Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adamlar çörek tapanok. Hökümet ilatyň immun derejesini 'ýokarlandyrýar'


Çörek dükany. Bezeg suraty
Çörek dükany. Bezeg suraty

TDH Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň taýýarlanandygyny, Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilatyň immun derejesini ýokarlandyrmagyň wajyp wezipeleriň biridigini nygtandygyny habar berýär.

Türkmenistandaky azyk gytçylygy dowam edýär, Azatlygyň habarçylary maliýe kynçylyklaryny çekýän ilatyň arasynda ýaramaz hilli azyk önümlerini iýip, saglyk ýagdaýlaryny has çylşyrymlaşdyrýan adamlaryň-da bardygyny habar berýärler.

Aşgabatdaky habarçymyzyň bäşinji gün giçlik beren maglumatyna görä, döwlet dükanlaryndaky nan söwdasyna täzelik girizildi, çöregi dükana agşamlyk, iş wagtynyň aýagynda, dükan ýapylmazynyň öň ýanynda getirýärler we ertesi irden satýarlar.

Bu täzelik çörek getirýän awtoulagyň we oňa garaşýan adamlaryň üýşmeleňleriniň wideoýazgy edilmeginiň öňüni almak maksadyny yzarlaýar diýip, anonimlik şertinde gürleşen söwda işgäri aýtdy.

Hut şu sebäpden çöregi gije, adamlaryň ýok wagtynda getirýärler we irden, garaşylmaýan wagtynda satýarlar diýip, eýýäm bu täzeligiň ‘syryny’ öwrenen ýaşaýjylar aýdýar.

Häzir dükana girip sorasaň, satyjylar çörek ýok diýip jogap berer, emma dükandan çykyp, ara kän salym salman yzyňa gelseň, tekjede çörek durandyr diýip, 55 ýaşlaryndaky ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Eger çöregiň tekjede goýlan wagtyna gabat gelip bilseň, döwlet dükanynda satylýan arzan çörekden alyp ýetişýärsiň, ýogsa-da gidip, hususy dükanlarda satylýan gymmat çörekden almaly bolýarsyň diýip, bu täzeligi başga-da iki ýaşaýjy tassyk etdi.

Beýleki azyk önümleriniň söwdasynda hem şuňa meňzeş ozal garaşylmadyk ýagdaýlar görünýär.

Mysal üçin, 20-nji maý güni agşamlyk Guryhowdan etrapçasyndaky 18-nji mekdebiň ýanyna birden, hiç bir duýduryş berilmezden, üstüne azyk ýüklenen awtoulag geldi. Adamlar ony görüp, ylgap bardylar, derrew nobaty bozup, garaşyp duran adamlardan öňe geçen alyjylar hem tapyldy we dawa-jenjel, ýakalaşyk başlandy. Şondan soň azyk ýükli awtoulag gitdi we adamlar ‘paýoksyz’ galdy diýip, habarçy aýtdy.

21-nji maýda bolsa, irden Oguzhan (Aýtakow) köçesindäki 78-nji jaýyň ýanyna, bu hem Guryhowdanda, azyk önümleri ýüklenen iki “Tayota” we iki “Gazel” awtoulagy geldi diýip, habarçy aýtdy. Adamlar nobata ýazyldylar, emma ‘paýok’ alyp bilmediler, ýaş ýigitler awtoulaglara mündiler-de, azyklary paýlaman, maşynlary sürüp gitdiler diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Emma muňa garamazdan, bu günlerde 30 etrapçada ‘paýoklar’ üstüne başga haryt goşmazdan paýlandy, towuk etlerini azrakdan berdiler, bahasy 59 manatdan; käbir ýerlerde ‘paýoklary’ iki gezek alanlar hem boldy, Parahat 2/4 etrapçasynda bolsa häzirlikçe bir gezek hem 'paýok' alan ýok diýip, habarçy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp habar berdi.

Şol bir wagtda, käbir emeldarlaryň öýlerine haltalap şeker, gapyrjaklap towuk eti we ösümlik ýagy daşalýar, muny gözi bilen gören adamlar bar diýip, çeşmeler aýdýar.

Şu aralykda sebitlerden gowşan maglumata görä, etrap ýerlerindäki döwlet dükanlarynda berilýän azyk önümleriniň hili öňküsindenem pes derejä düşdi. Emma adamlar, ellerinde ýeterlik pul bolmansoň, halys aç galmazlyk üçin, eger nobatlary ýetse, tapan zatlaryny almaga mejbur bolýarlar diýip, ýerli habarçy aýtdy.

Hususan-da adamlar berilýän çöregiň hiliniň gaty peselendigini aýdýarlar.

“Alan çöregimiň tagamy ajymtyk, turşy, daşy bişen bolsa-da, içi çyg, üstünden bir gün geçmänkä yslanýar” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.

Döwlet dükanlarynda berilýän unuň hem hili pes, eleseň kepek, un biti çykýar, ýakynsyz ysy hem bar, onsoň ony çörek bişirmezden öň birnäçe gezek elemeli bolýar, ýöne şondan soň bişiren çöregiň hem ysly we gyjyrdyly bolýar diýip, radionyň ikinji söhbetdeşi gürrüň berdi.

Döwlet dükanlarynda berilýän azyk önümleriniň ýene biri bolsa pagta çigidinden edilen pes hilli ýag bolup, ony gowy ýakman ulanyp bolmaýar, bagry agyryp, hassahanada bejergi alan adamlar bu ýagdan bişirilen nahary iýse, ýene yzyna, hassahana barýar.

“Berilýän ýagyň reňki gap-gara, ony öýde ýaksaň, içerik ornan ýakymsyz ys hepdeläp çykmaýar, daşarda, gazanda ýaksaň hem, howada ysy asylyp durýar; berilýän harytlaryň hili gowulanmasa, köp adamyň saglygy zaýalanar” diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.

Şu aralykda TDH Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň taýýarlanandygyny habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu maksatnama baradaky hasabaty diňläp, ilatyň immun derejesini ýokarlandyrmagyň, keselleriň öňüni almagyň... wajyp wezipeleriň biridigini nygtady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG