Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ÝB-niň daşary işler ministrleri Belarusa garşy giriziljek ykdysady sanksiýalary maslahatlaşýar


Minsk, 23-nji maý, 2021

Ýewropanyň awiasiýa düzgünleşdirijisi, ÝB barha beter çetleşdirilýän gündogar ýewropa ýurdy bilen aradaky howa ýollaryny kesmäge başlanyndan soň, “Ryanair” ýolagçylary bilen bagly hadysadan soňky howpsuzlyk üçin, dünýäniň uçar kompaniýalaryny hem Belarusyň howa giňişliginden gaça durmaga çagyrdy.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri ýaňy-ýakynda paýtagt Minskde mejbury gondurylan ýolagçy uçary we bir ýurtdan başga ýurda barýan žurnalist bilen onuň halaşýan gyzynyň gyssanmaç tussag edilmegi sebäpli bildirilen halkara ýazgarmalarynyň arasynda Belarusa garşy girizilip biljek ykdysady sanksiýalar barada gepleşiklere başlady.

"Bu uçaryň alnyp gaçylmagy we onuň iki ýolagçysynyň tussag edilmegi düýbünden kabul ederliksiz we biz pudaklaýyn hem-de ykdysady sanksiýalaryň girizilmegini ara alyp maslahatlaşmaga başlarys" diýip, ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrell 27-nji maýda Lissabonda, daşary işler ministrleriniň arasyndaky duşuşyga goşulanda aýtdy.

Borrell Belarus şahslaryna garşy girizilen täze sanksiýalar tapgyry babatdaky işiň ýokary derejelerine baryp ýetendigini aýtdy, ýöne has jikme-jik maglumatlary bermedi.

Ministrleriň birnäçesi ÝB sanksiýalarynyň nebit we kaliý pudaklary ýaly, belarus ýolbaşçylaryna iň köp peýda getirýän pudaklary nyşana almalydygyny aýtdy.

"Biziň uly bolmadyk sanksiýa ädimleri bilen kanagatlanmajakdygymyz, eýsem Belarusdaky ykdysady gurluşy we maliýe amallaryny düýpli derejede nyşana almagy maksat edinýändigimiz belli zat" diýip, Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maas Lissabondaky žurnalistlere aýtdy.

Belarusyň awtoritar lideri we onuň ýaranlary 2020-nji ýylyň awgust aýyndaky dawaly saýlawlardan soň, Aleksandr Lukaşenkanyň altynjy möhlete saýlanandygy yglan edilenden soň geçirilen köpçülikleýin protestleriň rehimsizlik bilen basylyp ýatyrylmagy sebäpli eýýäm bir topar Günbatar sanksiýasyna sezewar boldy.

Düýbi Kanadada, Montrealda ýerleşýän Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) 27-nji maýda, Belarusyň Gresiýadan Litwa uçan “Ryanair” uçarynyň ugruny üýtgedip, ony Minskä gonmaga mejbur edişini ara alyp maslahatlaşmak üçin gyssagly duşuşyk geçirýär. Günbatar döwletleri 23-nji maýda bolan wakadan soň BMG-niň raýat awiasiýa gullugyny bu hadysany derňemäge çagyrdy.

Ýewropanyň awiasiýa düzgünleşdirijisi 26-njy maýda, ÝB barha beter çetleşdirilýän gündogar ýewropa ýurdy bilen aradaky howa ýollaryny kesmäge başlanyndan soň, “Ryanair” ýolagçylary bilen bagly hadysadan soňky howpsuzlyk çäreleri üçin, dünýäniň uçar kompaniýalaryny hem Belarusyň howa giňişliginden gaça durmaga çagyrdy.

"Bu wakalar bilen bagly ýagdaý belarus häkimiýetleriniň halkara raýat awiasiýasynyň kadalaryny berjaý etjekdigine çynlakaý şübhe döredýär” diýip, Ýewropanyň uçar howpsuzlygy gullugynyň beýanatynda aýdylýar.

Agentlik Ýewropada ýerleşýän we ÝB ýurtlaryna uçýan beýleki uçar kompaniýalaryna, adatdan daşary ýagdaý bolmasa, Belarusyň üstünden geçýän howa ýollaryny ulanmazlygy maslahat berýär.

"Minsk tarapynyň eden hereketleri “Ryanair” uçuşy üçin ýokary töwekgelçilik ýagdaýyny döretdi we Belarusyň howpsuz awiasiýa hyzmatlaryny ýerine ýetirip bilmek ukybyny sorag astyna saldy” diýip, ýewropa düzgünleşdirijisi nygtaýar.

Ýewropa awiakompaniýalary 25-nji maýdan bäri, Belarusyň çägine girmezlik üçin, öz ugurlaryny üýtgedip başlady diýip, “Roýters” belleýär.

Bu 23-nji maýda Gresiýadan Litwa uçan “Ryanair” uçarynyň Minsk şäherinde mejbury gondurylmagyna we onuň ýolagçylarynyň biri - Belarusyň oppozisiýa blogçysy Roman Protasewiçiň we onuň halaşýan gyzy Sofiýa Sapeganyň tussag edilmegine bildirilen halkara reaksiýasynyň diňe bir bölegi boldy.

Prezident saýlawlaryndan soňky bidüzgünçilikleri guramakda aýyplanýan Protasewiçe öz ýurdunda azyndan uzak möhletli türme tussaglygy garaşýar.

Şu aralykda Belarusyň milli uçar kompaniýasy “Belawiýa” 27-nji maýda, beýleki ýurtlar tarapyndan girizilen çäklendirmeler sebäpli, sekiz ýurda planlaşdyrylan uçuşlaryny ýatyrmaga mejbur bolandygyny aýtdy.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň 26-njy maýda geçirilen ýapyk mejlisinden soň çap edilen beýanatda ABŞ we Günbatar Ýewropa agzalary bu wakany "görlüp-eşidilmedik we kabul ederliksiz" diýip atlandyrdylar we "günäkäriň doly jogapkärçiligini" talap etdiler.

Şeýle-de olar Belarusdan žurnalist we oppozisiýa aktiwisti Roman Protasewiçi we onuň halaşýan gyzy Sofiýa Sapegany derrew boşatmaga çagyrdylar.

Lukaşenka 26-njy maýda, bu waka barada köpçülige beren ilkinji düşündirişinde özüne bildirilýän ýazgaryşlary ret etdi we Günbatary köp sanly gyzyl çyzygy bozmakda aýyplady.

1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda oturan hökümdar parlamente ýüzlenip, Belarusyň öz dolandyryjysyny ysgyndan salmaga synanyşýan duşmanlary bilen "buz urşunyň” gyrasynda durandygyny duýdurdy.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG