Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ÝOJ-larynda ‘para möwsümi’ başlaýar


Türkmen talyplary. Arhiw suraty.
Türkmen talyplary. Arhiw suraty.

Ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady krizise we giň ýaýran işsizlige garamazdan, Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin dalaşgärlerden para almak möwsümi ýokarlanan para möçberleri bilen başlaýar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna görä, gara bazarda walýuta söwdagärleri iýun aýynda dollaryň manat garşysynda hümmetiniň ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar. Görnüşinden, walýuta söwdagärleriniň çaklamalary dollara bolan içerki talabyň ýokarlanmagyna garaşylmagy bilen baglanyşykly. Sebäbi, habarçynyň maglumatlaryna görä, iýun aýynda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär mekdeplerinde nobatdaky para almak möwsümi başlaýar. ÝOJ-lara dalaş edýän raýatlaryň hossarlary soralýan parany dollarda üzlüşmeli. Ýurtda walýutanyň resmi alyş-çalyş bahasy boýunça erkin walýuta söwdasy berk çäklendirilýär. Bu çäklendirmeler raýatlary gara bazara iterýär. Artmagy ahmal talaplardan habarly gara bazar, öz gezeginde, daşary ýurt walýutanyň resmi däl alyş-çalyş bahasyny ýokarlandyrýan çemeli.

“Iýun aýynda dollarçylar ýene dollaryň 40 manada ýetjekdigini çaklaýarlar. Häzirki wagtda walýuta söwdagärleri raýatlardan dollary diňe satyn alýar. Zerur ýagdaý ýüze çykmasa, satmaýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy maýda Türkmenabatdan habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Lebabyň administratiw merkezinde şu günler 1 dollar 35,60 – 36,60 manat aralygynda satyn alynýar.

Türkmenistanyň Merkezi banky 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manatlygynda saklap gelýär. Ýöne gara bazarda dollaryň bahasy resmi kursdan 10-11 esse ýokary bolmagynda galýar.

Apreliň başlarynda 1 dollaryň gara bazar bahasy 40 manatdan geçdi. Türkmenistanda walýutanyň gara bazary 2015-nji ýylda täzeden peýda boldy we soňky ýyllarda ýurtda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda walýutanyň bahasy yzygiderli ýokarlandy.

Dowam edýän krizise garamazdan, habarçynyň maglumatlaryna görä, ýurduň ÝOJ-lary we orta hünär mekdepleri okuwa kabul etmek üçin dalaşgärlerden soraýan parasynyň möçberini artdyrýar.

Habarçy ýagdaýdan habarly çeşmelere salgylanyp, ÝOJ-lara we orta hünär mekdeplerine giriş üçin soralýan paranyň möçberiniň ýokarlanjakdygy barada maglumatlaryň bardygyny habar berýär.

Galyberse-de, onuň maglumatlaryna görä, ÝOJ-lar üçin zerur bolan paranyň diňe ABŞ dollarynda kabul edilmegine garaşylýar.

Hökümet tankytçylary türkmen häkimiýetlerini döwletiň ähli pudaklaryna “para pişesini” girizmekde tankyt edýärler.

Azatlyk Radiosy mundan ozal Türkmenistanyň çagalar baglarynda, umumybilim berýän mekdeplerinde, orta hünär mekdeplerinde, ýokary okuw jaýlarynda ýa-da haýsydyr bir edara-kärhana işe kabul edilmekde we beýleki ugurlarda giň ýaýran para-bermit barada habar berdi.

Raýatlaryň ýokary okuw jaýlaryna para bilen okuwa kabul edilmegi häzirki zaman türkmen durmuşynyň “iň açyk syrlarynyň” biri bolmagynda galýar.

Ýönekeý raýatlar ykdysady krizisden ejir çekýän pursatynda, bu ýyl ýokary we orta hünär mekdeplerine girmek üçin soralýan paranyň möçberi näçe?

Habarçynyň malgumatlaryna görä, mugallymçylyk we lukmançylyk mekdepleri iň az para soraýan okuw jaýlary hasaplanýar – 7 müň dollar. Beýleki ÝOJ-larda paranyň möçberi 11 müň dollardan 100 müň dollar aralygynda üýtgeýär. Habarçy hukuk fakultetine okuwa girmek üçin 100 müň dollar para soralýandygyny aýdýar, halkara gatnaşyklar 25-35 müň dollar aralygynda bahalanýar. Lukmançylyk uniwersitetine girmek üçin 26-28 müň dollar aralygynda para soralýar. Oba hojalyk 12 müň dollar töwereklerinde bahalanýar. Mugallymçylyk hünäri boýunça tälim bermek üçin Seýitnazar Seýdi adyndaky institut dalaşgärlerden 13-15 müň dollar aralygynda para soraýar.

ÝOJ-lar üçin soralýan paranyň artdyrylan möçberleri ýurt raýatlary ýiti azyk krizisi bilen ýüzbe-ýüz wagty mälim edilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan Lebap ýaşaýjylary bu ýyl ýokary okuw üçin raýatlaryň daşary ýurda çykmak mümkinçilikleriniň ýokdugyny, şol sebäpden içerki ýokary okuw jaýlaryna isleg bildirýän dalaşgärleriň sanynyň artmagynyň ahmaldygyny aýdýarlar. Türkmenistanda pandemiýa sebäpli halkara gatnawlar çäklendirildi.

Azatlyk Radiosy ÝOJ-lar üçin soralýan para-bermit boýunça Bilim ministrliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG