Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obalarda çagalara bilim berilişi pes bolmagynda galýar we çaga zähmeti bikanun ulanylýar


Ynsan hukuklaryna gözegçilik edýän guramalar türkmen häkimiýetlerini hususan, oba hojalygynda çaga zähmetini ulanmakda we çagalary okamak mümkinçiliginden mahrum etmekde tankytlaýarlar.

Türkmenistanyň kanunçylygynda mejbury zähmet we çaga zähmetini ulanmak gadagan edilýär. Ýöne, ýurtda ynsan hukuklaryna gözegçilik edýän halkara we türkmen guramalary türkmen häkimiýetlerini hususan, oba hojalygynda çaga zähmetini ulanmakda we çagalary okamak mümkinçiliginden mahrum etmekde tankytlaýarlar. Bular barasynda Azatlyk Radiosy hem maglumatlar beripdi.

Adynyň tutulmagyny islemedik türkmenistanly zenanyň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, ýurduň ilatynyň ýarysyndan gowragy ýaşaýan oba ýerlerinde çagalar kadaly bilim almakdan mahrum edilýär.

“Geçen 30 ýylda Türkmenistanyň oba mekdeplerinde çagalara bilim berilişi ep-esli peseldi. Çünki, çagalar diňe maşgalasynda hojalyk işleri üçin ulanylmaýarlar. Olar mekdepde bir-iki sagat okap ýa-da okuwdan soňra kärende ýeri bolan mugallymlarynyň hususan, pagta meýdanlarynda otag otamak, ýekelemek, pagta ýygmak üçin işlemäge mejbur edilýändigi az bolmaýar” diýip, ol käbir welaýatlarda çagalaryň tomusky dynç alyş lagerlerinde ýeralma toplamak üçinem ulanylýandygyny sözüne goşýar.

“Mysal üçin, Lebap welaýatynda çagalaryň tomusky lagerde dynç alýan wagtynda ýeralma toplamaga alynyp gidilendigini obaly garyndaşymyz gürrüň berdi. Hatda, ene-atalar çagalarynyň lagerde dynç almagy üçin mekdebiň ýolbaşçylaryna 250-300 manat töleg edendigine garamazdan, olaryň käte aç-suwsuz işlemäge mejbur edilendigi hem aýdylýar. Ene-atalar çagalaryna mugallymlarynyň pes baha goýmagyndan we azar bermeginden çekinip, hiç ýere şikaýat etmeýärler” diýip adynyň tutulmagyny islemedik türkmenistanly zenan Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Türkmen raýaty Aýna bolsa, soňky döwürde bu meselä gözegçiligiň güýçlenendigine garamazdan,entegem çaga zähmetiniň bikanun ulanylýandygyny Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

“Ene-atalar çagalaryny mejbury ýagdaýda işlemäge iberýärler. Sebäbi, pagta ýygymynda çagalara pul tölenýär. Şonuň üçin-de, “eli ýuka” maşgalalar çagalarynyň 5-10 manat gazanmagy üçin işlemäge ýollaýarlar...” diýip, Aýna belleýär.

Ýöne, türkmen mediasy oba ýerlerindäki ekin meýdanlarda çaga zähmetiniň ulanylýandygy barada hiç-hili maglumat bermeýär.

Adynyň tutulmagyny islemedik başga bir türkmen raýaty bolsa, ýaşaýan sebitinde pandemiýa çenli käbir çagalaryň ene-atasyna maddy kömek etmek maksady bilen köçelerde, bazarlarda ownuk-uşak zatlary satandygyny nygtaýar.

“Meselem, Covid-19 pandemiýa çenli käbir çagalar aýakgap gutynyň gapagyna dezodrant, sakyz, maşynyň içine ýakymly ys berýän kagyzdan edilen zatlary goýup, ulagyna ýangyç guýdurmak üçin nobata duran sürüjilere satmaga çalyşýardylar. Käbir sürüjiler o zatlaryň özüne gerekdigi üçin alsa, köpüsi çagalara ýüregi awap, o zatlar gerek bolmasa-da satyn alýardylar. Käbir çagalar bolsa, bazarda söwda edýänlere üzärlik ýakyp berip, 5-10 manat gazanç ederdiler” diýip ol aýdýar.

Ýakynda hökümete degişli bolmadyk “Turkmen.news” we “Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy” Türkmenistanda 2020-nji ýylda pagta ýygymy döwründe mejbury zähmetiň ulanylyşy barada hasabat çap etdi.

Şol hasabatda geçen ýyl Türkmenistanda pagta hasyly ýygnalanda mejbury çaga zähmetinden hem ulanylandygy habar berilensoň, düýbi Britaniýadaky “Etiki söwda başlangyjy (ETI)” garaşsyz guramasy global moda markalaryny Türkmenistandan pagta satyn almagyny togtatmaga çagyrdy.

Emma, türkmen resmileri oba hojalygynda çaga zähmetiniň bikanun ulanylýandygy bilen ilteşikli maglumatlary inkär edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG