Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Moskwanyň ýurduň territoriýasynyň haýsydyr bir bölegini ele geçirmäge synanyşýan islendik döwletiň "dişini döwjekdigini" aýtdy.
Putin bu sözleri 20-nji maýda, resmiler bilen geçirilen wideomaslahatyň çäginde aýtdy.
Ol “Hemmeler bize bir ýerlerde agyz salmak ýa-da bizden bir zatlary goparmak isleýär" diýdi we "muny etjekler, bizi dişläp bilmezler ýaly, biziň olaryň ählisiniň dişlerini döwjegimizi bilmelidir, munuň kepili ýaragly güýçleriň ösüşidir" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Şeýle-de Putin Günbataryň Russiýa garşy girizen sanksiýalarynyň güýçli bäsdeşi saklamak üçin ulanylýan taryhy tendensiýanyň dowamydygyny aýtdy we adyny aýtman, Moskwany tankytlaýanlaryň käbiriniň hamala Russiýanyň ägirt uly tebigy baýlyklara eýe bolmagyny adalatsyzlyk hasaplaýandygyny belledi.
Günbatar ýurtlary ABŞ-nyň saýlawlaryna gatyşmak, Krymyň anneksiýa edilmegi we häkimiýetler tarapyndan gözenegiň arkasyna iberilen oppozisiýa lideri Alekseý Nawalna çemeleşilişi bilen bagly meselelerde Moskwanyň oýnaýan roly üçin Orsýete garşy sanksiýa girizdiler.
Putiniň bu sözleri ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen planlaşdyrylýan sammitiň fonunda aýdyldy. Russiýanyň Günbatar ýurtlary bilen aradaky gatnaşyklary häzir Sowuk uruş gutaraly bäri iň pes derejesine düşdi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.