Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ene-atalar daşary ýurtlarda bilim alýan ogul-gyzlaryna alajy bolsa ýurda dolanmazlygy tabşyrýar


Daşary ýurtda bilim alýan ogul-gyzlaryna pul ugratmak üçin öz nobatyna garaşýan ene-atalar. Türkmenistan.
Daşary ýurtda bilim alýan ogul-gyzlaryna pul ugratmak üçin öz nobatyna garaşýan ene-atalar. Türkmenistan.

Döwlet mediasyna görä, Türkmenistan “bolelinligiň, abadançylygyň, bagtyýarlygyň we berkararlygyň” ýurdy. Ýöne “berkarar ýurtda” ýaşaýandygy öňe sürülýän köp sanly ene ata döwlet mediasy bilen ylalaşmaýar. Olar ýurtda dowam edýän krizis we yzy üzülmeýän başga-da birnäçe problema sebäpli daşary ýurtlarda bilim alýan ogul-gyzlaryna ýurda dolanmazlygy, alajy bolsa, daşary ýurtlara ornaşyp, şol ýerde mesgen tutmagy, başarsalar, beýleki jigi-doganlaryny hem daşary ýurda göçürmegi maslahat berýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy birnäçe maryly ene-ata bilen söhbetdeş boldy. Olar söhbetdeşlikde bu ýagdaýy tassyklaýarlar we daşary ýurtdaky ogul-gyzlaryna ýurda dolanmazlygy tabşyrýandyklaryny aýdýarlar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, ene-atalar ogul-gyzlary bilen Internet arkaly habarlaşanlarynda şeýle ündewleri berýärler.

Ene-atalaryň ündewleri türkmen hökümetiniň pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryny, şol sanda okuwy tamamlaýan student ýaşlary tapgyrlaýyn ýurda gaýtarýan wagtlaryna gabat gelýär.

“Yzyňa, Türkmenistana gelmejek boluň! Ugruny tapsaňyz, şol ýerde galyň! Juda bolmasa, Türkiýe döwletine geçiň-de, işläň! Sebäbi bu ýerde “bal gün” ýok, ogul!” diýip, bir ene-ata daşarda ýurtda okaýan ogluna maslahat berýär.

“Siz aňyrda işläp geleniňizden soň, öýlenmeli, durmuş gurmaly. Toý etmek üçin özüňiz pul ýygnap, “öz göbegiňizi özüňiz kesmeseňiz”, bärde hiç zat galmady” diýip, ene-ata ogluna ýüzlenýändigini aýdýar.

Daşary ýurduň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanly ýaşlar ýurda dolananlarynda daşary ýurt diplomlaryny Türkmenistanda tassyklatmaly. Galyberse-de, daşary ýurtda ýokary bilim alan ýaşlar Türkmenistanda işsizlikden kösenýär. Ene-atalar ýaşlaryň daşary ýurt diplomyny tassyklatmak üçin hem-de olaryň işe girmegi üçin müňlerçe dollar para soralýandygyny aýdýarlar.

“Diplom tassyklatmak üçin azyndan 3,000 dollar soraýarlar. Ondan soň, işe girmek üçin ýene 3,000 dollar sorarlar” diýip, bir ene-ata aýdýar.

2019-njy ýylyň martynda türkmen häkimiýetleri Türkmenistanda diplomy kabul edilýän daşary ýurt uniwersitetleriniň sanyny çäklendirdi.

“Başarsaňyz, umuman gelmäň!” diýip, bala-çagasyny görmäge zar ene-ata ogul-gyzynyň ýagty geljegi üçin olara maslahat berýär.

“Gaýtam, aňyrda mesgen tutunyp, jigi-doganlaryňyzy hem öz ýanyňyz bilen alyp gidiň! Bizi äkidip bilmeseňiz hem, jigileriňizi süýräň! Bu ýerde jigileriňiz her gün agyr işde işläp 15-20 manat gazanýarlar. Ol hem ujypsyz bolýar. Jigileriňiz, doganlaryňyz, kakaňyz billerini büküp, agyr işlerde işleýärler. Sen bir gelip biliňi bükmekçi bolma, başarsaň aňyrda galjak bol, ogul!” diýip, ene-ata daşary ýurtda bilim alýan ogluna maslahat berýär.

Türkmenistanda ykdysady krizisiň ýitileşmegi ýönekeý raýatlara urgy bolýar. Tankytçylar häkimiýetleri emelsizlikde aýyplaýar. Döwlet mediasy ýurtda bolelinligiň höküm sürýändigini üznüksiz gaýtalaýar. Bu aralykda, ýurt raýatlary kyn durmuşa çykalga gözleýär.

“Işle, pul ýygna, ogul! Jigileriňi hem alyp git!” diýip, ene-ata maslahat berýär.

“Yza ýol ýok!” diýip, olar gaýtalaýar. Türkmenistana girseň çykyp bolmaýar, giren adamlar “gara sanawa” alynýar” diýip, ene-ata duýduryş berýär.

Agyr ykdysady krizisiň hem-de syýasy çäklendirmeleriň fonunda, galyberse-de, raýat durmuşynyň ähli ugurlarynyň häkimiýetler tarapyndan gözegçilik astynda saklanylmagynyň arasynda Türkmenistany hemişelik terk edýän adamlaryň ýüzündäki şatlyk alamatlary ýurtdaky ykdysady, syýasy we sosial ýagdaýlaryň kynçylyklaryny açyp görkezýär.

“Şatlykdan bogazym doldy” diýip, golaýda Türkmenistany terk eden bir etniki gazak Gazagystana aýak basandan soň, Türkmenistany terk etmegiň şatlygyny paýlaşdy. Ýatlasak, gazak häkimiýetleri 200-den gowrak etniki gazagyň Türkmenistandan Gazagystana göçürilmegini gurady.

"Şatlykdan bogazym doldy". Türkmenistandan gelen gazaklar öz topraklaryna aýak basdylar
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:25 0:00

21-nji maýda Türkmenistan howaýollary agentligi Minskden Aşgabada ýörite çarter gatnawyny gurady we 200 töweregi raýaty ýurda gaýtaryp getirdi. Ýolagçylaryň 80 göterim töwereginiň talyp ýaşlardygy aýdyldy. Galyberse-de, has ozal mart we aprel aýlarynda Täjigistan we Özbegistan respublikalaryndan Türkmenistana getirilen talyparlardan okuw möhletini tamamlan 250-den gowrak ýaş ýigit özleriniň karantin möhletiniň gutarmagynyň yz ýany harby gulluga çagyryldy.

Türkmen hökümeti daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly ýaşlaryň sanyny aýan etmeýär.

Ýöne daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanlylaryň umumy sanynyň onlarça müňdügi çaklanylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG