Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen prezidenti çeh hünärmenlerine öz atlarynyň şekili çekilen wiski bulgurlaryny buýurdy


Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz aty Beghan bilen. Aşgabat, 23-nji aprel, 2016.

Çehiýanyň kaşaň aýna önümlerini öndürýän kompaniýasy “Moser” türkmen prezidentine öz halaýan atlarynyň grawýurasy bilen bezelen, ýörite ýasalan wiski bokallaryny iberdi.

Çehiýanyň meşhur kompaniýasynyň başlygy Pawel Menzl bu barada euro.cz bilen geçiren söhbetdeşliginde gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, Aşgabatda öz dükanyny açan “Moser” kompaniýasy prezidentiň ýaşaýan jaýy üçin zerur bolan bezeg önümlerini yzygiderli iberip durýar. Ýaňy-ýakynda bolsa kompaniýa türkmen prezidentinden onuň öz gowy görýän atlarynyň oýulyp çekilen şekili bilen bezelen wiski bokallaryny ýasamak barada talap aldy diýip, Menzl aýtdy.

"Ilkibaşda prezidentiň atlarynyň suratlaryndan dizaýn döredildi, soňra olar biziň grawýuraçylarymyz tarapyndan çüýşe bokallara geçirildi" diýip, Menzl aýtdy.

Türkmen prezidentiniň talaby esasynda ýasalan wiski bokallarynyň bahasy näçe boldy, Azatlyk bu barada häzirlikçe “Moser” kompaniýasyndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň ahal-teke atlaryna bolan aýratyn yhlasy bilen tanalýar. Ol ahal-teke atlary hakynda ýazylan kitaplaryň we goşgularyň hem awtory hasaplanýar.

Ilatyň ýyl-ýyldan garyplaşmagy we azyk ýetmezçiligi bilen baglanyşykly agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän Türkmenistanda her ýyl millionlarça dollar harçlanyp, ahal-teke atynyň güni bellenilýär. Prezidentiň söýgüli atlarynyň hormatyna döwlet baýraklary we at-derejeleri döredildi.

Territoriýasynyň 80 göterimi çölden ybarat bolan Türkmenistanyň geçen ýylyň fewral aýynda täze aýlaw üçin Angliýadan 1 million 300 müň ABŞ dollaryna10 tonna çäge satyn alandygy mälim boldy.

Aýna, çüýşe önümlerini öndürýän "Moser" kompaniýasy 1857-nji ýylda Karlowy Waryda, ýerli telekeçi Lýudwig Moser tarapyndan esaslandyryldy.

“Moser” kompaniýasyna dürli ýyllarda gymmat bahaly bezeg önümlerini buýran haryt müşderileriniň arasynda iňlis şalary, türk soltanlary, pars patyşalary we hatda poplar hem bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG