Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary ýurduň daşynda okamak üçin ýol gözleýärler


Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmen häkimiýetleriniň öz raýatlarynyň ýurduň daşynda bilim almagyna degişli mümkinçilikleri çäklendirmeginiň netijesinde türkmen ýaşlary daşary ýurtlarda okamak üçin ýol gözlemeli bolýarlar we dürli usullara baş goşýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda ulanylýan usullaryň biri okuwa indi girmek isleýänlere degişli. Ýaşlar başarsalar özleriniň daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda geçen ýyl hem okandyklary hakynda resminama edinip, munuň esasynda ýurduň daşyna çykýarlar.

"Şu ýyl daşary ýurtlarda okuwa girmek üçin mekdebi geçen ýyl tamamlan ýaşlar daşary ýurt ýokary okuw jaýlaryndan hamana geçen ýyl hem okandygy we şu ýyl 2-nji kursuna başlamalydygy barada galp resminama alýarlar we soň ýurduň daşyna çykmaga synanyşyp başladylar" diýip, habarçymyz aýdýar we zerur kagyzlary edinmegiň uly çykdajylary talap edýändigini we ýaşlaryň aldawa düşýän halatlarynyň seýrek däldigini belleýärler.

Habarçymyz, ýurtda öz çagalaryny okatmaga islegleriň uly bolmagy sebäpli, köpçüligiň şübheli mümkinçiliklerden peýdalanmakdan hem çekinmeýändigini belleýär.

"Bu bolsa okuwa gitmek isleýän ýaşlaryň ýurdyň içinde we daşynda uly mukdarda para bermegini göz öňünde tutýar. Ýaşlaryň aldawa düşüp, ene-atalaryň müňläp dollardan mahrum bolýan halatlary hem seýrek däl. Halkda çagalaryny okatmak, bilimli etmek islegler güýçli" diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy aýdýar.

Türkmenistanda 21 sany ýokary okuw jaýy bar. Olar her ýyl 8 müň çemesi okuwçy kabul edýär. Ýurduň orta mekdeplerini tamamlaýanlaryň sany 100 müňe golaý. Şeýle ýagdaýda türkmen ýaşlary bilimli bolmak üçin ýurduň daşynda mümkinçilik gözlemeli bolýarlar.

Habarçylarymyzyň we çeşmelerimiziň sözlerine görä, Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin paranyň möçberi 80 müň amerikan dollaryna ýetip bilýär.

"Ýurduň içinde ýokary okuw jaýlary hem azlyk edýär, şol sebäpli iň pes bahaly okuw 400 müň manat paradan başlanýar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanly ýaşlar ýurduň daşynda bilim almakda ýyllarboýy kynçylyk çekýärler. Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurtdan çykmagy migrasion düzgünler bilen çäklendirilýär, milli banklaryň walýuta çalyşygyna, studentleriň bank kartlaryndaky puldan peýdalanmagyna girizýän gadagançylygy ýaşlaryň okuw döwründe pulsuz galmagyna sebäp bolýar.

Üstesine, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň aprel aýynda ykrar edilen daşary ýurt okuw jaýlarynyň çap eden resmi sanawy türkmen ýaşlarynyň bilimli bolmak üçin daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryny saýlamak hukugyny has-da çäklendirdi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň aprel aýynda çap eden sanawynda Hytaýyň, Hindistanyň, Türkiýäniň, Orsýetiň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gürjüstanyň we Ukrainanyň diňe käbir ýokary okuw jaýlarynyň atlary görkezilýär.​ Gysga wagtdan soň Türkmenistanda diplomy ykrar edilmejek 146 hünär ugrunyň sanawy köpçülige mälim bolupdy.

Daşary ýurt diplomlary baradaky täze düzgün 2019-njy ýylyň 16-njy martyndan soň okuwa giren studentlere degişlidir.

Munuň bilen bir wagtda-da, täze okuw ýylynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanlylaryň sany ozaky ýyllara garanda göz-görtele azalypdyr.

Täjigistanyň bilim resmileriniň mälim eden soňky sanlaryna görä, şu ýyl, hususan-da Duşenbäniň pedagogika uniwersitetinde Türkmenistandan diňe üç adam bilim almagyny dowam etdirer. Geçen ýyl bu ýokary okuw jaýynda ýüzlerçe türkmenistanly bilim alýardy.

Täjigistanyň ÝOJ-da türkmen studentleriniň sany çürt-kesik azaldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:54 0:00

Şeýle-de, 2019-njy ýylda Orsýetiň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen studentleriniň sanynyň bäş esse azalandygyny orsýet resmileri habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG