Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa türkmen studentlerine serhetler açylýança, ýurtda galmagyna rugsat berdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly studentler pasport, ene-atalaryndan pul almak, bank kartlaryna ýatyrylan puly çekmek we beýleki sosial problemalary barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berýärler. Şonuň ýalyda, studentler sosial ulgamlar arkaly çykyş edip, häkimiýetlere seslerini eşitdirmäge çalyşýarlar.

Şolaryň birisi Galmygystanyň Elista şäherindäki döwlet uniwersitetiniň studenti Mälikberdi Allamyradowyň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtmagyna görä, 24-nji maýda türkmenistanly studentleriň pasport, ýaşamaga rugsady barada uniwersitetde duşuşyk geçirildi.

“Ilkibaşda bu ýygnagy Türkmenistanyň konsulhanasyndan bir wekiliň geçirjekdigini aýtdylar. Emma bu habar ýalan bolup çykdy. Onuň ýerine uniwesitetimiziň halkara bölüminde biziň pasport, wiza işlerimize seredýän çinowniklerden biri ýygnagy geçirdi we pasport meselelerimiz barada maglumatlar, düşündirişler berdi. Onuň ady Manjiýew Oçir. Duşuşyga pasport, wiza meseleleri bilen gyzyklanýan 25-30 sany student gatnaşdy” diýip, student aýdýar.

Öz nobatynda Elistadaky döwlet uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar bölüminiň wekili Oçir Manjiýewiň sözlerine görä, rus prezidentiniň karary boýunça häzir türkmenistanly studentleriň pasport, kanuny ýaşamagy bilen bagly hiç bir problema bolmaz we pasportynyň möhleti tamam bolmadyklaryň wizasy uzaldylar.

“Manjiýew pasportynyň möhleti gutaran türkmen studentleriniň bärden 400 kilometr uzaklykda ýerleşän Astrahan şäherindäki türkmen konsulhananasyna baryp, şol ýerden Russiýa Federasiýasynda kanuny ýagdaýda ýaşamak we okamak üçin alty aýlyk şahadatnama almagy maslahat berdi” diýip, duşuşyga gatnaşan Allamyradow aýdýar.

Şeýle-de, ýakynda uniwersiteti tamamlaýan uçurymlaryň hem Türkmenistana hemişelik uçuşlar ýola goýulýança, Russiýada ýaşamak üçin wizasyny her üç aýdan uzaldyp biljekdigini Oçir Manjiýew habar beripdir.

Emma bu dokumentler üçin her sapar töleg etmeli we bu owalam ene-atalaryndan pul almakda kynçylyklary başdan geçirýän studentler, uçurymlar üçin az çykdaýjy däl.

Muňa seretmezden, şol tölegleriň ählisini studentleriň we uçurymlaryň töleýändigini Mälikberdi Allamyradow belledi.

“Şol çykdajylaryň möçberiniň 30 dollara deňdigini aýdýarlar. Bu wagtlaýyn şahadatnama üçin edilýän töleg. Şeýle-de konsulhana zerur resminalary taýýarlamak üçinem aýratyn çykdajy etmeli. Hakyky sagdyn oýlanyp bilýän adamynyň pikirini alsak, konsulhana muny bize mugt etmeli. Sebäbi, häzir türkmen studentleriniň ýagdaýlary “it durmuşy” diýen ýaly durmuşa öwrüldi. Şonuň üçin-de, olar bize tölegi mugt etselerde, ýitirýän zady ýok diýip pikir edýärin” diýip, student Allamyradow Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Elistadaky döwlet uniwersitetiniň resmi wekili Oçir Manjiýew

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde uniwersitetde 600 çemesi türkmenistanly studentiň okaýandygyny habar berip, sözüni dowam etdi.

“Häzir biziň uniwersitetimizde studentleri we uçurymlary işe ýerleşdirmek boýunça üç sany taslama öňe sürülýär. Olara studentleriň we uçurymlaryň gatnaşmaga, işlemäge mümkinçiligi bar. Ýaşaýyş jaýy barada aýdylanda bolsa, olaryň ýurtda kanuny ýagdaýda bolandygy üçin Türkmenistana hemişelik uçuşlar ýola goýulýança, uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýynda galyp bilýärler” diýip, Manjiýew aýdýar.

Galmygystanyň merkezi Elista şäherinde okaýan türkmenistanly studentleriň pasport we beýleki meseleleri bilen ilteşikli türkmen resmilerinden kommentariýa almak başartmady.

Bu uniwersitetde okaýan studentleriň aýdyşyça, okuwyň bir ýyly üçin ortaça 1500 dollar çemesi töleg etmeli.

Olara 6-12 müň rubl aralygynda stipendiýa tölenýär.

Ýöne Elistanyň döwlet uniwersitetinde türkmen hökümeti tarapyndan iberilen ýaşlar okamaýar we öz hasabyna okaýanlara stipendiýa tölenmeýär.

Daşary ýurt mediasynyň ýaýradan resmi sanlaryna görä, diňe Russiýada 30 müň sany türkmenistanly student okaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG