Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kremliň tankytçysy Nawalna garşy ýene üç jenaýat işi açyldy


Nawalny syýasy äheňli toslanandygyny aýdan pul ýuwmak baradaky aýyplamalaryň esasynda türme tussaglygynda otyr.
Nawalny syýasy äheňli toslanandygyny aýdan pul ýuwmak baradaky aýyplamalaryň esasynda türme tussaglygynda otyr.

Tussaglykdaky rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny özüne garşy täze üç jenaýat işiniň gozgalandygyny aýdýar.

Nawalny 25-nji maýda çap eden Instagram postunda bu barada mundan bir gün öň tussaghana gelen prokuroryň mälim edendigini belledi.

Ol birinji işiň çäginde özüniň Korrupsiýa Garşy Fonduna (FBK) edilen haýyr-sahawatlary “ogurlamakda” aýyplama bildirilýändigini, ikinji işe laýyklykda bolsa, oňa “adamlary raýatlyk borçlaryny berjaý etmekden ýüz öwürmäge çagyrmakda” aýyplama ýöňkelýändigini aýtdy.

Üçünji işde bolsa 44 ýaşly Kremliň tankytçysy sudýanyň mertebesini kemsitmekde aýyplanýar.

“Meniň kapasanyň içinde ýöne çaý içip, wagtymy boş geçirýändigimi çaklamaň” diýip, ol postunda kinaýaly nygtady.

“Meniň kuwwatly jenaýat sindikatym ulalýar. Men barha köp jenaýaty amala aşyrýaryn. Barha köp derňewçi adam öldürmeleri, ogurlyklar we adam gaçakçylygy ýaly bolgusyz zatlara gümra bolman, meniň bilen başagaý bolýar” diýip, Nawalny sözüne goşdy.

Nawalny syýasy äheňli toslanandygyny aýdan pul ýuwmak baradaky aýyplamalaryň esasynda türme tussaglygynda otyr. Ol awgustda nerw agenti bilen zäherlenmegi sebäpli ençeme hepdeläp Germaniýada bejergi alyp, ýanwarda Russiýa dolanan dessine tussag edildi.

XS
SM
MD
LG