Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oba adamlary ýene goragsyz galdy: çekirtgeler hüjüm edýär, hökümet dymýar


Pakistan, 29-njy maý, 2020.

Irki käşir, katoşka ekinleri, miweli baglar uly zyýan çekdi, emma ýerli resmiler bu ýyl çekirtgeleriň azdygyny aýdyp, netijeli çäre görmeýärler, mesele degişli edaralarda iň ýönekeý zyýansyzlaşdyryş serişdeleriniň hem bolmazlygynda diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran hünärmen aýtdy.

Türkmenistanly kärendeçiler ýene bir ýyl çekirtge hüjümleriniň öňünde goragsyz galdy, döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleri başda adaty bolmadyk sowuk howadan, soňra dowamly suw ýetmezçiliginden we gurak gelen ýyldan uly zyýan gören oba adamlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan agyr tebigy kynçylyklary, ýurduň azyk üpjünçiligine abanýan uly howp barada hiç bir maglumat bermeýär.

Gurakçylyk zerarly meýdanda gögeren haşal otlar az bolansoň, maý aýynyň başynda birden köpelip başlan çekirtgeler ekin meýdanlaryna indi bir aý bäri hüjüm edýär diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Lebaba gelen çekirtge sürüleri eýýäm müňlerçe gektar ekine zyýan ýetirdi, emma adamlar zerur bolan himiki serişdeler bilen düýpden üpjün edilmeýär.

TDH geçen ýylyň 5-nji iýunynda prezidentiň ekinleri zyýankeşlerden goramak üçin himiki serişdeleri satyn almak barada ýörite karara gol çekendigini habar berdi, ýöne bu serişdeleriň ýerlerde netijeli ulanylyşy ýa ekinlere ýeten zyýan hakynda hiç bir maglumat bermedi.

Kerki etrabynyň Möwlamguýy, Gülüstan, Hatap, Başsaka daýhan birleşikleriniň ekin we öri meýdanlarynda müňlerçe gektar ýeri çekirtge basdy, Soltanoýuk, Söýünguýy obalarynyň ekin meýdanlarynda çekirtge günsaýyn köpelýär, diňe Kerki we Köýtendag, Amyderýa ekerançylyk meýdanlarynda 26 müň gektar bugdaý, gowaça, bakja we miweli bag çekirtgeden uly zyýan çekdi diýip, habarçy ýerli agranomlara salgylanyp aýtdy.

Ýerli hünärmenler serhetden geçip, çekirtgeleriň Eýran, Owganystan taraplaryndan gelýändigini, diýmek, ýurduň beýleki sebitleriniň kärendeçileriniň hem uly zyýan çekjegini belleýärler.

Irki käşir, katoşka ekinleri, miweli baglar uly zyýan çekdi, emma ýerli resmiler bu ýyl çekirtgeleriň azdygyny aýdyp, netijeli çäre görmeýärler, mesele degişli edaralarda iň ýönekeý zyýansyzlaşdyryş serişdeleriniň hem bolmazlygynda diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran hünärmen aýtdy.

Şu aralykda özbek häkimiýetleri Kaşkaderýa sebitinde goňşy ýurtdan gelýän marokka çekirtgelerine garşy himiki operasiaýa başlady. Özbek mediasy bu habary Türkmenistanyň adyny agzaman berýär. Ýöne Kaşkederýa oblasty Türkmenistan bilen serhetleşensoň, bu ýerde haýsy ýurduň nazarda tutulýandygyny bilmek kyn däl.

1-nji iýunda özbek telekanallarynda goňşy ýurtdan baran çekirtge sürülerine garşy başlanan göreş barada berlen habarlary lebaplylar hem eşitdiler. Özbek häkimiýetleri bu ýyl ýurtda 140 müň gektar meýdanda çekirtgelere garşy himiki çäre görmegi planlaşdyrýar, ilatly ýerleriň 88,5 müň gektarynda eýýäm planlaşdyrylan himiki işler geçirildi; 10-njy iýunda bolsa, çekirtge sürüleriniň beýleki sebitlere ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen çäreler geçiriler.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak bölüminiň etrapdaky biohimiýa barlaghanasynyň işçisi, özüni Durdy Çaryýew diýip tanadan hünärmeniň habarçy bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, häzir Kerki etrabynda pestisidleriň ýeke garamy hem ýok; baglaryň arasynda mal tezegini, zir-zibil, rezin, teker ýaly zatlary ýakyp, raýatlara çekirtgeden tüsse bilen goranmagy öwredýärler, mundan netije ýok. Hatap obasynyň agranomynyň pikiriçe, döwlet derejesinde, uçardan derman sepip göreşilmese, bu ýylky çekirtgeleriň zyýany has uly bolar.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, resmi saýtynda aýdylmagyna görä, oba hojalygyny ösdürmekde, daşky gurşawy goramakda halkara tejribesini, öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenýär we giňden ýaýradýar. Emma ministrlik dowamly azyk ýetmezçiligini çekýän ýurtdaky çekirtge meselsinden, näme üçindir, gaça durýana meňzeýär.

Geçen ýyl çykan metbugat habarlarynda täzeden möwjän çekirtge hüjümleriniň soňky iki onýyllygyň içinde iň erbet howp bolandygy aýdyldy.

Hünärmenleriň tassyklamagyna görä, 2018-nji ýylda Gündogar Afrikany aýlanyp, soňra Ýemene, Omana, Saud Arabystanyna, Birleşen Arap Emirliklerine, Kuweýte we Yraga baryp ýeten çekirtgeler gündogara, Eýrana, Pakistana, Owganystana we Hindistana hem aralaşyp, 2020-nji ýylda, köpelmek üçin amatly howa şertleri sebäpli, ýüzüni Türkmenistana, Özbegistana, Gazagystana we Täjigistana öwürdi.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistan sebitiň çekirtge meselesi we oňa garşy göreş boýunça açyk bir zat aýtmaýar.

Şol bir wagtda, bu habar çap edilenden soň, 2-nji iýun agşamy efire berlen "Wtan" programamsynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýene bir gezek döwletiň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli zerur şertleri döredýändigi, daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, himiki serişdeler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary we suwaryş suwy bilen doly üpjün edilýändigi barada on ýyl gowrak wagt bäri aýgdan sözlerini gaýtalady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG