Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jon Oliweri ýerinde oturtmakmy? Propagandaçylar Arkadaga “aýy dostlugyny” etdiler - pikir


Jon Oliwer hem onuň Arkadagyň atdan ýykylýan suratly torty
Jon Oliwer hem onuň Arkadagyň atdan ýykylýan suratly torty

Golaýda türkmen hökümetine tarapdar bolan Turkmenportal Parižde dünýädäki iň uly tortuň nädip bişirilendigi barada, kiçeňräk maglumat çap etdi.

Eger Turkmenportalyň adatça diňe Türkmenistan baradaky habarlary çap edýändigini, onuň döwlet habar beriş serişdelerinden resmi habarlary göçürýändigini nazara almasak, bu maglumat beýle bir üýtgeşik zat däl, habaryň asyl çeşmesini görkezmändigi üçin, awtory ýazgaryp-da bolmaz. Ýöne meniň kärdeşimiň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ilatynyň hakykatda aglaba böleginiň ýarym aç ýaşaýan häzirki ýagdaýynda, türkmenleriň indi “ýurtda açlyk başlandy” diýip aç-açan aýdýan pursadynda, neşiriň bu maglumatyny fransuz rewolýusiýasynyň meşhur pidasyna degişli: «Olaryň çöregi bolmasa, tort iýsinler!» diýen söz bilen deňeşdirip bolar.

Emma biziň ol kärdeşimiz 18-nji asyryň ahyrynda bolup geçen taryhy wakalara ünsi çekip, Turkmenportalyň "gazlary ürküzmegi" göz öňünde tutmagynyň ähtimal däldigini ýüzugra sözüne goşdy, şol döwürde şa maşgalasyndan başga-da, ýüzlerçe emeldar gilotin çapgysynyň astynda ömrüni tamamlapdy. Kärdeşimiň pikiriçe, bu makala iňlis-amerikan komediýaçysy Jon Oliweri “ýerinde oturtmagy” maksat edinýän bolmaly. Azatlygynyň okyjylary 2019-njy ýylda Amerikanyň meşhur şowhun gepleşikleri alyp baryjysy “Geçen hepde şu gün agşam” gepleşiginde, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň atdan ýykylyşyny şekillendirýän dünýädäki iň uly torty öz tomaşaçylaryna ýetirişini ýatlap bilerler.

Şowhun gepleşigini alyp baryjynyň aýtmagyna görä, ol tort "ynsan hukuklaryny bozýany" utandyrmak – prezident Berdimuhamedowyň hiç bir manysyz Ginnesiň rekordlaryna girmek synanyşygyny ýaňsylamak maksady bilen bişirildir.

Hökümetiň tarapdary bolan internet-neşiriniň habarynda, fransuz konditer önümlerini taýýarlaýjylaryň “döreden taýsyz beýik” tortunyň Ginnesiň rekordlar kitabyna giriziljekdigine bolan ynam aýratyn bellenýär hem meniň kärdeşlerimiň pikiriniň dogrudygyny görkezýär. Ýeri gelende ýatlatsak, Jon Oliweriň Berdimuhamedowyň atdan ýykylan suratly torty türkmen prezidenti tarapyndan uly hormat goýulýan Ginnesiň rekordlar kitabyna girip bilmedi. Onuň özi, hatda aty hem Arkadaga aşa gadyrly bolan ol kitaba birnäçe gezek girizildi.

Eger Parižde taýýarlanan iň uly tort baradaky bellik hakykatdanam Jon Oliweriň adyna gönükdirilen bolsa, habaryň ýaňzydylýan adama ýetjegi şübhe döredýär, meşhur komediýaçy artistiň Turkmenportalyň okyjysy bolmazlygy mümkin. Nähili-de bolsa-da, bu neşir türkmen režiminiň şübhesiz wagyzçysy bolup durýar, ol öz çykyşy bilen häzirki "ýarym aç" türkmen jemgyýetiniň "gaharyny getirjek” bolmasa-da, Arkadaga mundan iki ýyl ozal ýüzünde atdan ýykylyp barýan torty ýatladyp, “aýy dostlugyny” etdiler.

Ýeri gelende aýtsak, Parižde taýýarlanan äpet tort baradaky maglumatyň ilkinji çeşmesi Fransiýanyň Le Parisien gazetidir, ol geçen hepdede maşgala zorlugynda aýyplanan türkmen ilçisi barada habar berdi.

Bu ýerde awtoryň öňe süren pikirleri redaksiýanyň garaýşyny görkezmän biler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG