Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdeplerde ‘para’ möwsümi başlandy. Sowatsyzlaşmagyň ýene bir ýyly geçýär


Türkmenabatly okuwçylar. Arhiw suraty
Türkmenabatly okuwçylar. Arhiw suraty

2000-nji ýyllarda Farapdaky 1-nji we 2-nji mekdepler “iň gowy mekdeplerden" hasaplanýardy, sebäbi o mahal bu mekdeplerde rus, iňlis dilleri gowy öwredilerdi, häzir bolsa bu mekdeplere aýlanyp, ýekeje-de hakyky sowatly, sapaklaryny gowy özleşdiren okuwçy tapmak mümkin däl diýip, habarçy aýtdy.

Çagalaryny ýokary okuw jaýlaryna ýerleşdirmäge mümkinçiligi bolan ene-atalar mekdebi tamamlaýan ogul-gyzlarynyň gutardyş şahadatnamalaryny dörtlük-bäşlik bahalardan bezemek üçin her ýylda gaýtalanýan “para” möwsümine başlady diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy habar berýär.

Geçen ýyl habarçylar orta mekdeplerde gutardyş synaglary başlanda soraglaryň 2 manatdan, jogaplaryň 10 manatdan satylandygyny; türkmen dili we edebiýaty dersi boýunça ýazdyrylýan düzmelerde ýa-da diktantlarda mugallymlaryň okuwçylaryň ýalňyşlaryny düzedip, täzeden ýazdyrýandygyny habar beripdiler.

Farapda okuwçylaryň gutardyş şahadatnamalaryna düşjek bahalar esasan olaryň ene-atalarynyň mugallymlara ýa mekdep ýolbaşçylaryna berjek para-peşgeşlerine ýa-da sowgatlaryna bagly diýip, bu ýagdaýy her ýyl ýakyndan synlaýan habarçy aýtdy.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli synçylaryň birnäçesi, hem paýtagt Aşgabatda, hem sebitlerde okuwyň hiliniň gitdigiçe peselýändigini, bu okuw ýylynyň hem onlarça ýyl bäri dowam edýän sowatsyzlaşmagyň dowamy bolandygyny tassyk etdi.

“Gurply ene-atalar häzir çagalarynyň mekdep žurnallaryndaky ikilik, üçlük bahalarynyň gutardyş şahadatnamalaryna düşmezliginiň aladasyny edýär, munuň üçin mugallymlaryň göwnüni tapmaly” diýip, habarçy ýerli ýaşaýjylar bilen gürleşip, ‘para möwsüminiň’ resmi däl ýagdaýda bireýýäm açylandygyny aýtdy.

Türkmenistanda sowet ýyllaryndan gelýän ynanja görä, mekdebi gutarýan oglan-gyzlaryň gutardyş şahadatnamalaryndaky bahalary gowy bolsa, bu olaryň ýokary okuw jaýlaryna girmek, ýokary bilimli ýa-da diplomly adam bolmak mümkinçiligini ýokarlandyrýar.

Şol bir wagtda, synçylaryň köpüsiniň pikrine görä, ene-atalaryň aglaba köplügi çagalarynyň resmi bahalarynyň däl-de, bilim-düşünjesiniň ýokary bolmagy, ýurduň içindäki ýa daşary ýurtlardaky okuw jaýlaryna giren halatlarynda öz bilimi, başarnygy bilen okap bilmekleri, hakyky bilim alyp, ýokary hünärli hünärmen bolmaklary barada kän pikir etmeýär.

2000-nji ýyllarda Farapdaky 1-nji we 2-nji mekdepler “iň gowy” diýilýän mekdeplerden hasaplanýardy, sebäbi o mahal bu mekdeplerde rus, iňlis dilleri gowy öwredilerdi, häzir bolsa bu mekdeplere aýlanyp, ýekeje-de hakyky sowatly, sapaklaryny gowy özleşdiren okuwçy tapmak mümkin däl diýip, habarçy mekdeplerdäki bilim derejesiniň örän pese düşendigini belledi.

Habarçynyň we radio bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň biri-birinden habarsyz ýagdaýda tassyklamagyna görä, soňky ýyllarda etraplardaky rus mekdepleriniň doly ýapylmagy bilen, mekdebi tas sowatsyz, öz dilinde hem dogry sözlem düzüp bilmeýän ýagdaýda tamamlaýan, para bilen okamasa, hiç bir ýokary okuw jaýynda okap bilmejek ýaşlaryň sany has köpeldi.

Öz çagalaryny ýaşlykdan gowy okatmaga çalyşýan ene-atalar-da, öz işine berlen mugallymlar-da bar, ýöne olar azlyk diýip, radio bilen söhbetdeş bolan bilim işgäri bu meselede suratyň ‘ak-gara däldigini, köp reňklidigini’ belledi.

Mekdep mugallymlarynyň käbiriniň aýtmagyna görä, okuwçylara daşary ýurt dillerini “çuň öwretmezlik” barada ýokardan, dilden berlen tabşyryk “pedagoglaryň öz işlerine jogapkärçilikli çemeleşmeklerini peseltdi”.

Özüni Näzli diýip tanadan dilçi mugallymyň sözlerine görä, okuw programmasynda rus, iňlis dilleriniň ähmiýetiniň ýuwaş-ýuwaşdan pes gaçyrylyşyndan çen tutulsa, döwlet çagalaryň daşary ýurt dillerini bilmegini däl, bilmezligini isleýär.

“Meniň pikirimçe, eger ellerinden gelse, bu gidişine türkmen dilinden başga dili öwretmezlik planlary bar” diýip, ýerli pedagog Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Onuň bu pikirini Ýewropada ýaşaýan tejribeli magaryfçy, türkmen dilçisi hem tassyklady:

“Sebäbi daşary ýurt dillerini gowy öwrenen zehinli ýaşlar, ýurtda gowulyga tarap özgertmeler bolmasa, Türkmenistanda durmaz, olary saklap bilmezler. Ýöne hökümet, syýasy-ykdysady özgertmelere derek, ýeke-täk çykalgany ýaşlara dil öwretmezlikde, bilim bermezlikde görýäne meňzeýär” diýip, Aşgabatda mekdebi we uniwersiteti tamamlan, birnäçe mekdepde işlän öňki mugallym zehinli, öz üstünde işleýän çagalaryň bu ýagdaýdan diňe özbaşdak okamak bilen çykyp biljekdiklerini hem sözüne goşdy.

Lebaply mugallym Näzliniň pikiriçe, çagalara diňe ene dilini öwretmek bilen çäklenmek “gaty ýalňyş”.

“Ene dili hemişe özüňde bolýar, daşary ýurt dillerini gowy öwretmek talabyny ýola goýmaly; beýleki GDA döwletleriniň ählisinde dil öwretmegiň täze, döwrebap tehnologiýalary ulanylýar, klaslarda audio kitaplar boýunça sapak geçilýär, synaglar üýtgedildi, emma biz şol öňki köne usullarda sapak geçýäris, bu şertde okuwça ne daşary ýurt dillerini, ne beýleki sapaklary gowy öwredip bolar” diýip, Näzli mugallym Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Şu aralykda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen 161 müň 739 kompýuteri satyn almak üçin şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi.

Emma synçylar hökümetiň ýaşlaryň döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmek barada beren wadalarynyň garaşylan netijäni bermändigini, sebäbi bilimdäki korrupsiýanyň öňküsinden has güýçlenip, ýokary okuw jaýlaryndan orta mekdeplere, çagalar baglaryna hem geçendigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG