildi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýerli kärhananyň öz işgärlerini köpçülikleýin tölegsiz rugsada ugratmagy, sebitde dowam edýän çigit gytçylygy bilen bir hatarda tutuş ýurt boýunça ykdysady kynçylyklaryň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.

Ýatlasak, iki aý mundan ozal Lebapda köp sanly döwlet edara-kärhanalary işgär sanyny kemeltdi we käbir pudaklaryň işgärleriniň aýlyk haklarynyň belli bir böleginiň haryt bilen tölenilmegi kararlaşdyryldy.

“Işgärler 1-nji iýundan tölegsiz rugsada çykmaga borçly edildi. Üç aý hak tölenmez. Sentýabr aýynda täze ekilen pagtanyň çigidi gelýänçä bizi işe çykarmazlar” diýip, ösümlik ýag kärhanasynyň işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Onuň sözlerinden çen tutulsa, mejbury tölegsiz rugsada iberilen işgärler möwsümleýin işgärler däl.

Sebitdäki iri ösümlik ýag kärhanasy öz işini togtadýan wagty, bazarlarda pagta ýagynyň bahasy ýokarlanýar.

“5 litrlik pagta ýagynyň bahasy 200 manada çykdy” diýip, bir sebit ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Döwlet dükanlarynda pagta ýagy aýlyk “paýok” hökmünde hojalyklara arzan bahadan satylýar.

“Her maşgala aýda 1,5 litr pagta ýagy satylýar. Gapdaly bilen iki guty kükürt berilýär. 10 adamly hojalyklara 3 litr pagta ýagy berilýär. 10-dan köp adamly hojalyklara 5 litr berilýär. 1,5 litr pagta ýagynyň we iki guty kükürtiň bahasy 10 manat” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Ýöne onuň sözlerine görä, çigit gytçylygynyň fonunda ösümlik ýag kärhanasynyň öz işini togtatmagy bilen ýerli ýaşaýjylar ýag “paýoklarynyň” gijikdirilmeginden alada galýarlar.

“Ýag zawody durdy. Ýag defisit bolar” diýip, ýerli ýaşaýjy aladalaryny beýan etdi.

Ýag kärhanasynyň işgärine görä, üç ýyl töweregi mundan ozal, zawod üç çalyşykda işlände 200-240 tonna pagta çigidini gaýtadan işlemäge ukyply ekeni.

“2020-nji we 2021-nji ýyllaryň maý aýlaryna çenli 80 tonna çigit zordan işlenýärdi” diýip, ol aýdýar.

Geçen ýylyň aprelinde Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde gopan harasatdan soň, sebitiň ekerançylyk meýdanlary uly zyýan çekdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň ekiş möwsüminde Lebap welaýatynyň Çärjew, Farap we Saýat etraplarynda iki-üç gezek sökülip, täzeden ekilen gowaça meýdanlary bar. Giç ekilen gowaçanyň hasyllylygy pes boldy.

Pagtanyň pes hasyllylygynyň netijesinde, çigit gytçylygy, çigit gytçylygy sebäpli bolsa, ýag defisiti ýüze çykypdyr.

Azatlyk Radiosy häkimiýetleriň ýurduň oba hojalyk pudagynda ýol berýän kemçilikleri, daýhanlaryň dökün, tehnika we suw ýetmezçilikleri barada yzygiderli habar berýär.

Ýerli ýaşaýjylar pagta ýagynyň bol bolan döwürlerini ahmyrly ýatlaýar.

“Öňki döwür gowudy. Pagta ýagyny isleseň 10 litr, isleseň 40 litr satyn alyp bolýardy. Hany şol döwürler. Düýş ýaly geçip gitdi” diýip, lebaply Mama daýza anyk haýsy döwri ýatlaýandygyny aýdyňlaşdyrman hyrçyny dişleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG