Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan COVID-19 ýokanjyny ekspres usuly bilen anyklar


"Awazadaky" myhmanhanalaryň ählisinde dermanhanalar döredildi, ilata hyzmat etjek işgärlere sanjym edildi.
"Awazadaky" myhmanhanalaryň ählisinde dermanhanalar döredildi, ilata hyzmat etjek işgärlere sanjym edildi.

"Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky awtoduralgada COVID-19 ýokanjyny ekspres usuly bilen anyklamak ýola goýuldy diýip, Türkmenistanyň saglyk we derman senagaty ministri N.Amannepesow 28-nji maýda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa beren hasabatynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häzire çenli şu tomus “Awazada” dynç almak isleýänleriň 2257 sanysyna COVID-19-a garşy sanjym edildi, ýollamanama resmileşdirildi we degişli rugsatnamalar berildi.

Mundan başga, syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän myhmanhanalaryň ählisinde dermanhanalar döredildi we olar zerur derman serişdeleri bilen üpjün edildi, bu ýerde ilata hyzmat etjek işgärlere sanjym edildi.

Şeýle-de, ministr bu künjekde Polimeraz zynjyrly reaksiýasynyň, PZR enjamlaryň 3-siniň doly güýjünde ulanylýandygyny aýtdy.

Türkmenistan dünýäde koronawirus hadysalarynyň hiç birini resmi taýdan hasaba almadyk az sanly ýurtlaryň biri bolup, bu keselden ölýän adamlar barada syzyp çykýan maglumatlara düşündiriş bermegi häzire-bu güne çenli hem zerur hasaplamaýar.

XS
SM
MD
LG