Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler Lebabyň önümçilik kärhanalaryny derňeýär, birnäçe ýolbaşçy tussag edildi


Illýustrasiýa suraty

Türkmen häkimiýetleri Lebap welaýatynyň käbir edara-kärhanalarynda we önümçilik zawodlarynda giň gerimli derňew geçirýär. Şu wagta çenli geçirilen derňewlerde korrupsiýa aýyplamalary bilen birnäçe kärhana ýolbaşçysy we jogapkär işgär tussag edildi. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri habar berýärler.

“Lebapda birnäçe zawodyň başlygyny tussag etdiler” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme atlandyrylmazlyk şertinde Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Türkmenabadyň ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de “Lebapmiwe” obasenagat birleşiginiň ýolbaşçylary tussag edildi.

Çeşme “Lebapmiwe” önümçilik birleşiginiň ýolbaşçysynyň Russiýadan import edilen ýeralmany ýurduň içerki bazarlarynda gymmat bahadan ýerlemekde aýyplanýandygyny habar berdi.

“Ony barlag netijesinde tussag etdiler. Ýeralmanyň arzan bahadan import edilendigine garamazdan, kärhana ýolbaşçysy ony iki esse gymmat bahadan bazarlarda satdyrypdyr” diýip, çeşme gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebabyň önümçilik kärhanalarynda dowam edýän derňewleri tassyklap, barlag işlerine Baş prokuraturanyň hem-de Ýokary gözegçilik edarasynyň derňewçileriniň gatnaşýandygyny habar berdi.

Ýagdaýdan habarly çeşme derňewçileriň Aşgabatdan iberilendigini tassyk etdi.

Onuň maglumatlaryna görä, Türkmenabat ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de “Lebapmiwe” önümçilik birleşiginiň başlyklary üç hepde töweregi mundan ozal tussag edildi.

Ösümlik ýag kärhanasynyň ýolbaşçysy, çeşmäniň tassyklamagyna görä, pagda çigidiniň galyndysyndan öndürilýän künjarany we beýleki önümleri ýakyn töweregindäki adamlara gymmat bahadan satdyrmakda we onuň girdejilerini şahsy hasabyna geçirmekde aýyplanýar.

Azatlyk Radiosy Türkmenabadyň ösümlik ýag kärhanasyndan we “Lebapmiwe” önümçilik birleşiginden bular barada goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Resmi metbugatyň arhiw maglumatlaryna görä, 2018-nji ýylyň ahyrynda Türkmenabat şäheriniň günortasynda, şäheriň köpugurly bazarynyň golaýynda birbada 3 müň tonna gök önümleri saklamaga niýetlenen sowadyjy ammar “Lebapmiwe” obasenagat hojalygyna ulanylmaga berildi.

Ýarym-resmi “Biznes Türkmenistan” neşiriniň maglumatlaryna görä, ýerli daýhan hojalyklar öz önümlerini sarp edijilere ýetirmekde “Lebapmiwe” önümçilik birleşiginiň hyzmatlaryndan peýdalanýar.

Media maglumatlaryndan mälim bolşuna görä, ýerli daýhan hojalyklar gök we bakja önümlerini ýetişdirip, şertnama esasynda bu önümçilik kärhanasynyň ammarlaryna tabşyrýar we önümler hojalygyň ammarlaryndan sarp edijilere ýetirilýär.

“Daýhanlar “Lebapmiwe” bilen şertnama baglaşyp, 500 tonna çenli azyk önümlerini tabşyrdylar. Häzirki wagtda daýhanlar şol tabşyran miwe önümleriniň puluny alyp bilmän, prokuratura arz-şikaýat etdiler” diýip, birleşikde geçirilýän derňewleriň sebäpleri barada goşmaça maglumat beren çeşme aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertde gürrüňdeş bolan bir ýerli daýhan öz önümlerini satyn alan birleşigiň ýolbaşçysynyň özlerine uly maddy zyýan ýetirendigini, onuň daýhanlardan satyn alan önümleriniň tölegini wagtynda töläp bilmeýändigini gürrüň berdi.

Şol bir wagtyň özünde, ýagdaýdan habarly çeşmäniň sözlerine görä, Türkmenabat ösümlik ýag kärhanasynyň ýolbaşçysy önümleri bikanun ýol bilen satmakda we döwlete uly zyýan ýetirmekde aýyplanýar.

Lebabyň önümçilik kärhanalarynda dowam edýän derňewler, ýurduň döwlet dükanlarynda dowam edýän azyk gytçylygynyň fonunda alnyp barylýar.

“Öňki ýyllarda her hojalyga aýda bir gezek 5 litr pagta ýagy berilýärdi, häzirki wagtda täze hasyldan alnan pagta ýagy her hojalyga 1,5 ýarym litrden paýok diýip paýlanýar, onuň üsti uruş, dawa-jenjel” diýip, çeşme Türkmenabatdan habar berdi.

Ýöne Lebapda dowam edýän barlaglar diňe “Lebapmiwe” we Türkmenabat ösümlik ýag kärhanasy bilen çäklenmeýär.

Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Türkmenabadyň un zawodynda; Saýat, Dänew we Çärjew etraplarynyň pagta kabul edýän harmanlarynda; Farap etrabynda we Türkmenabat şäherinde ýerleşýän banklarda; Lebabyň gurluşyk materiallary saklanýan ammarlarynda we Türkmenabadyň beýleki gök-bakja saklanýan sowadyjy ammarlarynda derňewler we tussag etmeler dowam edýär.

Çeşme tussag edilen adamlaryň ýakyn wagtlarda döwlet telewideniýesinde elleri gandally görkezilmeginiň ahmaldygyny çaklady.

“Ýakyn wagtda Lebabyň önümçilik zawodlarynyň direktorlary “Watan” habarlar programmasynda “parahorlykda tussag edildi” diýip, görkeziler” diýip, çeşme aýtdy.

Türkmenistanda häkimiýetleriň döwlet we iş adamlaryny, gullukçylary we beýleki dürli derejelerdäki resmileri korrupsiýada ýa-da başga jenaýatlarda aýyplap, döwlet telewideniýesinde olary öz günälerini boýun alýan halda görkezmek tejribesi saklanyp galýar.

“Başga ýene-de birnäçe önümçilik kärhanalarynyň başlyklary tussag edildi we häzirki wagtda derňew işleri geçirilýär” diýip, çeşme sözüni jemledi.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebabyň önümçilik kärhanalarynda ýol berlen düzgün bozmalara ýerli emeldarlaryň ilteşiginiň hem derňelýändigini habar berdi.

Ol Lebapda käbir ýerli kanun goraýjy edaralaryň wekilleriniň Türkmenabadyň miwe we gök-bakja saklanýan sowadyjy ammarlarynda ýol berlen düzgün bozmalara şäriklik etmekde güman edilýändigini habar berdi.

Habarçy dowam edýän derňewlerde tussag edilenleriň köpdügini aýtdy. Onuň maglumatlaryna görä, tussag edilenleriň hatarynda Saýat, Dänew we Çärjew etraplarynyň pagta kabul edýän harmanhanalarynyň başlyklary we hasapçylary, Lebapda gurluşyk materiallary saklanýan ammarlaryň jogapkär işgärleri hem bar.

Lebapda alnyp barylýan derňewleriň hem-de tussag edilen raýatlara bildirilýän aýyplamalaryň beýleki jikme-jiklikleri, sud işiniň barşy we günä bildirilýänleriň özlerine gönükdirilýän aýyplamalary tassyklaýandygy ýa-da ret edýändigi häzirlikçe mälim däl.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (2)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG